11:39
Aleksandr Hodzko
ALEKSANDR HODZKO (1804-1891)

Türkmen edebiýaty dünýäsine, onuň halk döredijilik dünýäsine ilkinji gezek sapar eden adamyň ömür ýoluna, onuň döredijilik işine degişli maglumatlar bilen habarly bolmak gyzyksyz däl bolsa gerek. Aleksandr Hodzko Eýranda konsul bolup işlän birnäçe ýylynda türkmenlere degişli, olaryň taryhyna, etnografiýasyna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplapdyr. Ýaşlygyndan Gündogar bilen gyzyklanyp başlan Aleksandr Hodzko Magtymgulynyň üç goşgusyny, Keminäniň bir goşgusyny toplap çap etmek hem-de Garajaoglanyň döredijiligini öwrenmek bilen kanagatlanandyr öýdemzok. Ol türkmenler bilen duşuşyp, olar bilen birnäçe wagtlap söhbetdeş bolup, belki-de, bu söhbetdeşlikler bir gezek bilen çäklenen hem däldir, ýerli halkyň ertekilerini, nakyllaryny, rowaýatlaryny... ýazyp alan däldir diýsek, ýalňyş bolmagy mümkin.
Aleksandr Hodzko 1842-nji ýylda Londonda kitabyny neşir etdirende, toplan maglumatlarynyň ählisiniň kitaba ýerleşmän galanlygy baradaky pikiri hem aradan aýyrmaly däldiris. Eger şeýle ähtimallyk bolanlygynda, onda alymyň başga toplan maglumatlarynyň ykbaly bilen gyzyklanmak bu ugurda işleýän her bir adamy öz erkine goýmasa gerek. Beýik ýüpek ýolunyň köp böleginiň Türkmenistanyň üstünden geçmegi bilen baglylykda edebi gatnaşyklaryň ösen häzirki döwründe “bolsadymyzyň” amala aşmagy hyýaly bir zat däldir.
Doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçilen türkmen halkynyň beýik ogly, türkmen edebiýatynyň esasyny goýan Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň öwrenilip ýörlenine iki asyrdan hem gowrak wagt bolupdyr. Beýik şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde ilkinji kerpiç goýan Aleksandr Hodzkodyr. Onuň “Populýar pars poeziýasyndan parçalar” (London, 1842) atly kitabynda türkmen şygrynyň we halk döredijiliginiň nusgalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Ruhy Alyýew “Keminäniň ömri we döredijiligi” atly kitabynda şeýle ýazýar: “...Borisiň yzysüre, 1842-nji ýylda Hodzko diýen iňlis syýahatçysy öz ýurtdaşy (Hodzkonyň onuň ýurtdaşy däldigini bellemelidiris – A.Ç.) A.Borise doly gaýtawul bermese-de, türkmenleriň çeper edebiýatynyň bardygyny tassyklap, Ýewropada ilkinji gezek türkmen şahyry Magtymgulynyň gysgaça biografiýasy bilen birlikde üç sany goşgusyny iňlis diline terjime edip, Londonda neşir etdirýär”. R.Alyýewiň A.Boris diýýäni Aleksandr Bornsdyr. Ol Angliýanyň “Ost-Ind” diýen söwda kompaniýasynyň wekili bolupdyr.
R.Alyýewiň ýazmagyna görä, 1830-njy ýylda ol eden syýahaty netijesinde ýazgylar galdyrypdyr. “Ensiklopedik sözlükde” açykdan-açyk "türkmenleriň edebiýaty ýok” diýip tassyklaýar.
Emma akademik B.Garryýew “Magtymguly” atly kitabynda “Eger-de biz Günbatar Ýewropadan şol asyrdan (XIX asyr – A.Ç.) türkmen topragyna aýak basan hem gymmatly maglumat beren syýahatçylara nazar aýlasak, olaryň arasynda iňlis syýahatçysy A.Borns gözümize ilýär. „Ost-Ind“ kompaniýasynda gulluk eden leýtenant A.Borns Türkmenistana 1831-1833-nji ýyllarda gelip gidýär” diýip ýazýar. Borns bu syýahatlaryň netijesinde “Путешествие в Бухару... в 1831, 1832, 1833 годах. СПб., 1848" atly kitabyny ýazýar.
D.Nuralyýew görnükli rus gündogarşynasy A.N.Samoýlowiçiň 1906-njy ýyldaky işleriniň golýazmasyna salgylanyp, Hodzkonyň Magtymgulynyň biografiýasyna çemeleşine hyýaly bir zat hökmünde garandygyny belläpdir . Türkmen alymynyň pikiriçe, Hodzko ol maglumatlary Türkmenistandan alman (belki-de, Türkmensähra diýlip ýazylsa, göwnemakul bolsa gerek – A.Ç.),Hodzkonyň öz aýdyşy ýaly, Demirgazyk Horasandan toplapdyr. Ol ýerde bolsa pars dilini bilýän, emma türki dilleriň hiç haýsyndan bihabar alymyň diňe parslarbilen pikir alşan bolmagynyň-da mümkinligini D.Nuralyýew aradan aýyrmaýar. Ýöne weli Hodzkonyň 1827-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Sankt-Peterburgda, Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň garamagyndaky janly diller okuw bölümine ýerleşendigini, bu okuw jaýynyň hem Eýran we Türkiýe ýaly ýurtlarda işleýän rus missiýasy üçin Gündogar dilleriniň dilmaçlaryny taýýarlandygyny göz öňünde tutsak, onda Hodzkonyň diňe bir pars dilini däl, eýsem, beýleki türki dilleriniň hem birnäçesini suwara bilendigini ýatdan çykarmak bolmaz. Çünki Hodzkonyň türkmen dilinden başga-da azerbaýjan, tatar... folkloryndan ýygnan maglumatlary hem az däl. Heniz ol Eýrana işe ugradylmanka, “Литературная газетада” (SPb., 1931, t.z. № 30) сap edilen “Татарская сказка или Толгав”, “Несколько подробностей об индейцах астраханских” (şol gazetde, № 27) makalalary ýazypdyr.
D.Nuralyýew Hodzkonyň iňlis dilinde çap etdiren Magtymgulynyň biografiýasyny ilkinji gezek türkmen diline geçirip, ony akademik Samoýlowiçe bagyşlap ýazan kitabynda ylmy dolanyşyga girizipdir. Biografiýada şeýle ýazylypdyr: "...Ol (Magtymguly-A.Ç.) Horasanyň we Türkmenistanyň iňňän meşhur şahyrlarynyň biridir. Okyjylara hödürlemekçi bolýan şujagaz az sanly eserlerimiz bu ajaýyp adamyň akylyndan önen ideýalary açyp berýär. Onuň poeziýasynyň häsiýetli taraplarynyň arasynda tebigata bolan söýgi has öňe çykýar, şunuň özi onuň Aziýanyň beýleki şahyrlary bilen umumylygy bolmadyk artykmaçlygydyr. Dünýäniň durumsyzlygy hakynda filosofik şöhleli köp eserleri hem onuň poeziýasynyň tapawutly ýeridir. Adamlaryň medeniýetleşmegi, siwilizleşmegi üçin diniň we poeziýanyň ygtybarly daýanç bolup durýan bir ýurdunda Magtymguly wajyp rol oýnapdyr“.
