20:20
Gurbanlyk - janly kesmek däl, öz Ysmaýylyñdan geçebilmekdir!
GURBANLYK - JANLY KESMEK DÄL, ÖZ YSMAÝYLYÑDAN GEÇEBILMEKDIR!

Bu din - Hezreti Ybraýym pygamberiñ (a.s) dinidir, gana suwsan hudaýlaryñ, mazohistleriñ we sütemkärleriñ dini däl.
Bolup geçen waka adamkärçiligiñ belent nusgasyna ýetmegiñ, ýekemenlikden (egoistlikden) halas bolmagyñ kyssasydyr. Adamy añrybaş kämil derejä we söýgä, paýhasly ynsan hökmünde jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge päsgel berip biljek islendik zatdan azat erk-eradanyñ deñine göterşiniñ hekaýatydyr...
...Hekaýat bir goçuñ gurban edilmegi bilen tamamlanýar. Bu Beýik Allatagalanyñ taryhyñ iñ uly adam tragediýasynyñ ahyryna degişli islegidir - birnäçe ajy doýurmak üçin goç gurban etmek.
Ybraýym ilkibaşda ogluna ýagdaýy düşündirip "şu taýda seni öz elim bilen gurban etmeli boljak" diýip agzyny açmady. Ahyrynda Allanyñ keremine sygyndy we "Ysmaýyl, düýşümde seniñ gurban edýärin" diýdi! Muny şeýle bir çalt diýdi welin, näme aýdanyny özem eşitmedi. Soñra dymdy. Gorkuly we öçüski göz bilen Ysmaýylyñ gözlerine dikanlap seretmäge mejaly ýokdy. Ysmaýyl kakasynyñ düşen kyn ýagdaýyny syzyp, oña teselli bermäge çalyşýardy. "Kaka, ytagatkär bol we Allanyñ emrini ýerine ýetirmäge ikirjiñlenme. Meni-de ytagatkär bende saý. Men muña döz gelerin" diýdi.
Senem edil Ybraýym kimin öz Ysmaýylyñy Mina dagyna getirmeli borsuñ. Seniñ Ysmaýylyñ kim? Ony diñe señ özüñ bilip bilersiñ, başga biri däl. Belki-de, ol seniñ ýanýoldaşyñ, işiñ, ukyp-başarnygyñ, güýjüñ, jynsyýetiñ, sosial derejäñ, wezipäñ we ş.m... Nämedigini bilemok, ýöne edil Ybraýymyñ Ysmaýyly söýşi ýaly söýýän zadyñ bolmaly. Seniñ azatlygyñdan çilýän, borjuñy ýerine ýetirmäge päsgel berýän, seni güýmeýän, hakykaty eşitmekden we bilmekden saklaýan, jogapkärçilik duýmagyñ ýerine kanunylaşdyryjy bahanalary döredýän we seni diñe gelejekde senden geläýjek kömek üçin goldaýan näme bar bolsa - ine, bular şonuñ yşaratlaryndandyr. Ony hökman gözläp tapgyn. Eger Hudaýa ýakynlaşasyñ gelýän bolsa, Ysmaýyly Minada gurban etmegiñ gerek.
Minanyñ çola künjeginde Ybraýym (a.s) ogly bilen gürleşdi. Saçy-sakgaly bireýýäm agaryp giden ýüz ýaşly gojanyñ ýaşajyk ogly Ysmaýyl durmuşyñ çetinden ýañy giripdi. Diñe Arap ýarymadasynyñ däl, bütin dünýäniñ mawy asmany bular ýaly ýowuz sahnany synlap bilmezdi! Taryh ata bilen ogluñ arasynda geçen bular ýaly gürrüñe henize çenli duş gelmändi. Hiç kimem dostlarça geçen, emma şeýlekin howpurgadyjy gürrüñi hyýalyna-oýuna getirmändi!
Ysmaýylyñ ýerini tutjak janlyny (hudaýýolyny) sen kesgitleme, goý, Allatagala saña ýardam etsin we peşgeş hökmünde ýollasyn. Ol özüne berlen janlyny diñe şu ýagdaýda kabul edýär. Janly diñe Ysmaýyla hutma-hut bolanda hakyky gurbanlykdyr, a ýöne "iller edýär, menem edýän" diýip, malyñ damagyna münmek gassaplykdan başga zat däldir!

Aly ŞERIATY,
eýranly sosiolog, yslam filosofy.

Çeşme: "Haj" (Ataly-ogluñ arasyndaky gürrüñ" bölüminden alyndy.)

