11:45
Işdeş ýoldaşymyz / gysga ýumor
IŞDEŞ ÝOLDAŞYMYZ

("Satira we ýumoryñ" duztorbasyndan)

Ol biziñ bilen neşirýatymyzda redaktor bolup işleýärdi. Onýyllygy zordan gutaran bu ýoldaşymyz bir gün:
- Bu işlerden iş bolmaz. Bu taýda düşewünt ýok. Goñşy edaranyñ başlygy meni işe çagyrýar. Ykdysatçylyk. Şoña geçýän! - diýdi.
Şeýdip, ol işini täzeledi. Bir ýyldan soñ ony gördüm.
- Ýeri, how, ykdysatçylyk bilen nädýäñ?
Ol dodagyny çöwrüp, ýüzüni ýokary tutdy:
- Ykdysatçylykdan kär bolmaz. Hasap-hesip işi halys beýniñi iýjek! Mekdepde hem hasap sapagyny ýigrener ýörerdim. Men indi o ýerde däl.
- Indi nirede kül dökýäñ?
- "Aşneftemaşda" inžener.
- Bolubilýär! - diýdim-de, öz ýoluma rowana boldum.
Ýene bir ýyldan ýañky ýoldaşymyza gabat geläýdim.
- Ýeri, işler niçik? "Aşneftemaş" bilen gidişip ýörmüñ?
- Päheý, bildirkini bu ýylda agzaýañ, walla! Ondan bäri kän iş çalşylandyr. Tikin fabrigi. Suw prowody uprawleniýesi. "Selhozhimiýa"... Bu günler keselhanañ garawulydyryn!
Sagbollaşdyk.
Günleriñ bir güni içimden sanjy tutdy. Köriçegämi kesmäge keselhana getirdiler. Meni operasion stolda ýatyrdylar. Bir seretsem, başujumda eli skalpelli şol işdeş ýoldaşym dur.
Asyl görüp otursam, ol indi şu keselhanada hirurg bolup işleýär eken.
Şu dünýäde pylan zat bolupdyr diýseler, ynanaýmaly how!

Atamyrat ATABAÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 129 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 13
0
13 Ependi   [Mowzuga geç]
Öňler bir kino bardy, türkmenfilm. Bir tebip aýal ýaş oglanjygy operasiýa edýär, köriçegesini. Şeýlemika diýän, ana şonda ýalňyşýamy, nämemi, umuman oglanjyk ýogalýar. Ejesiniň zarlap aglaýany ýadymda. Soýuz döwrüniň kinosy öz-ä, tebipçiligi ret edýäler öýdýän şol kinoň maksady. Döwrüň kinozyda. Kimiň ýadynda bolsa şol kino. Çala ýadyma düşýär ol, düýş ýaly. Indi şu wagtlar pikir edip görýän welin, köriçege kesmek usuly gadymy döwürlerem ulanylypdyr diýen netije aňyma gelýär. Dogrudanam, öňki döwrüň tebipleri köriçegäni nähili usulda operasiýa etdilerkä? Dogry zat, hassa üçin aňsada däldir, narkoz ýok, agyryny doňdurýan derman ýok. Umuman, bu öňem gadymdan gelýän usul bolmaly, köriçegäni operasiýa etmek.

0
12 Ependi   [Mowzuga geç]
Ýöne, indi doktorlar gaty ökdeledi, köriçegäni operasiýa etmegi. Gyssaga düşende 03 maşynda hassany alyp barýarkalar operasiýa edip bilýärler ökdeleri. Atamyrat aganyňky degişme bolsada, çyna ýakyn ýeri bar. Öňler garaňky görnen bu operasiýany indi çala doktorlykdan, gassaplykdan başy çykýanam edip biljek. Güýçli zehin gerek däl munuň üçin, seresaplygňa sak bolsaň ýetik.

0
11 Ependi   [Mowzuga geç]
Göz öňüme gelýär: Eli skapelli körzehin, hiç zatdan başy çykmaýan, moşennik tanşy Atamyrat agany operasiýa etjek bolup durany. "Jaaan doganlar, kim operasiýa etsede şunybir ýanyma getirmäweriň!..." - diýýäni)))

0
10 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Düşünmedim,@Revo.Nire barada barýar?

0
9 Revo   [Mowzuga geç]
Gürrüňiň kim barada barýanyny aňşyrmasamam, nire barada barýanyna oňat düşündim. (Ajy hakykat)

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Menem bir wagtlar gowy arzuwlarym bardy, yöne haçanda arzuw etmegiň bimany zatdygna düşünenimde, soň hic arzuw etmedim

0
7 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şeýle diýýän bolsañyz şeýledir. Men akylly däl-de sada adamlañ hataryna girýänligim üçin bilemok.

0
5 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Kär däl, ykbal.

0
6 gomulgen   [Mowzuga geç]
Akylly adamlañ karem, ykbalam üýtgeşijek bolayya

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Wiý, ýañky görgüli çagaka ýazyjy-şahyrlyga kärdir öýdüp, "Şahyr boljagam" diýýädi.

0
4 gomulgen   [Mowzuga geç]
O name kär dalmi?

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bu maña özüme gaty ýakyn birini ýatlatdy :)
Olam kiçijikliginden bäri birtopar hünäriñ arzuwyny eden. Adwokatlyk, psihologlyk, mugallymlyk. Daşky görnüşine añrybaşy gőwni ýeten bolsa artistlige-de ýöneljekdi. Aýdymçylyga-da höwes etdi ol. Ýöne deñ-duşlary aýdyma başlap-başlamanka "Sesiñ dagy näteñet?!" diýdiler welin dänmeli boldy. Mekdebiñ soñky ýyllarynda bir žurnalistlik höwesi başlady. "Dişlilere berilýän gowurga" dişi ötmedi pahyrjygyñ. Onsoñ dûýpgöter başga ugurdan okady. Arzuwlaryndaky kärleriñ hiç birine meñzemeýän käre baş goşdy. Dogry onam erbet görenok.Ýöne mahal mahal arzuwlary ýadyna düşýär. Eger bagt ýûzüne gülüp, arzuwlaryndaky kärleñ birine ýetäýende de beýlekileri içinde arman bolup galjak. Onsoñ görgülijik şu güni bilen oñuşmaly diýen netijä gelýär. Soñam gowy görýän şahyrlaryndan biriniñ gowy görýän goşgy setirlerini öz ýanyndan gaýtalaýar:

"Arzuw-hyýallaram däl indi öñki
Olañ ýerin tutup barýar kaýyllyk"

(S.Geldiýew)

0
1 mango   [Mowzuga geç]
ol bolnissada Atamyrat aga galýussinasiýa gören bolmagam ahmal.....
içinden gaýgy edendir: meni operasiýa etjek hirurg şol iş çalşyp ýören dostum bir bolmabilsedi.... - diýip....
:-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]