Ýöne biografiýada Magtymguly we onuň kakasy bilen bagly giden nätakyk maglumatlar üçin D.Nuralyýew Hodzkony nämelerde aýplamaýar? Hodzko onuň pikiriçe, Magtymgulyny günbatar ýewropalylara ilkinji açan alym däl-de, gömelteý barlagçy. Öz kitabyny “Populýar pars poeziýasyndan parçalar” diýip atlandyrypdyryp, „oňa türkmen şygyrlaryny salan, türkmen poeziýasy bilen pars poeziýasynyň arasyndaky differensiasiýany saýgarmak ukybyny ýitiren, subýektiwizme ýykgyn eden, barlaglarynda estetik dogmatizm aç-açan duýulýan, ýygnalan materiallary jemläp bilmän, çig materiallary hödürlän adam“ hökmünde häsiýetlendirýär. Iň beteri-de, zehinli alymyň pikiriçe, Wamberi-de, Hodzko-da Magtymgulynyň hiç ýerde okamandygyny, sowatsyzdygyny ýazyp, Ýewropa okyjysyny türkmen şahyry baradaky galp düşünjeler bilen aldapdyrlar. Türkmen alymynyň bular hakda gelen netijesi bilen ylalaşmak kyn.
Ýöne ýene bir bellemeli zat, ol hem zehinli edebiýatçy alymyň Hodzkony iňlis alymy hökmünde häsiýetlendirmegidüşnüksizdir.Elbetde, indi biz aradan gaty uzak möhletiň geçenligini göz öňüne getirsek, pikir edip görüň, 250 ýyla golaý, Hodzkonyň Magtymguly we onuň atasy hakdaky maglumatlaryny kimlerden alandygyny, haýsy obadan toplandygyny bilip bilmeris. Ýöne weli,bir zada anyk göz ýetirmelidiris: tejribeli we ussat gündogarşynaslaryň jemlenen ýeri bolan Sankt-Peterburg ýaly şäherde tälim alan adamyň öz toplan maglumatlarynyň ynamdar çeşme bolmagy üçin ol maglumatlary içginden-içgin öwrenendine, özümiz-ä birjik-de şübhelenmeýäris. Galyberse-de, ýaňy aýdyşymyz ýaly, maglumatlarynyň ynamdar bolmagy üçin bir ýa iki adamyň beren maglumaty bilen oňşuk edendir öýdemzok. Şeýle-de bolsa, Magtymguly we onuň atasy hakynda alyma maglumat beren adamlaryň bet maksatlardan ugur alandyklaryny, nähili pikire gulluk edendiklerini weli, aňlamak kyn däl.
Şeýle hem, D.Nuralyýewiň Hodzkony türki dilleriniň hiç birini bilmezlikde aýyplamagyna "hä" beresýň gelmeýär. Eger-de Hodzko şo dilleri bilmedik bolsa, onda ol Magtymgulynyň, Keminäniň, Garajaoglanyň goşgularyny, "Görogly“ eposyny nädip iňlis diline geçirdikä?! Bu sowala türkmen alymynyň işinde jogap tapmadyk.
Eýsem-de bolsa, biografiýada goýberilen säwlik üçin ewropaly okyjylarynyň Magtymgulydan ýüz öwren gezeginiň bolmandygyny wagt görkezdi (ýöne weli, hernäçe gynançly bolsa-da, şeýle gülkünç ýagdaýyň geçen asyryň otusynjy ýyllarynyň başlarynda hut Türkmenistanda bolandygynyň, şo döwürde Magtymgulynyň, heniz aňy oňly bişişmedik emelsiz emeldarlaryň "ideologiýasynyň“ pidasy bolmak howpunyň garşysynda duran wagtynyň bolandygynyň mysalyny biz türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň taryhyndan bilýäris-A.Ç.). Gaýta Magtymgulynyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen irki döwürlerden bäri gyzyklanma dowam etdi. Dürli döwürlerde F.Bakulin, I.Berezin, I.Blaremberg... ýaly öz döwrüniň görnükli adamlary Magtymgulynyň şygyrlaryna ýüzlendiler. Indi bolsa türkmen edebiýaty babatynda bitiren hyzmatlary sanaýmalyja setirler bilen bellenilen Hodzkonyň geçen ömür-döredijilik ýoly dogrusynda giňişleýin söhbetimize geçeliň!
Aleksandr Hodzko 1804-nji ýylyň 30-njy awgustynda Kriwiçide (häzirki Minsk oblastynyň Mýadel raýony), öz döwründe Litwada we Belarusda tanalýan belli maşgalada dünýä inipdir. Onuň kakasy Ýan Hodzko belli ýazyjy we görnükli jemgyýetçilik işgäri bolupdyr. Şu ýerde Aleksandr Hodzkonyň kakasy Ýan Hodzko hakda-da aýdylyp geçilse, kem bolmazdy. Onuň kakasy Ýan Boreýko Hodzko 1777-nji ýylyň 24-nji iýunynda Minsk woýewodalygynyň Wileýsk uýezdiniň (häzirki Mýadel raýony) Kriwiçi obasynda dünýä inipdir. Atasy ir ýogalansoň, mülki dolandyrmak üçin özüniň kämillik ýaşyny ykrar edilmegini sorap, korol Swýatoslaw AwgustPonýatowskä haýyş haty bilen ýüzlenipdir. Ýan beýik Litwa knýazlygynyň Wilendäki baş mekdebini tamamlapdyr. Ony 16 ýaşyndaka Oşmýan uýezdiniňgraždan-harby komissary edip belläpdirler. Soň bu ugurdan dürli wezipelerde işläpdir. 1826-njy ýylda bir jenaýat işi üçin 2 ýyl möhlet bilen türmä basylýar.
1828-nji ýylda ilki Peterburga, soň Woroneže, Wýatka we Perme ugradýarlar. Ol bu ýerde poliseý gözegçiliginde bolupdyr. Oňa sürgünden gaçmak başardýar. 1830-1831-nji ýyllarda milli-azatlyk gozgalaňlaryna gatnaşýar. Gozgalaň ýatyrylandan soň, öz ogly Iosif bilen Ýan Hodzkony Urala sürgün edýärler. 1834-nji ýylda 57 ýaşly Ýan Hodzko öz dogduk obasy Kriwiçä dolanyp gelýär. 1851-nji ýylda Minskä barýarka, ýolda näsaglaýar we şol ýerde ýogalýar.
