17:03
Ýörelge / hekaýa
ÝÖRELGE

Her kim bir zady gowy görýär. Biziň edaramyzda işleýän Artyk okumyşlaryň biri. Biz köplenç dünýä täzeliklerini şondan eşidýäris. Ol gazet-žurnallardaky täsirli, gyzykly makalalary okap, gyzyklandyryp gürrüň bermäge-de ökde. Kitaba gezek gelende-de şeýle, wagt tapsa kitaba güýmenenini kem görmeýär, okanyny-da gyzykly edip gürrüň berýär. Şol günem men onuň öýüne bardym. Hal-ahwal soraşanymyzdan soň ol ilki metbugat täzelikleri bilen tanyşdyrdy.
— Köpçülige barylsa hökman dürli temalardan gürrüň gozgalýar, käbirini gulagyň duşundan geçirip goýberseň, käbirine gyzykýaň. Golaýda bir obadaşym kitaphana täze kitabyň gelendigini ýaňzytdy. Kitaphana gelip gowşanyny eşidip begendim, aldym, okadym.
Soňam sözüni dowam etdirdi:
— Indi bolsa men saňa bir gowy rowaýat gürrüň bereýin — diýdi.
Özümiň hem kitaplara sarpam uly, wagtym bolsa ürç edip okaýardym. Kitaby ýazýan adamlaryň iş, durmuş tejribeleri ýeterlik. Olar kitaplarynyň höwes bilen okalmagy, ýygy-ýygydan salgylanylmagy, adamlaryň işinde, durmuşynda haýyrlanmagy üçin köp çeşmeleri agtarýarlar, tapýarlar. Ýagşy zady ündemek niýeti bilen ýazylan kitaplar adamlaryň ýakyn hemrasyna öwrülýär, sen ony okanyňda durmuşyň keserip goýýan sowallaryna degerli jogaplary tapýaň, özüňi has sowatly ýaly duýýaň. Bu okyjy üçin şeýle, onsoň ony ýazýan adamlaryň durmuş, ýaşaýyş barada gozgaýan pikir öwrümleriniň geriminiň neneňsi belentdigini, çuňlugyny özüň oýlanaý. Işdeşimi diňläp oturyşyma men şu zatlar barada pikir öwürdim, özi bir ýönekeý işçi bolsa-da gör, nähili ajap zatlar barada pikir edýär, söze hormat goýýar, ýazyjyny alkyşlaýar.
— Ýaňky rowaýaty diňlän bolsaň, ýene bir tymsal aýdyp bereýin— diýip, ol işdeşim gürrüňini dowam etdirdi. Hem tymsal aýdýar, hem näme ündelýändigini aňyňa ýetirýär. Ol indi kitaplary elektron görnüşde hem okap bolýandygyny tekrarlady. Soňam:
— Biz, uly ýaşly adamlar kitaby elde saklap okamaga halys endik edinäýipdiris, ýaşlar üçin-ä beýle däl bolmagy hem mümkin, olar kompýuterdir telefon arkalam okaşyp ýörler.
Her gezek okanyňda kitabyň pikir öwüşginleriniň täzelenip, çuňlaşýandygyny duýýaň. Indi bolsa ýaňky gürrüň beren rowaýatlarymy susup alan nusgalyk kitap bilen seni tanyşdyraýyn — diýdi.
Şeý diýdi-de Artyk çynlakaý hala geçdi.
— Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özünde gymmatly hazynany jemleýär. Muny kitaby okap çykanyňda has anyk göz ýetirýärsiň.
Entek eşitmedik, bilmeýän zatlaryň gaty kändigini bilýärsiň. Dünýäniň beýleki halklary barada asla pikir hem edip oturmaly däl, olar üçin-ä kitabyň täsiri has-da uly boljagy şübhesiz. Kitapda aýdylýan pähimler, rowaýatlar, tymsallar, pikirler dünýä halklary üçin jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan ynsan ömrüniň manysyna düşünmäge degerli ýörelge, çünki tehnologiýalar näçe ösen-de bolsa, adam gymmatlygy, onuň sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamagynda baş maksat jemlenmelidigi hakyndaky pikir aýdylýar. Ýurdumyz halkara gatnaşyklaryna berk eýerip, işleri ösen döwletleriň derejesinde ýöredýär, milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy saklamagy başarýar, umumylaşýan dünýäde diňe folklor festiwallarynda däl-de, gündelik durmuşda milliligiňi saklap, täze öwüşginler bilen baýlaşdyrmak inçeden kyn iş.
Men Artygy tanaýan-da bolsam, ol şeýle paýhasly gürleýändir öýdüp, dogrusy, pikirem etmändim. Adam kitaplary, gazet-žurnallary köp okadygyça, onuň sözleýiş endiklerine hoşboý owaz çaýylýan bolara çemeli.
— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän sepgitler ýitmejek, öçmejek yz galdyryp, taryha ýazylýar. Il içinde «Ozal akan ýerinden akarmyş aryk» diýilýär. Ata-baba döwletli, rysgally, kanagatly ýaşan türkmeniň ýoly bu gün köplere görelde, ýörelge. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň nazary asuda, parahat ýurda — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza gönügýär. Şu hem köp zatlardan habar berýärmikä diýýärin.
Ol sözüne dyngy berdi-de:
— Mili Liderimiziň nusgalyk kitaplary adamzat kalbynyň aýnasy, mähek daşy. Biziň aýdýan zatlarymyz şol gymmatly mähek daşyň gyryndysy ýaly. Bu kitaplar pikirleriniň
çuňlugy babatda saýlanyp, dünýäniň islendik ýörgünli kitaplary bilen deň derejede islenilýär, gadyr-gymmaty artýar — diýip, sözüni jemledi.
Ähli döwürlerde kitabyň gymmaty uly bolupdyr. Kitap barada gürrüň berýän pursady Artyk meniň gözümiň alnynda ýönekeý işçiliginden has sowatly, sypaýy, has medeniýetli adama öwrülip barýardy. Men şeýle işdeşimiň bardygyna buýsandym.

Nurmyrat ATAÝEW.

"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 52 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Nurmyrat Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]