18:31
"Şemal söýgi bilen öpýär ýelkeni..."
"ŞEMAL SÖÝGI BILEN ÖPÝÄR ÝELKENI..."

Şemal söýgi bilen öpýär ýelkeni,
Güneş garda öwrülipdir altyna.
Eýsem ýalanmy nä, meniñ diýýänim,
Ýagty dünýä söýgi bilen galkynan.

Şonuñ üçin ýürekleri aýaly,
Ýoknasyz gybatdan, ýalan töhmetden.
Kalby çekme deýin duýgudan bezäp,
Gözler gansyn iñ şirin muhabbetden.

Gowşak seýsi arşa galdyrar, mümkin
Ony söýen bolsa iñ ýyndam aty.
Çapraz düşenleri öwürer dosta,
Ýürekden çoganda söýgiñ gudraty.

Söýgi näme,
Ýa ýazylan ykbalmy?
Asman-zemin täsin duýga ýuwulan.
Bu beýik dünýäni sallançak edip,
Adam ogly söýmek üçin dogulan.

* * *

Kimdir biri yzarlap ýör hemişe,
Näzik şybyrdysy maña diýseñ geñ.
- Gapymy ýapsam, aýnadan gelýän kim?!
- Ýol.

Şol täsin duýgyny şal deý ýapynyp,
Şemaly gujaklap asmana galsam,
- Aýnama ýüpek deý perde örten kim?!
- Agşam.

Olar bile gidýär uzak menzile,
Biri ýuwaş, biri atýar sykylyk.
- Bize bu ykbalda näme garaşýar?
- Bakylyk.

* * *

Ezizim, ne sebäp seniñ gözleriñ,
Tolkunlap möwç urýan gussadan doly.
Hesperia pyşyrdap özgäniñ adyn,
Muhabbetiñ gijäñ aýdymy ýaly.

- Nädeýin, mähriban, säher düýşüdir,
Gök ýazlara boldum baky bendiwan.
Dañdan ýagyş ýagsa gündizi buşlap,
Bize tarap ganat ýaýdy ak duman.

- Gözelim, ýaz däl, bi
Bolşuñ ynamsyz.
Ynamly söýgimi sakla deñiñde.
Ýigit ykbalymyñ täji bolduñ sen,
Öñkiñ deý galarsyñ ýene köñlümde.

- Şol duýgy ýaşadýar meni dünýäde,
Başaramok,
Ýalan sözläp nädeýin.
Barybir sen oglan bagtly bolarsyñ,
Saklama bagtyma tarap gideýin.

- Gitseñ, seni hiç wagt gaýtalap bilmez,
Dünýäni söýgüden gaplan aýallar.
Kalbyma kök urup,
Galar ömürlik,
Gujagy söýgüli ajaýyp ýyllar.

Lýubow FILIMONOWA,
(Belorussiýa).

Rusçadan terjime eden: Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Edebiýat we sungat", 1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Lýubow Filimonowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]