Ýan Hodzko 1812-nji ýylda “Litwanyň azat edilmegi ýa-da Neman arkaly geçelge” atly 1 aktly goşgy bilen ýazylan komediýasyny ýazýar. 1816-njy ýylda “Krakus” atly tragediýasyny ýazypdyr. 1817-nji ýylda Ýan Hodzkonyň ady agzalan komediýasy şol at bilen özbaşyna kitap edilip çap edilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu kitap şol at bilen 2002-nji ýylda Minskide belarus dilinde gaýtadan neşir edilýar. 1821-nji ýylda Ýan Hodzkonyň “Swisloçli gezende söwdagär pan Ýan” atly kitaby onuň edebiýat meýdanynda ýazyjy hökmünde ykrar edilmesi bolýar. Hodzkonyň bu kitaby Belarussiýany teswir etmekde bu žanrda ilkinji synanyşykdyr. Bu eser uçilişelerde okuw gollanmasy hökmünde peýdalanylypdyr.
1837-nji ýylda Hodzko “12 tomluk kitap” atly eserler ýygyndysyny neşir etdirip başlaýar. Bu kitaba ýazyjynyň hekaýalary, powestleri, ylmy-taryhy işleri, Minskiniň taryhyna degişli makalalary, ýatlamalary, drama eserleri, şeýle hem “Gardaş we bajy”, “Kaştelýanowly panlar we olaryň goşgulary”, “Çesnikow panlygy” ýaly eserleri girizilipdir. Ýan Hodzkogoşgy bilen ýazylan iki tragediýanyň hem awtorydyr. Ol birnäçe meşhur aýdymlaryň goşgusyny hem ýazypdyr. 1858-nji ýylda “Wilenskaýa tetrad” žurnalynda (5-nji sany), Dominik Sezariýanyň “Ýan Hodzko. Durmuş portreti” atly giňişleýin makalasy çap edilýär. 1998-nji ýylda Minskide Ýan Hodzkonyň goşgularynyň ýygyndysy çap edilipdir. Aleksandr ýaşka göreldeli maşgala terbiýesini alýar, daşary ýurt dilleriniň birnäçesini öwrenýär. 1816-njy ýylda, ýagny on iki ýaşyndaka Wilno şäherindäki gimnaziýada okaýar, belli pedagog Tomaş Zandan sapak alýar. Gimnaziýany tamamlandan soň, Wilen uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa giripdir. Ol bu ýerde 1820-1823-nji ýyllar aralygynda bilim alypdyr. Aleksandr Hodzkonyň bu ýerde polýak şahyry Adam Miskewiç, Mihail Wolowiç, Ignat Domeýko ýaly soň görnükli şahsyýetler bolup ýetişen adamlar bilen bile okandygyny hem aýtmalylydyrys. 1923-nji ýylda Aleksandr studentleriň gizlin jemgyýetine gatnaşanlygy üçin tussag astyna alnypdyr. Birnäçe wagt geçenden soňam aklanypdyr. Azatlyga çykandan soň, ol Sankt-Peterburga iberilipdir. Bu ýerde ol Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň garamagyndaky janly diller okuw bölüminde birnäçe ýyl okaýar. Soňra görnükli Gündogary öwreniji alym Mürze Japar Topçybaşew oňa bu ugurdan halypalyk edipdir.
Bileýawuniwersitetiniň diller fakultetinde okaýarka, şol ýerde I.Lelewel, G.Grodek, I.Danilowiç ýaly meşhyr alymlardantälim alypdyr. Heniz Wilnodaky gimnaziýada okap ýören döwri, ol Gündogar halklarynyň medeniýeti bilen içgin gyzyklanyp başlapdyr. Ol şahyr hökmünde-de meşhurlyk gazanypdyr. Ol goşgularynda romantizmiň ideallaryny şöhlelendirýär, gündogar äheňlerine has köp üns beripdir.
1825-nji ýylda Aleksandr Hodzkonyň goşgularynyň we terjimeleriniň ýygyndysy polýak dilinde neşir edilýär. Ýygyndyda şahyryň Gündogara bolan täsin gyzyklanmasy mese-mälim bildirýär. Kitaba onuň A.S.Puşkinden, W.A.Žukowskiden, P.Merimäniň «Guzla» atly ýygyndysyndaky aýdymlardan başga-da, oňa täze grek, pars, başgyrt, azerbaýjan aýdymlarynyň nusgalary girizilipdir. Kitap A. Hodzkonyň arap äheňleri boýunça ýazan «Derar» atly poemasy bilen jemlenýär. Kitapda onuň ýaşan ýerleri bolan Belarus we Litwa topragynyň halk döredijiligi öz beýanyny tapýar. 1833-nji ýylda ýygyndyPoznan şäherinde gaýtadan neşir edilýär.
Käbir maglumata görä, bu kitap 1836-njy ýylda üçünji gezek hem neşir edilipdir. A.Hodzkonyň bu täze ýygyndysyna döwürleýin neşirler seslenipdir. A.A.Delwig tarapyndan neşir edilýän «Литературная газетада» A. Hodzkonyň şowly çykan kitaby hakda 1829-njy ýylda birnäçe makala çap edilýär. Şahyryň ady agzalan «Derar» poemasy rus diline terjime edilip, 1839-njy ýylda çapdan çykýar.
1827-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Peterburg uniwersitetineokuwa giren Hodzko 1830-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda dilmaç hökmünde rus missiýasynyň düzüminde Eýrana ugradylýar. Ol Peterburgdan ugrap, Astrahanyň we Bakuwyň üsti bilen, uzak ýol geçmeli bolupdyr. Ýolda gören-eşiden zatlary hakda maglumat toplaýar. Onuň ýol ýazgylary Peterburgyň gazetleriniň biriniň («Литературная газета») dört sanynda çap edilipdir.
A.Hodzko Eýrandaky rus missiýasynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Töwrizdäki rus konsullygynda dilmaç (1832-nji ýylyň 26-njy martyndan), baş konsulyň sekretary (1833-nji ýylyň 13-nji noýabryndan), Gilýan prowinsiýasynyň administratiw merkezi bolan Reşetde konsul (1934-nji ýylyň 14-nji awgustyndan) ýaly wezipelede işleýär.Bu ýerlerde işlän wagtlary A.Hodzkonyň ömrüniň iň bir netijeli döwri bolupdyr. Ol ýurduň taryhyny, däp-dessurlaryny, dilini, medeniýetini öwrenýär.
