15:53
Eger siz "meni söýseñiz, menem sizi söýerin" diýýän bolsañyz, munuñ ady algy-bergidir
EGER SIZ “MENI SÖÝSEŇIZ MENEM SIZI SÖÝERIN” DIÝÝÄN BOLSAŇYZ, MUNUŇ ADY ALGY-BERGIDIR

Söýmegiň nämäni aňladýandygyny bilýärsiňizmi? Islendik bir agajy, guşy ýa-da öýde esewan edip ýören eldeki haýwanyňyzy söýüp bilýärsiňizmi? Ol size jogap bermese-de, gara bermese-de, ýanyňyza gelmese-de, size hiç hili ýakynlyk duýmasa-da söýüp bilýärsiňizmi? Köpimiz bular ýaly söýgä bolýan däldiris. Köpimiz şeýle ýagdaýda söýüp bilemzok, sebäbi biziň üçin söýgi hemişe gaýgy-gama, dert-alada, gabanjaňlyga, gorky-ünjä ýugrulan. Diňe söýmek bilen çäklenip, söýgimizi şodurşuna goýasymyz gelenok. Söýýäris söýmesine, yzyndanam söýgimize jogap hantama bolýarys. Şu hantamaçylygymyz bilenem başga birine garaşly bolup galandygymyzy duýman galýarys.
Ine, şonuň üçinem diňe söýüň we diňe söýmek bilen çäkleniň. Söýgi haýsydyr bir garşylyk däldir. Eger siz “meni söýseňiz menem sizi söýerin” diýýän bolsaňyz, muňa söwda diýilýär. Algy-bergi diýilýär. Şeýle bolanda söýgi diýýän närsäňiz bazarda satyp ýa-da satyn alyp bolýan zada öwrüler, bu bolsa eýýäm söýgi däl. Söýýän wagtyňyz nämedir bir zadyňyzy berýändirin öýtmäň. Diňe şular ýaly söýgi erkinlik bilen badaşyp biler. Emma özüňizem bilşiňiz ýaly, size matematikany öwretdiler, himiýany öwretdiler, geografiýadan, taryhdan okatdylar. Hemmesi şulardan ybarat.
Çünki ene-ataňyzam hemme zatdan ötri siziň okap, adam bolup, gowy ýerde işlemegiňizi isleýär. Eger ene-ataňyz barjamly adamlar bolsa, onda sizi daşary ýurtlarda okadýar. Dünýädäki başga adamlar ýaly olaryňam bar arzuwy siziň özüni oňarýan gurply adamlar bolup jemgyýetde mynasyp ornuňyzy eýeländiňizi görmekdir, a siz bolsa has ýokary dyrmaşdygyňyzça başga adamlaryň hasam betbagt, hasam dert-aladaly bolmagyna sebäp bolýarsyňyz. Çünki üstünlik gazanmak üçin hökman bäsleşmeli bolýarsyňyz, rehimsiz bolmaly ýeriňizem bolar. Munuň üçin ene-atalar çagalaryny üstünlik gazanmaga ymtyldyrýan, emma söýgiden nam-nyşan ýok mekdeplere ugradýandyrlar, hut şonuň üçinem biz çekeleşip-ýolmalaşyp halys porsusy çykan jemgyýetde ýaşaýarys. Syýasatçylar, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralar, ýer eýeleri parahatçylygy hernäçe dillerinden düşürmeselerem, olaryň aýdýan sözlerinde zerre many ýok.
Şindi hemmämiz bilelikde erkinlik meselesine düşünmäge synanşalyň: söýmegiň nämäni aňladýandygyny özümizden tapmaly. Eger söýginiň nämedigini bilmesek, hiç wagtam özgäniň aladasyny edip, özgäni ynjytmazlyga jan edýän ynsanlar bolup bilmeris. Eger aýakýalaňaç gezýän adamlaryň geçýän ýolunda ýatan kiçijik daşa gözüňiz düşse, ony hökman aýryp zyňyň. Muny siziň şeýtmegiňizi isleýändikleri üçin däl-de, heniz size nätanyş, bir gezegem görmedik adamlaryňyza garşy duýgyñyzyň bardygy üçin şeýdiň.
Agaç nahalyny ekip-ulaltmak, durnagöz çeşmäniň şildirdäp akyşyny synlamak, dünýä gözelliklerinden ganmak, guşlaruň uçuşyny synlamak, ýaşaýyş diýilýän bu adatdan daşary hadysalar halkasyna ýakyn durmak üçin bularyň barsy erkin bolmaly. Erkinlik üçin adamyň kalbynda söýgi bolmaly, söýgi bolmasa erkinlik hiç hili gymmaty bolmadyk boş sözden ybaratdyr. Şonuň üçinem duýguçyl ruhy ýakynlygyň nämedigine mazaly düşünip, bular ýaly ýakynlykdan daşlaşyp bilmeýänler söýginiň nämedigini bilmeýär, söýginiň nämedigini bilmeýänlerem erkinligiň nämedigini bilmeýär. Diňe erkin adam täze medeniýeti, özgeren dünýäni gurup bilýär.

