11:40
Begençli gün / gysga ýumor
BEGENÇLI GÜN

Çal murtly garawul Marino bilen 15-nji sehiñ işçisi Miko gelip direktoryñ kabinetine girýär. Garawulyñ elinde brezent sumka bar. Miko bolsa, ýüzüni sypajakladyp, müýnli halda hyrçyny dişläp dur. Direktor:
- Näme boldy - diýip, sorady.
- Ine, şuny kärhananyñ tikýän geýimlerini ogurlap barýarka gördüm - diýip garawul gabaryldy. - Hut ogurlygynyñ üstünde tutdum, derwezäniñ agzynda barladym welin, ýanyndan biziñ tikýän çaga eşiklerimiz çykaýmazmy.
Direktoryñ ýüzi ýagtylyp gitdi, gözleri begençli gyrpyldady.
- Sen ýalñyşaýýan-a dälsiñ-dä, dostum Marinow - diýip, direktor ogurlanan eşikleri ýeke-ýeke barlap durşuna sorady.
- Gowusy Mikonyñ özünden sorap göräýiñ.
- Ogurladym... - diýip, Miko gorkusyna gyssanyp boýun aldy.
Direktor Mikonyñ ýanyna bardy-da birden ony garsa gujaklap, ýañaklaryndan şapyladyp ogşady.
Marinowyñ geñ galmakdan ýaña aýaklary saññyldady, injikleri öz agramyna tap getirip bilmänsoñ, ol kürsä çökdi.
- Dostum Marinow, sen öz tikýän geýimlerimizden çilýän işçini soñky gezek haçan tutundyñ? - diýip, direktor garawula ýüzlendi.
- Hany, göreýin... - diýip, garawul pikire batdy. - Iki ýyl mundan ozaldy öýdýän şo.
- Görsene bu bolýan zady, Miko bizi gaty begendirdi! Ahyry biziñ tikýän geýimlerimizem çilip başladylar! Bu geýimleriñ hiliniñ gowulaşanlygynyñ ilkinji alamaty ahbetin. Eýsem, zer-zaýa tikilen eşikler kime derkar diýsene?..
Direktor sekretar gelmi çagyrdy:
- Sonýa, şu ýere derrewjik bir çüýşe şampan çakyryny getir! Dikeldilen hiliñ şanyna çakyşdyrmasak bolmaz! Bu güni kärhananyñ taryh depderçesine bellemeli! Stol başyna geçiñ, dostlar!..
Garawul Marinow bilen ogurlygynyñ üstünde tutulan Miko köpürjikläp duran bulgurlary başlaryna çekdiler. Direktor bolsa, içine öz ýolbaşçylyk edýän kärhanasynyñ tiken geýimleri salnan brezent sumkany bagryna basyp durdy.

Pýotr GONKOW,
(Bolgariýa).

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986 ý.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Pýotr Gonkow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Gowy zady görmegi başarmaly-da, şeýdip :)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]