Beýik rus şahyry we diplomaty A.S.Griboýedow Hodzkonyň okap ýören bu okuw jaýynda bolan mahaly, ýaş Aleksandr onuň öňünde öz ýazan goşgularyny okapdyr. Okalan goşgular, ýaş ýigidiň özüni mynasyp alyp barşy Russiýa döwletiniň Eýrandaky ilçisi A.S.Griboýedowyň göwnüne ýarapdyr. Şeýdibem ol Griboýedowyň synagyndan geçmegi başarypdyr. Bu waka 1928-nji ýylyň 16-njy martynda Sankt-Peterburg şäherinde bolup geçýär. Griboýedow şol ýylyň 2-nji aprelinde ökde pianinoçy Mariýa Şimanowskaýanyň öýünde myhmançylykda bolupdyr. Oňa Aleksandryň hem gatnaşanlygy hakda Şimanowskaýanyň gyzy Ýelena öz gündeliginde ýazgy galdyrypdyr.
Aleksandr Hodzko beýik rus şahyry A.S.Puşkin bilen, şahyrlar W.A.Žukowskiý, P.Wýazemskiý bilen hem tanyş eken. 1929-njy ýylyň 14-nji maýynda Adam Miskewiçi Peterburgdan Kronşdata gämi bilen ugradanam Hodzko. Şonda Adam Miskewiç Russiýa imperiýasyny terk edip, Ýewropa ýurtlarynda ýaşamak üçin emigrasiýa gidipdir. 1930-njy ýylda Eýrana işe ugradylan döwri, Hodzko bu ýerde ýewropalylaryň arasynda ilkinji bolup talyş dilini öwrenen adam. Hodzko bu ýerde işlän döwri rus harby inženeri, general-leýtenant Iwan Fýodorowiç Blaremberg bilen dostlaşypdyr. General öz dosty Hodzko bilen bagly bir ýatlamany galdyrypdyr. Ol şeýle ýazýar: “8-nji iýunda biz Astrabat adasyny öwrenmek maksady bilen ony doly aýlanyp çykmak kararyna geldik. Ýola düşjek bolup durkak, özboluşly bir kiçijik gämi biziň parohodymyzyň ýanyna geldi. Gämide oturan türkmen Gilýandaky konsulymyz A.Hodzkonyň iberen bir hatjagazyny bize gowşurdy. Hodzko hatynda özüniň biziň bilen duşuşmak isleginiň bardygyny ýazypdyr. Men Karelin bilen bilelikde gämili haýdan-haý Garasuwa tarap ugradym. O ýerde Sengir atly pars portynda duran konsulymyzy we onuň ýanyndaky Astrabadyň gubernatorynyň dogany Muhammet Ysmaýylbegi hem parohodymyza mündürdik. Muhammet Ysmaýyl beg onuň Aly hezretleriniň ýarag göterýänçisi.Musulmanlygyna garamazdan, ol biziň bilen bir çüýşe portweýn çakyryny deň boşatdy. Öýleden soň biz olary kenara getirip gitdik. Şu mynasybetli,“Gawriila” topy bilen biziň topçularymyz üç gezek top okuny atdylar.
Içilen çakyrdan kellesi sämänhem-de sowgat berlen üç sany hrustal bokaldan göwni joşan Muhammet Ysmaýyl beg öz gezeginde ekspedisiýanyň naçalnigine tutuş Eýrany sowgat eçilýändigini aýtdy. Göwnümiziň näme isleýändigini, hatda munuň üçin bitirip bolmajak zady hem bitirjekdigini zol-zol gaýtalady durdy. Ýöne weli,onuň biziň üçin göwnünden çykaran zady — şol günüň ertesi bize iberen 50 sany hyýary boldy.
A.Hodzko şo gezek özüniň bize Abbas şanyň tomusky dynç alýan meşhur rezidensiýasynda — Eşrefde garaşýandygyny, şo ýerde biziň bilen duşuşjakdygyny wada berip, biziň bilen hoşlaşdy“.
A.Hodzko 1842-nji ýyldan soň Gresiýa, Italiýa, Angliýa, Fransiýa syýahat edýär. Parižde ýaşaýan doganlary Stanislaw bilen Mihailiň ýanynda görme-görüşde bolýar. Doganlar Aleksandryň hem öz ýaşaýan şäherlerinde mesgen tutmagyny maslahat berýärler. Şondan soňol Parižde ýaşap başlaýar. Fransiýanyň Daşary işler ministrliginde işe durýar. Eýranyň şasynyň haýyşy bilen Parižde okaýan eýranly studentleriň 42-sine gözegçilik edýär. Ol Parižde Adam Miskewiç bilen dostlik gatnaşygyny has-da ýygjamladýar. A.Hodzko öz dostuna “Трибунал народов” atly gazeti ýola goýmaga hemaýat edýär (1849).

Şu ýerde Aleksandryň doganlary hakda-da aýdyp geçmegimiz gerek:

- Onuň uly dogany Ignatiý (1794-1861) käri boýunça himik. Ýer işleri barada birnäçe işleriň awtory, professor.

- Wladislaw Hodzko (1799-1842) — sudýa, Wileý uýezd sudunyň oturdaşy. Näsaglaýar, öz janyna kast edýär.

- Iosif Hodzko (1800-1991) general, belli geodeziýaçy, Kawkazyň ilkinji kartasyny düzen we Ararat dagynyň takyk ölçegini eden adam.

- Feliks Napoleon Hodzko — 1830-1831-nji ýyllarda Kriwiçidäki gozgalaňçylar otrýadyna ýolbaşçylyk edýär, emigrasiýada bolýar, Fransiýanyň demir ýollarynda inženerçilik edýär. Fizikada gazanan üstünlikleri üçin altyn medal bilen sylaglanýar.

- Mihail Hodzko (1808-1879) 1830-1831-nji ýyllaryň gozgalaňyna gatnaşyjy. „Polşa saparyndan soň on kartina”, “Iki akt” ýaly poemalaryň, ülkäni öwreniş boýunça ýedi sany ylmy işiň awtory. Iňlis dilinden ýazylan köp işleri nemes diline geçiripdir.

Aýal doganlary Sofýa Hodzko maşgalasy bilen Rogowiçi mülkünde ýaşaýar, soňra Tiflisde ýaşaýan dogany Iosifiň ýanyna göçüp barýarlar.

Aleksandr Hodzkonyň başga bir ýegenleri Ýan Hodzko ýazyjy we taryhçy hökmünde tanalypdyr.

Stanislaw Morawskiý atly bir ýazyjy bu maşgala hakda ýakymly sözler galdyrypdyr. Ol: “Nirede ýaşaýanam bolsa, Hodzko atly adama duş gelip, oňa “akylsyzdy” diýen sözi eşitmek günä bolar” diýip aýdýar.
