13:04
Hakyky söýginiñ maksady näme?
HAKYKY SÖÝGINIŇ MAKSADY NÄME? HIÇ ZAT ISLEMEZDEN BÄHBITSIZ SÖÝÜP BILÝÄRSIŇIZMI?

Juwan ýaşdakaň söýmegiň we ýöriteläp söýmegiň nämedigini bilýärsiňizmi? Meň pikrimçe heniz ýaşka bu meseläniň üstünde çuňňur oýlanyp ony düşündirmek hökmany şert: şol wagt belkäm söýgini duýup, onuň maksadyny, ysyny biljek derejede syzgyr bolup bileris. Şeýdibem ýaşymyz gartaşdygyça söýgini başbitin ýitirmän saklarys. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, geliň, bu meseläniň üstünde durup geçeliň.
Söýmek nämäni aňladýar? Ol ideal we elýetmez zatmy? Biziň her birimiz günüň aýry-aýry sagatlarynda söýgini duýup bilýärismi? Duýgudaşlyk, başgalara düşünmek, hiç bir bähbitsiz tebigylyk bilen birine kömek etmek, içginlik bilen mylaýym çemeleşmek, ösümlige ýa ite esewan etmek, dost-ýara, goňşy-golama eliaçyk bolmak – ine, söýgi diýlende, şu zatlar bolýar dälmi?
Söýgi öz içinde öýke-kinäni däl-de, tükeniksiz geçirimliligi saklaýan ahwal dälmi? Juwan ýaşlarda şeýle söýgini duýmak mümkin dälmi?
Heniz ýaşkak köpimiz şu duýgyny başdan geçirýär: kalbymyzda haýsydyr bir daýhana, ite, ejizlere we biçärelere bolan dostlukly duýgular şineleýär. Bu duýgynyň soňam dowam etmegi gerek dälmi näme? Islendik wagt günümiziň bir bölegini başgalara ýardam etmäge, bir agaja ýa-da baga esewan etmäge, maşgala agzalaryna seretmäge bölüp aýyrmalydyrys. Netijede kämillik ýaşyna gadam basanyňyzda bähbit we mejburylyk bolmazdan öz-özünden oňşukly bolmagyň nämäni aňladýandygyny öwrenersiňiz.
Munuň üçin hakyky söýgä eýe bolmak gerek dälmi?
Hakyky söýgi emeli ýagdaýda orta çykmaýar, ony özüňiz duýmaly, ene-ataňyzam, mugallymlaryňyzam ony duýmaly.
Köpimiz hakyky söýgini duýamzok, üstünliklerimizi, küýseglerimizi, bilimimizi bolşundan artyk gabardýarys. Özümizi edýän işlerimize aldyrýarys we ahyrynda bizi ýok etjek uly işleri edesimiz gelýär.
Ine, şunuň üçinem heniz ýaşka öz eken agajyňyza seretmek ýa-da nähoşlan dost-ýaryňyza ýardam etmek iňňän möhüm işdir.
Şeýlelikde içki dünýäňizde simpatiýa, gyzyklanma we jomartlyk duýgulary pyntyklap başlar.
Hakyky jomartlyk aň bilen baglanşykly ýönekeýje zat däl we ol sizde eliňizdäki näçe az bolsa-da ony başgalar bilen paýlaşma islegini döredýär. Eger heniz ýaşka şeýle söýgä, jomartlyga, göwnaçyklyga, inçe duýgulara eýe däl bolsaňyz, ýaşyňyz ötüşdigiçe bulara eýe bolmak kynlaşyp başlar, emma häzirden eýe bolmaga başlasaňyz, belkäm, şonda şol bir duýgulary başgalarda-da döredip bilersiňiz.
Simpatiýa we söýgä eýe bolmak gorky-ünjiden arassalaýar, şeýlemi? Ýöne siziňem görşüňiz ýaly, bu dünýäde gorky-ünjüsiz, şahsy ikirjiňlenmelere berilmezden hereket edip beýgelmek örän kyn. Goşalşan adamlar şu gorky meselesini hiç oýlamandyrlar ýa-da gündelik bar bolşy hasaba almazdan juda ýöntem seredipdirler. Siz has ýaş, hemme zady gözden sypdyraňzok, ölçerýäňiz, öwrenýärsiňiz, emma gorka nämäniň ýol açýandygyny sizem şol gojalar ýaly bolarsyňyz.
Gorky haşal ot ýaly ösüp-örňeýär we aňyňyzy gaplap alýar.
Hususanam içki dünýäňizde we daş-töweregiňizde bolup geçýän her bir zady aýyl-saýyl edip bilmelisiňiz: mugallymlaryň nähili gepleýändiginiň, ene-ataňyzyň özüni alyp barşynyň we oňa nähili jogap berşiňiziň.
Şeýdeniňizde gorky meselesini seljerip, doly düşünip bilersiňiz.