Jiddu KRIŞNAMURTI,
hindistanly filosof.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 98 | Добавил: Haweran | Теги: Jiddu Krişnamurti | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 16
0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Durmuş bu yaryş. Edil sport yaryşlary yalyda. Yaryşda bolsa hökman yeňijiler bolyar, yeňenler sylaglanyar, yenilenler bolsa boş galyar. Diniň nukdaynazarynda bolsa, yeňenler sylaglanyar, yenilenlerem ebedi jeza berilyar. Men beyle synaga gatnaşasym gelenok

0
16 Haweran   [Mowzuga geç]
Aslynda bu zatlar, Krişnamurtiniñ ýöredýän pikirleri-de biziñ üçinem, umumy dünýä üçinem täzelik däl. Türkmende şeýle sözler bardyr: "Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler..." ýa-da "Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniñ işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniñ işidir". Dinde-de şeýle pikire gabat geldim: "Kyýamat-magşar gününde Allatagalanyñ nazar salmajak üç topar adamy bar we bu üç toparyñ biri eden ýagşylygyny diline çolaýan, minnet eden adamlardyr". Şol bir ideýa dürli-dürli röwüşlerde, dürli formalarda gaýtalanyp durandygyna üns berýäñizmi?... Bu zatlaryñ barsy hantamaçylyksyz söýgi, tamakinçiliksiz ýagşylyk. Ýoluñ ortasynda ýatan daşy galdyryp bir gyra zyñsañyz senden soñ ýoldan geçjek we saña nätanyş birine mähir-söýgi besledigimiz bolmaýarmy?...
Ýa-da doganlyk halklaryñ bir aýtgysynda aýdylşy ýaly, "Meni çakmaýan ýylan 1000 ýaşasyn", ýa bolmasa özümizde bar bolan "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym..." diýen söze amal etmek diñe özüñi bilmegiñ, hemme zadyñ diñe kemçiligini görüp-ýagşysyny görmezlige salmak özgelere ýigrenç besleýän negatiw pikirli ýaramaz adamdygymyzy görkezmeýärmi? Iñ ýamanam bu garaýşyñ esasynda döreden "batgalygymyzdan" özgeler bilen deñ derejede biziñem, biziñ bala-çagalarymyzyñam çetde galmajagyna düşünmek ü.n hökman Amerikany açmak gerekmi?
Gurbannazaryñ, Kerim aganyñ poeziýasyny alyñ, Jelaleddin Rumyny, Ýunus Emräni, Garajaoglany, Magtymgulyny, Keminäni, Mollanepesi... haýsysyny alsañyz alyñ, dürdäne bentlerinde gozgalýan pikirler Krişnamurtiñ ýokarda öñe süren pikirlerinden aýry däl.

1
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Awtoryň belleyşi yaly, cekeleşilip-yolmalaşyp halys porsysy çykan durmuşynda ýaşaýarys. Bunda hemmeleriň deň yaşamasy mümkinsiz. Biz gowy ýaşamagmyz ücin hökman beylekileri ezmäne mejbur bolarys

2
13 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Yüzi tezege meňzäpduran bir bedibagyt bedroyuň birne aşyk bolmasy asla mümkindaldir. Cunki adam özüne begenmedigice özganem soyup bilmez. Bu yerde şanslylarynky şowuna, beyledallerinkem tersine. Hawa, kabir adamlara zalym haramzada diyarler, yöne olar başga name etsin, olaryň yasawy şeyle. Yasawy şeyle bolanyň yada akyl ukyby bolmadyk, şansy bolmadyk adamyň synagnyň manysam yok. Şu yerde şeyle adamyň günasem yok. Umuman günali adamlar yok, dine etmişli adamlar bar.

1
12 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Durmuşda gözel yaşamana, köp zada akyl yetirmane hemmeleriň şansy deň däl. Kimler güzeranyny aylamak ücin eşek yaly işlemäne mejbur bolyar. Beyle adamlarda bolsa yokary aň bolmayar, yokary aňy bolmadyk bolsa kop yalnyşagan bolyar. Soygi meselesem şunyň yaly. Aslynda özgani söymek, ozuni soymekdir.

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ýüzmetir aralygy ylgaýan türgenleri gözegine getiriň, fiziceski guycli bolanlar bu aralygy ilkinji we ikinji, ucinji bolup gecer. Adamyň ömür yoly hem şunyň mysalydyr. Bu yerde tebigy ukyplylar yener, ukypsyzlar bolsa yeniler. Tebigy ukyby bolmadyklar bolsa, nace islesede başarmaz. Eger adam synag bilen synalyan bolsa, onda hemmelere den ukyp berilmesi gerek. Ya hä tebigatda bir yalnyşlyk bar, ya-da adam aňynda bir yalnyşlyk bar

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
@Orhideya, aytmak islänim durmuşyn manysyzlygynda, yowuz adalatsyzlygynda. Hawa, adam aňyň güýji bilen durmuşyny gözelleşdiribdm, manylaşdyrybam biler. Yöne sen bu yoly nähili geçeňde näme? Netije name? Netije meniň ölümim.