Aleksandryň ejesi Klara (1770-1852) adamsy ýogalandan soň, tiz aradan çykýar.
Aleksandr Hodzkonyň aýaly grafiniýa Gelena Dunina. Uly ogly Adam (1847-1923), soňkulary Wiktor (1848-1931), Aleksandr (1860-1936), gyzlary Mariýa — bu maşgalada jemi üç ogul, bir gyz dünýä inip, ösdürilip ýetişdirilipdir.
Hodzkonyň bibliografiýasyny öwrenijileriň maglumatynda onuň 16 ýaşyndaka Zalesýe obasynyň gözelligine haýran galyp, sanlyja sagadyň içinde “Zalesýe” poemasyny ýazandygyny belläpdirler.
Edebiýatçy alym Ýan Çeçota 1823-nji ýylda Adam Miskewiçe ýazan hatlarynyň birinde atlary tutulýan zehinli ýaşlaryň arasynda Ales Hodzkonyň hem adyny agzap geçipdir. Adam Miskewiç bolsa öz şahyr dostuny “Laçyn” diýip atlandyrypdyr. A.Miskewiç “Aleksandr Hodzko” atly goşgusyny ilkinji gezek 1924-nji ýylda türmede oturan wagty ýoldaşlaryna okap beripdir. Goşguda “bürgüt uçuşynyň gizlin syrlaryna belet” Ales, “bürgüdiň özüniň hem ony görse gözüniň gitjekdigi” wasp edilýän Ales Hodzkonyň geljekde “polýak poeziýasynyň täji” boljakdygy aýdylýar.
Hodzkonyň 1824-nji ýylda Peterburgda “Poeziýa” atly kitaby neşir edilýär. Kitaba awtoryň täze grek goşgularynyň 36-sy, dürli temadan ýazylan kiçijik pýesalary, Baýronyň ýykgyn eden gündogar goşgularynyň täsirinden dörän “Derar” poemasy, “Maliny” (belarus halk döredijiliginiň äheňinde) balladasy girizilýär. Bu ýygyndy hakynda “Литературная gazetada” (t. 1, №5) gowy syn çap edilipdir. Hodzkonyň galamdaş ýoldaşy “Maliny” balladasynyň esasynda “Baladina” ady bilen drama eserini döredendigini hem ýatlamak gerek.
A.Hodzkonyň täze ýygyndysyny okan polýak edebiýatynyň klassygy A.Miskewiç oňa Ženewadan “Biz bu ýerde seniň “Poeziýaňy” hezil edip okadyk... Ýygyndyny gowy düzüpsiň: goşgularyň barysy gymmatly, olaryň aglabasyny, aýdymlary we balladany okamak aýratyn täsir galdyrýar” diýip, hat ýazypdyr.
1935-nji ýylda edebiýatçy P.Dubrowskiý: “Polýak poeziýasynda Miskewiçden soň ikinji bolup ajaýyp şahyr A.Hodzko barýar. Olar iki bolup Gündogary wasp edýärler. Ýöne bu ugurda olaryň hersiniň öz ýoly bar. Döredijilik fantaziýasy babatda, pikir çuňňurlygy babatda Miskewiçden asgyn gelýänem bolsa, Hodzkonyň poeziýasynyň dem alşy öz hakyky gündogarlydygy bilen kalbyňda orun tutýar. Çünki ol Gündogary has ýakyndan öwrenen şahyrdyr” diýip ýazýar.
A.Hodzkonyň pars edebiýaty dogrusynda iňlis we fransuz dillerinde ýazan ylmy işleriniň gymmaty örän uludyr. 1852-nji ýylda “Pars grammatikasy” (“Persidskaýa grammatika”) atly ylmy işi üçin Napoleon III tarapyndan Hormatly Legion ordenine hem mynasyp bolupdyr. Soňra ol “Pars poeziýasynyň halk nagyşlary”, pars drama eserleriniň ýygyndysyny — “Pars depderi” atly kitaplary hem ýazypdyr.
1853-1856-njy ýyllaryň Krym urşuna türkler bilen bile gatnaşan fransuz esgerleri üçin türk gepleşik diliniň sözlügi hem Hodzko tarapyndan taýýarlanypdyr. 1859-njy ýylda “Patyşa we dört derwüş” atly pars powestini fransuz diline terjime edýär. Günorta kürt dialektiniň grammatik oçerkini hem Hodzko düzüpdir. Aleksandr Hodzko polýak-iňlis we iňlis-polýak sözlüklerini ýazypdyr. 1874-nji ýylda olaryň ilkinji neşiri Berlinde çap edilipdir.
Ukrain we latyş halk aýdymlarynyň birnäçesiniň fransuz dilinde ýaňlanmagynda hem Hodzkonyň hyzmaty az däl (1879 ý.).
1857-nji ýylda A.Hodzko Pariždäki pars dili mekdebinde mugallym bolup işlemäge höwes bildiripdir. Emma onuň bu arzuwy başa barmansoň, «Kolleždefrans» uniwersitetiniň slawýan dilleri we edebiýaty kursunyň professory bolup işleýär. Alym 1891-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 88 ýaşynyň içinde, Parižiň eteginde aradan çykar. Ony Parižden känbir uzakda bolmadyk Monmoransy şäherçesindäki gonamçylykda jaýlapdyrlar.
A.Hodzkony filologiýa-da, folklor-da, etnografiýa-da, diliň meseleleri-de, Hazaryň kenarýaka halklarynyň teatrlary-da az gyzyklandyrmandyr. A. Hodzkonyň 1842-nji ýylda iňlis dilinde neşir eden kitaby ýewropalylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Kitabyň bölümleriniň sözbaşylaryna garap geçeniňde, onuň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirýärsiň. Kitap sözbaşy, «Görogla» giriş, «Göroglynyň başdan geçirmeleri», «Astrahanly tatarlaryň halk aýdymlary», «Galmyklaryň üç aýdymy», «Türkmenleriň aýdymlary», «Parslaryň, gilýanlaryň, dagly rudbarlaryň, tylýaşlaryň, mazanderanlylaryň aýdymlary», tekstleriň nusgalary, fortepiano üçin oranžirowka edilen dokuz sany pars aýdymy ýaly bölümlere bölünen.
