16:43
Meñzetmeseñ bolýar arwahdyr jyna
MEÑZETMESEÑ BOLÝAR ARWAHDYR JYNA

(edebi ýañsylama)

"...Güm bolsun setirlem,
It kimin çyñsap."

Ýagmyr Pirgulyýew.
"Sowet edebiýaty", N-2, 1985-nji ýyl.


Isle - begen,
Isle - gynan
Party ýok.
Ýazan setirleriñ duzy ýok, duzy.
Onuñ Aly Hezretleri Poeziýa,
Harpygyñy saýlap, söýýändir uzy.

Isle - ite meñzet,
Isle - pişige.
Okyjyñ göwnüni bilmänsiñ awlap.
Gitdiler şo bada ýüreklerimizden,
Doñuz deý horkuldap,
Pişik deý mawlap.

Isle - ýene-de ýaz,
Isle - nokat goý.
Ol seniñ öz işiñ
Okyjyñ çyny.
Beýik Poeziýany -
Ynsan aýdymyn
Meñzetmeseñ bolýar arwahdyr jyna.

Öwezgeldi MÄTEROW,
Murgap raýony.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Öwezgeldi Mäterow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]