Kämillik ýaşyna ýetenleriň köpüsi belli bir derejede düzgün-nyzamyň gerekdigine ynanýar. Düzgün-nyzamyň nämedigini bilýärsiňizmi? Bu siziň edesiňiz gelmeýän zady etmäge mejbur edýän zatdyr. Düzgün-nyzamyň bar ýerinde gorky-da bolýar, şonuň üçinem düzgün-nyzam bilen söýginiň ýoly bir däl. Şol sebäpli näçe gymmada düşse-de düzgün-nyzamdan gaça durmalydyr. Düzgün-nyzam zorlukly we mejbury ýol bilen sizi hakykatda düşünmeýän zadyňyzy etmäge iterýär ýa-da baýrak berip sizi şol zady etmäge boýun edýär. Eger bir zada düşünmeýän bolsaňyz, şony etmäň we özüňizi etmek mejburyýetinde duýmaň. Şeýtmek bilen gorkudan halas bolarsyňyz we aňyňyz örän giň, şähdaçyk bolarsyňyz.
Eger giň dünýägaraýyşa ýetmänkä diňe kämillik ýaşyna ýetenleriň gysyşy bilen hereket edýän bolsaňyz öz zehiniňiziň üstüni gömýänsiňiz, bu bolsa gorkyny döreder we ömürboýy kölegäňiz ýaly yzyňyzdan galmaz. Ine, şonuň üçinem haýsydyr bir garaýşy ýa-da hadysany biçüwine görä düzgün-nyzama salman saklamak örän möhümdir. Emma köp adam beýle düşünmeýär.
Elujundan siziň peýdaňyza bir zatlar etdiren bolýarlar, ine, bulam siziň “peýdaňyz” üçin bir zatlar etme höwesiňizi, düşünme derejäňizi we aýratynam söýgiňizi ýok edýär. Mejburylyga ýa-da boýun egmä garşy çykmak kyn bolýar, çünki daş-töweregimizdäki dünýä juda güýçli – eger düşünmezden boýun sunup öz işlerimize gümra bolmak bilen oňsak, onda düşünjesizlige werziş ederis we has soňra bu werzişlikden gutulmak barha kynlaşar.
Şeýle bolsa mekdebiňizde agramlylyk, düzgün-nyzam bolmalymy? Ýa-da mugallymlaryňyz sizi bu meseleleriň üstünde jedelleşmäge, başdanaýak seljerip düşünmäge itermelimi? Şeýtseler sizem ulalanyňyzda durmuşa goşulşyp, ýaşaýşyň meselelerini oýlanşykly çözme mümkinçiligine eýe kämil adamlar bolarsyňyz.
Haýsydyr bir görnüşde gorky duýýan bolsaňyz çuň akyl-paýhasa eýe bolup bilmersiňiz. Gorky körleşdirýär, inisiatiwaňyzy duşaklaýar, “simpatiýa, jomartlyk, mähir-şepagat, söýgi” diýýän odumyzy söndürip taşlaýar.
Şonuň üçinem belli bir hadysa biçüwine görä düzgün-nyzamyň galybyna girmejek boluň, tersine gözüňizi açyň, ýagny seljermäge, barlamaga wagt aýryň, muny mugallymlaryňyzam şeýtmeli. Eger wagtyňyz ýok bolsa, wagt dörediň. Gorky çüýremegiň başlangyjydyr. Gorkudan halas bolmak ähli synaglardan we ähli diplomlardan gymmatlydyr.
Diňleýji: - Sap söýgi näme?
Krişnamurti: - Içki, düýp söýgi näme? Şuny soraýarsyňyzmy?
Dürtgülemesiz, bähbitsiz söýgi näme? Ünsli diňleseňiz öwrenersiňiz.
Biz soraga seretmäni bilýäris, jogabyny weli gözlämzok. Matematikadan mesele işläniňizde ýa-da sorag berlende köpiňiz soraga düşünmegiň deregne esasan jogabyny tapmak bilen meşgullanýarsyňyz. Eger sowaly seljerip, içki ýüzüni barlanyňyzda jogabynyň sowalyň özündedigine göz ýetirersiňiz. Geliň, onda sowalyň nämedigine düşünjek bolalyň we ne “Bhagawatdan”, ne “Gitadan”, ne “Kurandan”, ne “Injilden”, ne-de haýsydyr bir professordan ýa-da hatypdan jogap gözlejek bolup alada galmalyň. Eger sowala mynasyp görnüşde düşünsek jogap öz-özünden orta çykýar, çünki jogap sowaldan aýry zat däl, tersine sowalyň özünde.
Sorag şu: Dürtgüsiz söýgi bolup bilermi? Özümize hiç zat islemezden, bähbitsiz söýüp bilýärismi? Söýgimize jogap tapmasagam ynjamazdan ýene söýüp bilýärismi? Eger size dostluk teklip edýän bolsam, sizem ýüz dönderýän bolsaňyz, gaharym geler gerek? Bu gaharlanma duýgysy dostlukdan, jomartlykdan, simpatiýadan döreýärmikä? Men gaharlandygymça, gorky bar boldugyça, gelejekde maňa ýardam edilmegine garaşdygymça size kömek, başgaça aýdylanda, hyzmat etdigimçe söýgi barlyk gazanyp bilmez.
Eger muňa düşünen bolsaňyz jogabyny tapan bolsaňyz gerek.



