11:35
Häzirki zaman toýlarynda

HÄZIRKI ZAMAN TOÝLARYNDA

Kanagaty ýetmän toýda serpaýa
Sesine nyrh kesip orta atýarlar.
"Aýdymçylar" bogazyna bat berip,
Aýdymy satýarlar,
                                  sazy satýarlar.

Wepalysyraşyp olar şejerä,
Bagşydyryn öýdüp,
                                   çenden aşyplar.
Münberiñ üstünde bolýar wejera,
Maýmyna dönýärler joşup-daşyplar.

Sesin salyp bazaryna toýlaryñ,
Artdyranam bolýar olar arzyny.
Bäş manatdan, on manatdan satýarlar -
(Näme üçin ýene şolar arzyly?).

Gümmürdeýär apparatlar, "susaklar",
Tansa çykýar geçi kimin süsekler.
Ata-baba gelýän beýik sungatyñ
Atýar ýüreginden bagşysumaklar.

Şadurdy ÇARYGULYÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Haweran | Теги: Şadurdy Çarygulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş ilkinji synanşygym okladym poçtaña

0
4 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Howwa geldi... meñki bardymyka

0
2 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Mango daýy size birzatjyk oklajak welin elektronny poçtañy uzadaý

0
3 mango   [Mowzuga geç]
uzatdym.
profiliňizde.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
inçelik bilen temany yzarlaýaňyzow....
täşli kaka tülegeniň söhbetinden soň toý temasy dowam edýär.
---
goşgy barada: - bu goşgy däl.
goşgydaky "aýdymçylar" barada: - olaryň köpüsinde häzir hormatly atlar bar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]