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 105 | Добавил: Haweran | Теги: Aly Şeriaty | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Goyun geplesedi ony kesmane wyždanyňyz catmazdy

0
6 Haweran   [Mowzuga geç]
Aly Şeriaty ylahyýetçi (din alymy) däl (muny özem aýdýar), ol sosiolog, şeýle-de sosialist, onuñ düşünjeleri sosiologiýa b.n baglanyşykly. We elbetde, her okan zadymyza köre-körlük b.n ýapyşmaly däl, seresaply okamaly. Meselem, Şeriatyny käbir pikirleri ü.n "kapyr" yglan eden, hatda oña "bee, dogrudanam Aly Şeriaty kapyrmyka" diýip ikirjiñlenen kişiniñem dinden çykyp kapyr bolubiljekdigini aýdýan fanatik ruhanylar bar (meselem, "Jüpbeli" lakamly molla Ahmet Mahmut Ünli), maña temanyñ şu tarapy gyzykly däl, akyly-huşy ýerinde başgalara-da gyzykly bolmaz diýip pikir edýärin. Şeriata garşy ýöñkelýän saýrylaşdyryjy pikirlerden ötri, onuñ sosiologiýa boýunça berýän kesgitlemeleri juda dogry, mañzyña batýar.
Terjime babatda alanyñda, sadaka sözüni "peşgeş" b.n çalşyrmagy makul bildim, beýleki bellikleriñ b.n ylalaşyp duramok, terjimede sözme-söz terjimeden onuñ başky dilinde añladylmak islenen manyny ýoýman berip bilmegi möhüm hasaplaýaryn.

0
5 mango   [Mowzuga geç]
terjimede azajyk seretmeli ýerleri bar.

Ysmaýylyñ ýerini tutjak janlyny (hudaýýolyny) sen kesgitleme, goý, Allatagala saña ýardam etsin we sadaka hökmünde ýollasyn.
ismail'in yerine geçecek koçu (fidye) sen tespit etme, bırak Allah sana yardım etsin ve bir hediye olarak göndersin.

fidye - hudaýýoly däl.
hediye - sadaka däl.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ali Şeriatini seresap okamaly biri hasap etdim.
sebäbi başga ýazgylarynda hezreti Osman duşmanlygy bar, olam düşnükli...
şaýy ideologiýasy... kanuny tarapdan halyf hz. Ali bolmalyka ýerine başgalary geçdi.... diýen ýalyrak düşünjeler....
ýöne düşünjeleri gyzykly. dogrulyklaram bar. diňe seresap okamaly. taýýarlykly okamaly....

edilýän hereketleriň manysyna, maňzyna ýetip etmek barada gürrüň gozgaýar.

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Aly Şeriaty- (hem-de Haweran) adamlara juda täsirli maglumat hõdürläpdir..
"Alla her ynsana onuñ gõterip biljek ýüküni urýamyş, mynasyby synag edýamiş" diýýaler. Nahili ADAMLAR nähili synaglardan geçdiler.. Emma, " bular ýaly ýowuz synagy" Alla hiç kime salmasyn... Beren JANYNY, onda- da, garaşylyp yetilen PERZENDIÑI atadan, eneden almasyn. Onda da, sorap almasyn... Beren ÖZI, ähli zat ÖZ elinde..
Ýõne, häzir meni synasa..hiiiç başarmajak zadym... Õz janymy hõdürläp bilerin... Emma, perzendime gyýmaga hiiç gurbum yetmez... Bu sõzlem üçin ALLAJAN meniñ günàmi õt.. SEN meni tanaýansyñ, ejizligimi bilýànsiñ...
Ýõne, şol bolup geçen ALLA BOLAN YNAMYÑ,
SÕÝGIÑ, GUDRATYÑ hormatyna janly gurban etmek.. bu-da bir hasaba dogry ýalymyka diýýan.. Ýõne, her kim şol janlyny õz maddy ýaşaýyşyndan pesrak adamlara berse, has gowy ýaly. Galannam, adamlaryñ õzleri gowy bilýändirler... Kabul bolsun Gurbanlyklar! Allajan külli adamzadyñ içinde, musulmanlañ içinde biziñem çagajyklarymyza mundan hem has ýagty, asuda durmuşy ROWA gõrsün..

-1
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Kimde youtube girmek mümkinçiligi bar bolsa Aly Şeriatynyñ "Yslam we synpy gurluş" (Islam ve sınıfsal yapı") kitabynyñ türkçe okalan sesli görnüşini diñläp görmegini maslahat berýän. Durmuşa, daş-töweregiñize bolan garaýşyñyzy baýlaşdyrjak, tabularyñyzy sarsgyna saljak gymmatly kitap.

0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Sag boluň, maslahatyňyz üçin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]