Jiddu KRIŞNAMURTI,
hindistanly filosof.

Çeşme: “Täze ýaşaýyş”.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 102 | Добавил: Haweran | Теги: Jiddu Krişnamurti | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 12
0
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
galanlary boş gürriň

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
@eatayew, sonky iki jümläň onlykdan urdy

0
10 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Eger erkek zenan üçin hemme zada taýyn bolsa, ol ony söýýändir, eger-de zenan erkek üçin hemme zada taýyn bolsa, ol onuň ejesidir"

0
9 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Özüne bähbit gözlemeýän haýyr-sahawata ynanardan, men özümi juda gowy tanaýan."
Alber Kamýu

0
7 eatayew33   [Mowzuga geç]
"Любовь без страсти — это дружба,
Страсть без любви — почти вражда"

0
6 Revo   [Mowzuga geç]
Söýmek nämäni aňladýar? Ol ideal we elýetmez zatmy? Biziň her birimiz günüň aýry-aýry sagatlarynda söýgini duýup bilýärismi? Duýgudaşlyk, başgalara düşünmek, hiç bir bähbitsiz tebigylyk bilen birine kömek etmek, içginlik bilen mylaýym çemeleşmek, ösümlige ýa ite esewan etmek, dost-ýara, goňşy-golama eliaçyk bolmak – ine, söýgi diýlende, şu zatlar bolýar dälmi?

Söýgi düşünjesi - bu geçmişe ahmyrsyz seretmek we geljegi arzuw etmezlikdir. Söýgüni haýsydyr bir zada, ýada duýga baglamak bolmaz. Söýgi ondan beýikdir.

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Gurbannazaryñ, Kerim aganyñ poeziýasyny alyñ, Jelaleddin Rumyny, Ýunus Emräni, Garajaoglany, Magtymgulyny, Keminäni, Mollanepesi... haýsysyny alsañyz alyñ, dürdäne bentlerinde gozgalýan pikirler Krişnamurtiñ ýokarda öñe süren pikirlerinden aýry däl.

