18:22
Gelsediñ
GELSEDIÑ

Ilki sagat soñ sanadym günleri,
Aý dolsa-da söwer ýarym gelmediñ.
Gözlem ýolda umyt baglap gülleri,
Düşesem-de ahy-zarym gelmediñ.

Aýlar dolup öwrülse-de bir ýyla,
Asmanda gök gürläp guýsa-da jala,
-Üşärsiñ-ä! -diýip, meñzäp bägüle,
Garaşsam-da dünýe-barym gelmediñ.

Dilimlenen ýürek közüñ üstünde,
Hijran ony köýdürmegiñ kastynda,
Her gün ýene ýeke Aýyñ astynda,
Otursan-da alma-narym gelmediñ.

Ne beýle nämüçin edýärsiñ zulum,
Ýerdäki Aýa hem ýetenok golum,
Sende ýaşaýyşym sende-de ölüm,
Boýna syrtmak salyp darym gelmediñ.

Ýüzde ýylgyryşym ýürekde dagym,
Miýesser edensoñ ah, özgä bagyñ,
Gözlerim ýaşlaýyp kemsinen çagym,
Terk eýlediñ namys-arym gelmediñ.

Ezraýyl dükürdäp kakanda deprek,
Agaçlar astyna düşende ýaprak,
Bu tenim gaýtadan bolmanka toprak,
Soñky dem bolsa-da, ýarym gelsediñ.

Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 4
0
2 Ahmet   [Mowzuga geç]
Mango dayy teswir ýazypsyñ şoña hem begenýän. Arada ýazmañy goýupdyñ. Belliklere gelsek ölümem sende ýaşaýyşam sende diýen ýaly alypdym. Ezraýylyñ nädýänini hiç kim bilenoga bilenlerem bakyda onsañ her kimiñ öz garaýşy barda... Bellikler üçin minnetdar.

0
3 Haweran   [Mowzuga geç]
Ysrafyl surnaý çalýan bolsa, Ezraýylyñam "deprek" (ajal depregini) kakmagynda geñlärlik zat ýok. Bu bir çeper meñzetme. Berekella.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ysrafylyň sura üflemegi onuň bir wezipesidigini bilýänsiňiz.
Kyýamatyň gelendiginiň habarçysy hökmünde beriljek bir signal.
Onuň üçin Ysrafyl we sur aýrylmaz bir bölekdir.
Emma, Ezraýyla deprek berjek bolmak hiç bir tasa gelenok.
Ezraýyla deprek kakdyryp bu bir meňzetme, bu bir edebiýat diýmegem dogry däl.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Sende ýaşaýyşym sende-de ölüm,
Boýna syrtmak salyp darym gelmediñ.


bu nähili ýaşaýyşaý - boýnuň syrtmakly.
ýaşaýyş boýny syrtmakly dar agajynda duran ýaly zatmyk-a?
haçan aýagyň aşagyndakyny depip aýyrsalar - hoş geldiň ölüm.
hemem ol "dar agajyňy" wasp edip, "jelladyňa" garaşmaly.

---

Ezraýyl dükürdäp kakanda deprek,

garry mamanyň dükürdedip sanajyny kakýanyn-a bilýän.
ezraýylam deprek kakýamy?

Ahmet kaka, nädiberýeň?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]