11:44
Arakhoruñ aýalynyñ zeýrenji
ARAKHORUÑ AÝALYNYÑ ZEÝRENJI

Içip, çişip ýatyr günüñ howrundan,
Getire bilmedim ýar onda galdy.
Ikiýana urnup görýän jebrinden,
Gutara bilmedim ýar onda galdy.

Ýalbardym, ýakardym tursana diýip,
Zarynlap agladym saçymy ýaýyp,
Ahyr jeññelligiñ içinde goýup,
Getire bilmedim är onda galdy.

Iller-günler ýetiñ diýip kömege,
Batgalykdan süýräp eltdim gumaga,
Ýatyr dönüp misli gara çomaga,
Bulaşyp kirşene har onda galdy.

Bir aýakda hokga, birinde çepek,
Nirelerde gaçyp galypdyr papak,
Ýüzün ýalap ýatyr bir ala köpek,
Hossary bar eken şir onda galdy.

Ýagşydyr azaşan tapsa yzyny,
Zordan öýne geldi dürsäp özüni,
Gujaklady meni, ogul-gyzyny,
Çüýşesi jeññeliñ şorunda galdy.

Çary GURBANGYLYJOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Haweran | Теги: Çary Gurbangylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
2
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Biz öten-geçen ýazyjy-şahyrlarymyzyñ ählisiniñ edebi mirasyny mümkin boldugyndan toplajak (eliñden gelse kömek et!) we ony şu saýtda jemlejek bolup jan edýäs. (Bu biziñ öz edebiýatymyzyñ taryhy.) Döwrümiziñ ýazyjy-şahyrlaryna-da, ýaşlara-da, olaryñ eserlerine-de saýtyñ gapysy 24 sagat açyk. (Döredijilige baş goşan ýaşlar bolsa diñe dünýä edebiýatyndan däl, öz edebiýatymyzyñam ähli döwürlerinden habarly bolmaly diýip hasaplaýarys.) Açyk soraga ýapyk jogap.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
"edebiýat we sungatda" çykanam bolsa - bu ne edebiýat, ne sungat...
bu - Gorbaçýowyň антиалкогольный syýasatyna seslenme.
şo ýyllar ýada düşüp gitdi.
---
ýöne, wagtlaýyn zatlar bilen "kitapçyny" doldurmak gerekmika?
açyk sorag.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]