18:18
Şemal bolsam...
ŞEMAL BOLSAM...

Güýz şemaly bolan bolsam eger-de,
Daragtlaryñ bedenini tirerdim.
Köçeleriñ çar ýanyna dökülen,
Ýapraklary sübse edip syrardym.

Ýaz şemaly bolan bolsam eger-de,
Meýdanlarda al-u-ýaşyl öwüsýän.
Gök otlaryñ iñ melhemli ýerinden,
Dertlu benders paýlardym derman.

Damyp gelýän gözýaşymy doñduran,
Gyş şemaly bolan bolsam eger-de;
Aldajy sowugyñ aýby ýok ýöne,
Mähir bolup öwüserdim deregne.

Tomusyñ şemaly bolan bolaýsam,
Howurly öwüsýän syrgyny elme -
alyp,
dünýädäki ähli buzlary
Eredip bererdim tomsuñ deregne.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
gyş we tomus şemallary klimatyň üýtgemegini ýatlatdy.
klimat üýtgemegi gaty gowy hadysa däl.

"Gyş şemaly bolan bolsam .... mähir bolup öwüserdim".

gyş mähirli däl, aýazly bolsa kem däl.

"Tomus şemaly bolan bolaýsam, dünýädäki ähli buzlary ered(erdim)."

ozalam глобальное потепление adamzadyň derdi, Ogultäç gelnejäň tomus şemaly bolmadygy nähili gowy.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Güýz şemaly bolan bolsam eger-de,
Daragtlaryñ bedenini tirerdim.
Köçeleriñ çar ýanyna dökülen,
Ýapraklary sübse edip syrardym.

ýapraklardan sübse edilmäni üçin belki, ýapraklary sübse BOLUP syrmalydyr?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]