Şeýle hem, ol kitapda azerbaýjanlaryň, türkmenleriň, nogaýlaryň we beýlekileriň halk döredijiligi hakyndaky ýazgylaryny ýerleşdiripdir. «Kitap öz döwründe meşhurlyga eýe bolupdyr» diýip, ýöne ýere aýtmadyk. Sebäbi muny aýtmaga esas bar. Çünki ýygyndydaky halk döredijiligine degişli makalalaryň birentegi soňam birnäçe gezek dürli dillerde neşir edilipdir. Ýazyjy Žorž Sand 1842-nji ýylda, ýagny mundan 180 ýyla golaý wagt öň «Göroglyny» iňlis dilinden fransuz diline terjime edipdir. Soň "Göroglyny“ Adolf Brelýe (1857) fransuz, O.Wolf (1842) nemes, S.Penn rus (1856) dillerine terjime edipdirler. Görşümiz ýaly, "Görogly“ fransuz diline iki gezek geçirilipdir. Kitabyň aýry-aýry bölümleriniň dürli dillere terjime edilip, özbaşyna çap edilmegi awtoryň uly döredijilik üstünligidi.
Bilşimiz ýaly, “Görogly” eposy türki halklaryň arasynda Orta Aziýa we Sibirde ýaşaýan balkan türklerinden başlap, tä gazaklardan uýgurlara çenli, mongol-tatarlarda hem, mahlasy, ýigrimiden gowrak milletleriň arasynda ýörgünli bolupdyr. “Körogly” ady azerbaýjan we türk halklarynda, ýagny “Körüň ogly”, käbir ýerlerde Kerogly, türkmenlerde “Görogly” (bu özbekleriň we uýgurlaryň “Goroglusy” bilen manydaş adyny aňladýar) ady bilen bellidir.
Aleksandr Hodzko eposyň azerbaýjan wariantyny iňlis diline geçiripdir. Düşnükli bolar ýaly, biz azerbaýjan görnüşiniň bir şahasynyň — Köroglynyň Nigara öýlenişiniň mazmunyny gysgaça beýan edeliň!
Myrat soltanyň Nigara atly gyzy bar eken. Ol gyz juma güni metjide barýan wagty Sanjaryň ýaşaýjylarynyň ählisiniň öýden çykman oturmalydygy, ýöne şäherdäki dükanlaryň, bazarlaryň açylmalydygy hakda höküm bar ekeni. Haçanda şa gyzy geçip barýarka, Belli Ahmet diýen bir adam dükanlaryň birinde gizlenip, şa gyzyny synlamakçy bolýar. Muny şa gyzy görýär. Ol onuň kimdigini soraýar we Belli Ahmet gyza özüniň Köroglynyň nökeridigini aýdýar. Şonda Nigara hat ýazyp, Körogla aşyk bolandygyny, Köroglynyň gelip, özüni äkitmegini soraýar. Ol adam Köroglynyň galasyna gelýär we Nigaranyň hatyny, gyzyň şekili çekilen kiçijik sowgady hem oňa gowşurýar. Körogly haýdan-haý Gyratyna atlanyp, nirdesiň Stambul diýip ugraýar.
Stambulda Körogly bir kempiriň öýünde saklanyp, özüne saz guralyny satyn alýar. Mollanyň ak egin-eşigini geýýär. Oňa özüniň Myrat soltanyň wekilidigini aňladýan hat ýazdyrýar. Şo wagtlar Soltan Mekkä haja giden eken. Körogly şa gyzynyň ýanyna baryp, oňa saz bilen özüniň kimdigini we näme maksat bilen gelendigini aýdýar. Başda şa gyzynyň kenizleri mollasypat adamy görüp, ýüz bermejek bolup, göwnüne-de degýärler. Şa gyzy onuň Körogludygyna göz ýetirenden soň, ertesi daň bilen Körogly bilen köşki terk edip gaçýar. Bu habary eşiden Nigaranyň dogany Burja soltan leşgeri bilen gaçgaklaryň yzyndan kowýar. Körogly dagy mundan habarsyz. Az ýöräp, köp ýöräp gidip barýarkalar, Köroglynyň dynç alasy gelýär. Ol Nigara özüniň birnäçe gije-gündizläp gözüniň awusyny aljakdygyny duýdurýar. Körogly uka gidýär. Nigara Köroglynyň Gyratynyň aýaklary bilen ýer peşäp, birahat bolup durşuny görüp, Köroglyny ukusyndan oýarýar. Şo wagtlarda Burjy öz leşgeri bilen bularyň üstüne dökülýär. Söweş başlanýar. Söweşde Burjy soltan ýeňilýar. “Bulardan-a başymyzy gutardyk” diýip barýarkalar, ýene bir topar adam çykýar. Görüp otursalar, keseki ýurtly bir ýaş ýigit hem Nigara aşyk bolup ýörse nätjek. Muny eşiden Körogly olar bilen söweşe girýär. Olar ýene ýola düşüp, gidip baryşlaryna, ýolda uly bir kerweniň üstünden barýarlar. Kerwen eýesi baý söwdagär adam Nigarany görüp, oňa aşyk bolýar we Nigara öýlenmekçidigini bildirýär. Haçanda kerwendäkiler Nigaranyň ýoldaşynyň kimdigini bilensoňlar, olar kerwen eýesinden bu hyýalyndan el çekip, ol adama sowgat-serpaý edip, öz başlaryny aman gutarmagy üçin ýalbaryp başlaýarlar. Nigara bu ýerde-de ara goşulyp, Körogludan baýyň günäsini geçmegini soraýar. Körogly özüni kemsidenligi üçin baý täjirden 1500 pars tümeni talap edýär. Körogly bilen şa gyzy Nigara uzak ýol söküp, ahyry Çamlybil galasyna gelip düşýärler. Çamlybil ilaty Körogly bilen Nigaranyň sag-aman gelenligini eşidip, şady-horram bolýarlar.
Awtor Göroglynyň keşbinde halkyň arkadagyny, onuň asuda durmuşda ýaşamagy üçin janyny gaýdyrmaýan halk gahrymanyny görüpdir. Gündogar halklaryna bolan söýgi, olaryň edebiýatyna, folkloryna... gyzyklanma A.Hodzkony döredijilik üstünliklerine getirýär. Ýaşlykda alan güýçli tälimi, gündogar dilleriniň birnäçesini suwara bilmegi, oňa «Göroglyny» aýdyjylaryň dilinden kynçylyksyz ýazyp almaga mümkinçilik berýär. Şu ýerde folklorçy Ata Çepow biygtyýar ýadyňa düşýär. Ol folklora bolan söýgüsinden ýaňa ilkinjileriň biri bolup «Göroglynyň» şahalaryny Pälwan bagşydan irmän-arman ýazyp alypdyr.
