16:48
Bäbekli gelin
BÄBEKLI GELIN

Mydam ýetikdigin aladasynyñ
Duýdurar ýellenen gabagy bilen.
Giñ dünýämiñ ýaraşygy gelinler,
Has owadan akja bäbegi bilen.

Iñ ezizi - balajygyn göterip,
Köçä çyksa, köçelere görk berer.
Obalarmyz şolar bilen görklüdir,
Şäherlermiz şolar bilen görklener.

Ak bäbekli bu owadan gelinler
Wäşidir, halamaz sussypesligi.
Olañ hersi öz ýigdiniñ döwleti,
Hersi öý öýüniñ mukaddesligi.

Goý, eşdilip dursun bäbekleñ sesi,
Bäbek sesi bilen öwrülsin säher.
...Ömrümiziñ ajap dowam etmegi,
Bäbek bilen gelin - bu goşa bahar.

Orazdurdy ATAHANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Haweran | Теги: Orazdurdy Atahanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Nähili mylaýymja duýgy berýä bu goşgy..
Dünýäñe bäbegiñ ysy gelip gidýä...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]