0
8 hoşowaz   [Mowzuga geç]
@Haweran, "Gaýtalamak - bilimiň atasy (enesi)" diýýä. Şunça käkeleselerem gowulyga-ha baranok. Tersine.

0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
Aslynda bu zatlar, Krişnamurtiniñ ýöredýän pikirleri-de biziñ üçinem, umumy dünýä üçinem täzelik däl. Türkmende şeýle sözler bardyr: "Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler..." ýa-da "Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniñ işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniñ işidir". Dinde-de şeýle pikire gabat geldim: "Kyýamat-magşar gününde Allatagalanyñ nazar salmajak üç topar adamy bar we bu üç toparyñ biri eden ýagşylygyny diline çolaýan, minnet eden adamlardyr". Şol bir ideýa dürli-dürli röwüşlerde, dürli formalarda gaýtalanyp durandygyna üns berýäñizmi?... Bu zatlaryñ barsy hantamaçylyksyz söýgi, tamakinçiliksiz ýagşylyk. Ýoluñ ortasynda ýatan daşy galdyryp bir gyra zyñsañyz senden soñ ýoldan geçjek we saña nätanyş birine mähir-söýgi besledigimiz bolmaýarmy?...
Ýa-da doganlyk halklaryñ bir aýtgysynda aýdylşy ýaly, "Meni çakmaýan ýylan 1000 ýaşasyn", ýa bolmasa özümizde bar bolan "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym..." diýen söze amal etmek diñe özüñi bilmegiñ, hemme zadyñ diñe kemçiligini görüp-ýagşysyny görmezlige salmak özgelere ýigrenç besleýän negatiw pikirli ýaramaz adamdygymyzy görkezmeýärmi? Iñ ýamanam bu garaýşyñ esasynda döreden "batgalygymyzdan" özgeler bilen deñ derejede biziñem, biziñ bala-çagalarymyzyñam çetde galmajagyna düşünmek ü.n hökman Amerikany açmak gerekmi?

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
makalany doly okamadym.

bizde söýgi diýilse garşy jynslaryň arasyndaky duýgy gözöňüne gelýä. Jidduwyň aýdýany o däle meňzeýä. olarda hemme pozitiwniý duýgulara söýgi diýiläýýä öýdýän.

dogrudanam şol duýgulaň hemmesiniň ady söýgümikä? mysal üçin Ýusup pygambere (a.s) garşy Züleýhaň duýgusy bilen Ýakup pygamberiň (a.s) duýgusynyň ikisiniňem ady söýgümi?

ýa, Jidduwyň aýdyşy ýaly, "kalbymyzda haýsydyr bir daýhana, ite, ejizlere we biçärelere bolan dostlukly duýgular" hem söýgümikä?

meň pikirimçä olaň hersi aýry duýgular. hem (belki şoňa görä-de) käsi garşylykly bolýa, käsi garşylyksyz.

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Juwan ýaşdakaň söýmegiň we ýöriteläp söýmegiň nämedigini bilýärsiňizmi? Meň pikrimçe heniz ýaşka bu meseläniň üstünde çuňňur oýlanyp ony düşündirmek hökmany şert: şol wagt belkäm söýgini duýup, onuň maksadyny, ysyny biljek derejede syzgyr bolup bileris. Şeýdibem ýaşymyz gartaşdygyça söýgini başbitin ýitirmän saklarys. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, geliň, bu meseläniň üstünde durup geçeliň.

Söýgini, ýaş kategoriýalarynyň içinden, juwanlyga gatýanlary halamok. Biziň iň uly betbagtlygymyz, öz pikirlerimizi özgeleriň beýnisi guýmagymyz we şonuň bilen özgeleriň beýnilerini zäherlemegimizdir.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Söýgi öz içinde öýke-kinäni däl-de, tükeniksiz geçirimliligi saklaýan ahwal dälmi?"

Ähli sowallara bu ýerde jogaplar bar..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]