N.G.Çernyşewskiniň “Körogly gündogarly şahandaz — serkerde” diýen sözbaşyly, uly göwrümli syny “Современник” žurnalynyň 1856-njy ýyldaky 10-njy sanynda çap edilipdir. Geliň, şol syndan birnäçe setiri okap göreliň: “Körogly — terjime edeniňde Körüň ogly diýmekdir. Ol ençeme çeper rowaýatlaryň gahrymanydyr... Köroglynyň asly Demirgazyk Horasandyr”. Körogly olardan milli gahrymany we şunuň bilen birlikde milli şahyry. Onuň harby aýdymlarynyň Gündogarda sarpasy belent: belli Gündogary öwrenij Hodzkonyň häsiýetlendirmegine görä, “goşgularda ötgür dil, obrazlylyk, joşgun, haýsydyr bir täsinlik, dogumlylyk bilen sazlaşma emele getirýär. Onsoň olary hiç bir dile terjime etmek mümkin däl”. “Halkyň fantaziýasy olary şeýle bir ýokary belentlige çykarypdyr welin, hekaýatlar baý çeperçilikli epopeýa öwrülýär gidiberýär. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi hekaýatlaryň mazmunynyň milli häsiýete doly laýyk gelýänligindendir”.
“Men bu original poeziýa bilen okyjylary tanyşdyrmak üçin bir epizody mysal getirýärin”.
Görnükli rus tankytçysynyň eline galam almagyna näme sebäp bolduka? N.Çernyşewskiý hem watanperwer, internasionalist bolupdyr. Gowy eser haýsy halkyňky bolsa-da, oňa eserdeň garapdyr. Onuň pikiriçe, çeper eser haýsy halkyňkydygyna garamazdan, okan adama ruhy lezzet berýär. Şonuň üçin-de ol eserler bütin adamzat nesliniň baýlygydyr. Onsoňam, şu toma düşündiriş ýazan W.Ý.Ýewgrafowyň güwä geçmegine görä, Çernyşewskiý Gündogar halklarynyň azat edijilik göreşi, medeniýeti bilen içgin gyzyklanypdyr. Şol döwürde käbir taryhçylar Göroglynyň obrazyny tankytlapdyrlar. Göroglyny talaňça, garakça meňzedýärler. Olaryň nukdaýnazaryndan Göroglynyň hereketleri, özüni alyp barşy halkyň oý-pikirlerinden, isleg-arzuwlaryndan üzňe. N.Çernyşewskiý žurnalda çykyş edip, “Görogly” barada şeýle pikire gulluk edýänlere berk gaýtawul berýär. Ol synynda Göroglynyň obrazynyň süňňüne halkyň azat edijilik göreşiniň siňendigini, onuň garakçy däl-de, milli halk gahrymanydygyny subut edýär.
Süňňi tüýs milli häsiýete ýugrulan Görogluda öz halkynyň erkinligi ugrunda aýaga galan, köpçüligi mydama bu göreşe galkyndyrýan, Watany daşary ýurt basybalyjylaryndan goramak üçin batyrlyk, hüşgärlik, söweşde ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň bolmagyny ündeýän serkerdäniň obrazynyň jemlenýändigini N.G.Çernyşewskiý örän ýerlikli belläpdir. Magtymgulyny, Garajaoglany, Mämmetweli Keminäni, Göroglyny Ýewropa ilkinji bolup tanadanlaryň biri Aleksandr Hodzko diýdik. Kemine 1840-nji ýylda Saragtda ýogalypdyr. Aleksandr Hodzko bolsa onuň goşgularynyň birnäçesini 1833-nji ýylda Türkmensährada ýazyp alypdyr. Diýmek, heniz özi bar wagty Keminäniň döredijiligi öwrenilipdir. Belki-de, gezende şahyr Kemine şol wagtlar Türkmensährada bolandyr-da, slawýan alymy we şahyry bilen duşuşandyr diýen bir hyýaly pikir hem kelläňe gelmän durmaýar. A.Hodzko Keminäniň «Ýaraşmaz» diýen şygryny sözme-söz iňlis diline terjime edipdir. Goşgy onuň terjimesinde alty bentden, biziň neşirlerimizde dört bentden ybarat. Şygryň A.Hodzkoda doly görnüşde getirilmegi hem biziň ýaňky hyýaly pikirimiziň döremegine sebäp bolan bolmagy ahmal. «Mürçe gözelleri şahandaz bolar», «Janym ärsarynyň gyzy» diýýän Kemine şahyr ýol aşyp, il aşyp, pygamber hasaplan halypasy Magtymgulynyň ýaşan ýerlerine, onuň kyblasy Döwletmämmet Azady bilen bile ýatan guburyna zyýarat edip bilmezmi?! Muňa şübhelenmese bolar!
A.Hodzko Demirgazyk Horasanda (1833) türkmen aýdymlarynyň we goşgularynyň ençemesini toplapdyr. Bu ýazgylar edebiýatçy alymlar tarapyndan az öwrenildi. R.Alyýew, B.Garryýew, A.Meredow ýaly alymlar A.Hodzkonyň bitiren işleri dogrusynda azda-kände aýtdylar. Edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýewiň «Keminäniň nesihatlary iňlis dilinde» (1966) atly çaklaňja makalasy diýäýmeseň, bu ugurda suwytly bir edilen iş ýok.
A.Hodzko bilen bagly maglumatlary öwrenip ýörkäk , özümiz üçin gyzykly bir maglumatyň üstünden barandygymyzy hem gürrüň arasynda aýdaýyn. ХIХ asyrda ýaşap geçen azerbaýjan şahyry Natewanyň (1836-1897) goşgularyny okap, onuň ömri we döredijiligi hakda gyzyklandym. Natewanyň özünden öňki ýaşap geçen azerbaýjan şahyrlary Mürzerahym Penanyň, Keminäniň, Sejidäzim Şirwanynyň, Nakamyň oňa uly täsir ýetirendigine göz ýetirdim. A.Hodzkonyň Demirgazyk Horasanda bolup, halk döredijiliginiň nusgalaryny toplaýarka, ýaňky şahyrlaryň atlaryny, şol sanda azerbaýjan şahyry Keminäniň hem adyny eşidendir diýip pikir edýäris.
