16:43
Süýde siñe seretseñ... / gysga ýumor
SÜÝDE SIÑE SERETSEÑ...

Goñşymyz köpden bäri sygrynyñ süýdüni kolhoza geçirýärdi. Ol her aýda eslije pul düşüp duransoñ, günde-günaşa gelip, biziñ ýanymyzda sygryny öwüp gidýärdi. Emma birden onuñ sygrynyñ süýdüni almalaryny goýdular oturyberdiler.
"Alman bökersiñizem" diýip, goñşym dawa başlady.
- Barlananda, seniñ sygryñ süýdi gün-günden suwa öwrülip barýar. Şonuñ üçin seniñ sygryñ süýdüni almaly däl diýdiler - diýip, ferma müdiri düşündirdi.
Goñşym göni başlygyñ üstüne gidip, ýene süýdüniñ alynmagyny gazandy. Emma birküç günden goñşymyñ sygrynyñ süýdünden mandala balyk çykdy. Indi suw goşulýany has hem belli boldy. Ýene goñşymyñ sygryny almakdan ýüz dönderdiler. Goñşym ýene başlygyñ üstüne gitdi. Özem bu gezek goýman, menem ýany bilen äkitdi. Nämemiş, onuñ sygrynyñ tohum maldygyny, süýdüniñ ýaglydygyny menem bilýämişim. Ýöne ferma müdiri oña töhmet atýamyş. Ol baryp, başlyga:
- Ýegen, sen al diýseñem, ferma müdiri äsgermezlik edip meniñ sygrymyñ süýdüni alanok. Heý, muña çäre görüp bolmazmy? - diýdi.
- Daýza, sen süýde suw goşupsyñ. Ol suwam ýabyñ hapa suwundan goşupsyñ. Heý onsoñ o süýdem bir alyp bormy - diýip, başlyk janykdy.
- Kim aýtsa ýalan aýdypdyr. Heý menem bir şeýderinmi? Men howzuñ durnañ gözi ýaly arassaja suwundan goşýan ahyryn - diýip, goñşym birden dilinden sypdyrdy. Şobada hem hyrçyny dişledi-de, başlygyñkydan çykyp gaýtdy.

Allanepes ÇARYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 78 | Добавил: Haweran | Теги: Allanepes Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Ependi   [Mowzuga geç]
)))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]