0
9 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Umuman, hemmämiziñ durmuşymyzy ýasaýan ykbalyñ biziñ kellämizden äleme gõterilýàn kiçijik pikirlerden durýandygyny unudýas...
Uly ýürekli Şahyrlar, Adamlar, Şahsyýetler.. bizi hemişe õzümizden geçip başgalar üçin kiçijik bir ýardama çagyrýarlar.. A biz..
" bolýa, şeýtsem maña näme berilýä.. Men söýdüm, ol bilmedi... ýagşylyk etdim- ol görmedi.." ..
Ýa-da.. "Durmuşyň özi oýun, bizem name barlygmyzy dowam etmek üçin bu oyna islemesegem gatnaşmaly, bu planetany terk edinçäñ öz-özuñi aldawermeli".
Õzüñ-ä ASLA aldamaly däl!

0
8 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Her babatda bolşy ýaly, bu pikirlerde-de, õz şahsy garaýyşlaryñ bolup biler... @Sergezzan.
Göräymäge, getirýän delilleriñ gaty dogry! (düşunjeleriñe goşulýanym üciñ hem bu ýazan teswürleriñe garşylyklaýyn pikir aýtjagym ücin dogry düşunersiñ diýp tama edýän). häzirki dõwürde, umuman, adamzat ähliniñ ykbalynda şeýle pikirler-dä azaşdyrýan bizi..
"Içiňden gelmedik zady islemek, islemedik islegni islemek yaly bir zat".
A bu awtor bizi bizdäki ýok häsiýete çagyrýa.. ony edip gõrmeli.. jogabyna hantama bolman.. mysal üçin, ýat bir adamlaryñ aladasyny etmeli.. bize nätanyş bolan biriniñ..
"Eger söýginiň nämedigini bilmesek, hiç wagtam özgäniň aladasyny edip, özgäni ynjytmazlyga jan edýän ynsanlar bolup bilmeris. Eger aýakýalaňaç gezýän adamlaryň geçýän ýolunda ýatan kiçijik daşa gözüňiz düşse, ony hökman aýryp zyňyň. Muny siziň şeýtmegiňizi isleýändikleri üçin däl-de, heniz size nätanyş, bir gezegem görmedik adamlaryňyza garşy duýgyñyzyň bardygy üçin şeýdiň".
A sen näme ýazýañ: "Ähli zat düşnüksiz, ähli zat çepbe çöwrülen, bar zat manysyz, hemme zat biderek."
Bu pikirler kellesindàki adam, hawa, kösener...

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Ay garaz adam pahyr dogry ýaşajak bolubam kösenyar, egri yaşasada kösenyar. Ähli zat düşnüksiz, ähli zat çepbe çöwrülen, bar zat manysyz, hemme zat biderek. Durmuşyň özi oýun, bizem name barlygmyzy dowam etmek ucin bu oyna islemesegem gatnaşmaly, bu planetany terk edinçäñ oz ozuñi aldawermeli

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Içiňden gelmedik zady islemek, islemedik islegni islemek yaly bir zat

0
5 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Soygä ucran adam soygüden öň tupoy bolsada, ol baribir bolmalysy yaly soyer. Beyle soygu özünde döremändensoň ony özünde döretjek bolmak nämä gerek?

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Söygüni düşündirip bolmayar, adam dine buny başdan gecirip görmeli. Soyguni dushundirip bolmayar, yöne soygi sana ähli zady dushundiryar.

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Adam beyle söyga hic ukyplydal bolaymasa. Hatda garşylyksyz soygu hem kämil dal

0
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Erkinlik üçin adamyň kalbynda söýgi bolmaly"..
Wahhh.. bu zatlaryñ hemmesini amal edip bolsady, KÄMIL bolardyk..
EGODAN doly zamanada bu gaty gowy material.. azajygam bolsa.. her okana tasir eder.. hem-de, belki SÕÝMEGI başararys.
Yogsa.. "Söýýäris söýmesine, yzyndanam söýgimize jogap hantama bolýarys. Şu hantamaçylygymyz bilenem başga birine garaşly bolup galandygymyzy duýman galýarys".

1
1 Revo   [Mowzuga geç]
Söýgi - bu päklik we päklige ymtylyşdyr.
Dünýäde söýgi bar bolsada, olam enäniň öz balasyna bolan söýgisidir. Galany ýalandyr ýöne bir hyjuwdyr, gury höwesdir...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]