Türkmen alymy D.Nuralyýew öz makalasynda A.Hodzkonyň Kemine hakdaky ýazgysyna gowy baha beripdir. «Şygryň prozada terjime edilendigini nazarda tutmasak, ol, umuman, oruginala ýakyn terjime». Ýöne ol ýazgysynda A.Hodzkonyň Prussiýada konsul bolup işländigini, şonda Keminäniň goşgularyny toplandygyny ýazýar. Gynansak-da, D.Nuralyýewiň şol wagt A.Hodzkonyň konsul bolup Prussiýada däl-de, rusça aýdylyşy ýaly, Persiýada konsul bolandygyny bulaşdyran bolmagy ahmal. Hodzko baradaky şeýle nätakyklyk başda «Rus biografik sözlüginde» (1901, Sankt-Peterburg), «Ensiklopedik sözlükde» (1903, Sankt-Peterburg), «Polýak biografik sözlüginde» (Krakow, 1937) gidipdir . 1933-nji ýylda onuň Demirgazyk Horasanda ýazyp alan türkmen aýdymlarydyr goşgularynyň tekstleriniň ýazgylary edebiýaty öwreniş ylmy üçin gyzyklydyr. Edebi ýazgylaryň iki teksti «Teke türkmenleriniň ýeňşi» hem-de «Moýunyň eteginde Emirguly hanyň ýeňlişi hakyndaky aýdym» diýlip atlandyrylypdyr. Beýleki üç tekst bolsa şahyr Garajaoglanyň döredijiligine bagyşlanandyr. Altynjy tekstde Eýran şasy Agamuhammediň 1796-njy ýylda kürtleriň hany Mämiş hana garşy eden söweşi teswirlenipdir. Galan üç teksti alym «Magtymguly türkmeniň üç aýdymy» diýip atlandyrýar. Bu üç goşgynyň atlaryny A.Hodzko özüçe atlandyrypdyr diýip çaklamak bolar – «Magtymguly öz ejesine», «Pähim-paýhaslar», «Gyş ýatlamalary», soňra «Serjam aýdymlary», «Keminäniň öwüt-ündewleri» (ýa-da D.Nuralyýewiň ýazyşy ýaly «Keminäniň nesihatlary» diýip alsaňam boljak. A.Ç.), «Adyna Deregezi aýdymlary» bölümleri ýerleşdirilipdir.
Ýazgylardan görnüşine görä, A.Hodzko türkmen klassygy Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn üns beripdir. Ol öz işinde onuň diňe bir türkmenleriň arasynda däl, eýsem-de bolsa, tutuş Horasanda meşhurlygyny belläp geçýär hem-de goşgularyň ýany bilen şahyryň gysgajyk biografiýasyny berip, şahyryň dünýägaraýyşynyň çuňňurlygyny aýratyn nygtaýar. A.Hodzko Magtymguly Pyragynyň genial şahyrdygy hakdaky pikirini şeýle beýan edýär: «Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän birnäçe goşgy bu ajaýyp adamyň geniallygyna doly güwä geçýär. Onuň poeziýasyndaky tebigata söýgi, dünýä hakyndaky filosofik oýlanmalary beýleki bir aziýaly şahyrlaryň arasynda gaty seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr».
Aleksandr Hodzko öz täsin tapyndylary hakda rus syýahatçysy I.Blaramberge gürrüň beripdir. I.Blaramberg A.Hodzkonyň rugsat bermegi bilen Magtymgulynyň bir goşgusyny kyssa görnüşinde sözme-söz terjime edipdir. Ony «Türkmenistana gysgaça syn», «Eýrana statistiki syn» ýaly işlerinde ýerleşdiripdir (1853). Sözme-söz terjimesini okap, bu goşgynyň şahyryň «Bir ajy doýurmak haçdyr ýaranlar» setirli goşgusydygyna göz ýetirmek bolýar. Blarambergiň bu ýazgysy A.Hodzkonyň işinden on iki ýyldan soň neşir edilipdir.
Elbetde, Aleksandr Hodzko türkmen şahyrlarynyň döredijiligi hakda özünde galan täsirini diňe bir Blaramberge gürrüň berendir öýdemzok. Onuň dost-ýarlary, tanyş-bilişleri az bolmandyr. Şahyr Adam Miskeýewiçiň, kompozitor Şopeniň we beýleki görnükli adamlaryň Hodzkonyň dostlary bolandyklary hakynda alymlar ýazypdyrlar. Diýjek bolýan zadymyz, şol adamlar hem Magtymguly, Kemine, ГГгGarajaoglan ýaly şahyrlarymyz hakynda türkmeniň jana-jan dosty A.Hodzkodan eşidip, bu täsin ykbally adamlaryň döredijiligi bilen gyzyklanandyklary ähtimaldyr.
Elbetde, A.Hodzkodan başlanan ýol soňam dowam etdi. Rus alymy F.Bakulin 1852-nji ýylda, ýagny göni ýigrimi ýyldan soň rus okyjylaryny Magtymgulynyň goşgulary bile tanyşdyrdy. Onuň makalasy «Türkmenleriň aýdymlary hem olaryň Magtymguly atly şahyry» diýlip atlandyrylyp, Tbiliside «Russiýa imperatorynyň geografik jemgyýetiniň Kawkaz bölüminiň habarlarynda» çap edilipdir.
Aleksandr Hodzko ýa-da Aleksandr Leonardowiç Hodzko — Boreýkonyň ömrüni we onuň köpgyraňly döredijiligini, ylmy mirasyny öwrenmekde polýak we rus, belarus alymlary birtopar iş etdiler. Bu babatda I.Blarembergiň, A.Samoýlowiçiň, N.Hanykowyň, U.Marheliň, Ý.Parhutanyň, L.Marakoýuň, W.Griskewiçiň, A.Karlýukewiçiň, Ý.Çagotyň, E.Žakewiçiň, azerbaýjan alymlary M.Sadyhowyň, A.Gojyýewiň we beýlekileriň işlerini görkezmek bolar.
Azerbaýjan edebiýatçy alymy M.Sadyhow rus-azerbaýjan-polýak edebi gatnaşyklary hakyndaky kitabynda Hodzkonyň azerbaýjan edebiýatyndaky hyzmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň edipdir. XIX asyrda ýaşap geçen azerbaýjan ýazyjysy Mürze Fataly Ahundowyň döredijiligini ýaýratmakda hem Hodzkonyň hyzmatyny alym öz işinde belläp geçýär.
Türkmen alymlary B.Garryýewiň, R.Alyýewiň, A.Meredowyň işlerinde Hodzko hakda azda-kände agzalyp geçildi. D.Nuralyýew beýlekilere garanyňda, has göwrümliräk gürrüň etdi.Biz hem şu ýazgymyzda türkmen folklorynyň nusgalaryny, türkmeniň «Göroglusyny», türkmeiň beýik şahyry Magtymgulynyň, Keminäniň, Garajaoglanyň adyny Ýewropa ýurtlaryna ýaýmakda ilkinji bolup iş bitiren Aleksandr Hodzko hakda doly bolmasa-da, azda-kände gürrüň etmegi maksat edindik. Çünki biziň pähimdar halkymyzda «Bir gün duza müň gün salam» diýen dana gep bar. Ýagşylyk hiç haçan unudylmaly däl. Bu adamzat döräli bäri dowam edip gelýän pähim. Asyrlaryň jümmüşinde halkymyzyň belent zehinine sarpa goýup, paý-u-pyýada ýol söküp, durmuş amatsyzlyklaryna garamazdan, gadymy halkymyzyň dürdänelerini toplap, dünýä halklaryna ýetiren adama neneň, gadyr-sarpa goýmajak?!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 26 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]