18:11
Mandelanyñ sesi
MANDELANYÑ SESI

Günorta Afrikanyñ azatlyk ugrunda hereketiñ ýolbaşçysy, ömürlik tussag edilen Nelson R.Mandela 1962-nji ýylyñ 5-nji awgustyndan bäri türmede saklanýar. Goý, dünýäniñ päk ýürekli adamlarynyñ her biri Afrikanyñ bu başy gowgaly oglunyñ azatlyga çykmagyna öz sesini goşsun.



Dönükleriñ kalby buzlardan sowuk,
Türme demikdirýär, basýar egnimden.
Gulçulyk igletdi, süññümden ötdi,
Mergi bolup erkim aldy elimden.

Men, Mandela, aýdýaryn bu aýdymym,
Tüm içinden azatlygyñ şanyna.
Ejir çekip, ezýet görüp garaşýan
Syrtmagyñ boýnumy kertjek gününe.

Ölüm pursatyndan gorkamok asla,
Diñe şol pursata garaşmak agyr.
Ýöne şat men.
Kalba arzuwlar besläp,
Garaşýan.
Azatlyk gün bolup dogar.

Meniñ halkym gurar azatlyk ýolun,
Arzuw bilen, ynam bilen ýaşaýan.
Hem during men buzlugynda dönükleñ,
Sowuk, sowuk!
Üşeýän men, üşeýän.

Rusçadan terjime eden: Mämmet HALYMOW.

Magombe Paulina WINSENT,
(Uganda).

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.05.1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Haweran | Теги: Magombe Paulina Winsent | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 8
0
8 hanturebs   [Mowzuga geç]
Mandela effekti fenomeni ýada düşüp gitdi..

0
7 mango   [Mowzuga geç]
2) OKYÝJYLAR: –Agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Okamaga we teswir ýazmaga hukuklary bar we goşmaça öz ýazan teswirlerini pozmaga we üýtgetmäne hukuklary bar. (OKYÝJYLAR mowzuk açyp bilenoklar).

1
6 mango   [Mowzuga geç]
2) OKYÝJYLAR: –Agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Okamaga we teswir ýazmaga hukuklary bar we goşmaça [color=red]öz ýazan teswirlerini pozmaga we üýtgetmäne hukuklary bar. (OKYÝJYLAR mowzuk açyp bilenoklar).[/color]

şojagaz gyzarýan sözlemem düzedäý.
ýogsam hakymy soraýmaýyn
(soramda-da beresiň ýok :-) ).
düzgüniňe görä men okujy öz ýazan teswirimi üýtgedip bilmeli.... emma, hemme zat ýazylan düzgüne görä däl (edil durmuşdaky ýaly).

1
5 Ependi   [Mowzuga geç]
Şu wagtlaram gow-a däl şolaň ýurdy. Habar beriş serişdelerine seredýäň welin, ählisi şolaň ýurdunyň başagaýlygyny görkezýär. Magazinler, bazarlar, ofisler talanýar diňe. Umuman besporýadka. Ýogsa, afrikaň iň ösen döwleti şoldy.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
awtorlykdan okuja geçirmegiňiz näme?

2
1 mango   [Mowzuga geç]
Mandelo biraz garaşar.
gowusy Mangoň sesini diňle.
Allah üçin diýilýär: "berenem özi, alanam", "mülk eýesi mülkinde edenini eder".
näme etdigiň boldy?
awtorlygy soraman berdim, soramanam alýan - diýýäňmi?
özüňe ulyrak baha biçýän bolaýma, dost....
umuman, gepiň gysgasy.... halallyk diýen zadam bardyr.
halallaşylýandyr iň soňunda.
soňymyz ýakynlan bolsa... men-ä hakymy halal edemok.

-2
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Awtorsyz eser goýmaly däldigi barada öñem birnäçe gezek duýdurylandygy sebäpli, duýduryşsyz öçürmegi we okyjylara düşürmegi makul hasapladym. Umumy düzgünlere eýerip eser paýlaşylanda, özümizi mülk eýesi ýa myhman ýaly duýmagyñ hajaty galmaýar. Algy-bergimiz ýok, ha halallaşyñ, ha halallaşmañ, janyñyz sag bolsun.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
gazagyň goşgusam awtorsyzdymy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]