18:07
Şertnama
ŞERTNAMA

"Parahatçylyk hakynda iñ gadymy şertnama biziñ eramyzdan öñ 1269-njy ýylda ýazylypdyr. Ony hettleriñ patyşasy we Müsüriñ faraony öz aralarynda baglaşypdyr. Onuñ tekstini daşyñ ýüzüne oýup ýazypdyrlar."
(Gazetden).

Uýat ýerin ýaprak bilen basyryp,
Müsür faraony daş ýonýar indi.
Garamaty, howsalasy asyryñ,
Onuñ mis deý bedeninde göründi.

Tüýlek döşlerinden
Damyp duran der,
Elipbiýdi daşýazmanyñ üstüne.
Taýyn ol. Perhat deý daglara gider,
Çykylmasa il-gününiñ kastyna.

Kakylmasa indi uruş depregi,
Juda kyn günlere - hasrata taýyn.
Halas ediñ, bu mysapyr topragy,
Göze çenäp ýaýyn,
Çekmesin haýyn.

Ol ýene daş ýonýar, owurtlap çaýyn,
Ine, soñlap barýar, iñ soñky harpy.
Ilat, pursatlaryñ geçdigi saýyn
Ýowuz uruşlarda bolupdy ýarpy.

Her hal umyt bilen bakýardy daña...
Azala-azala galan halaýyk...
Hoş habar deý, taýýar boldy şertnama,
Indi ölüm, sütem
Sürermi şalyk?!

Taýpa aýak çekdi, togtadyldy jeñ,
Şer iş togtalandy, uzaga çeken.
Tygda däl, hoş sözde ýüregi gozgap,
Ynsan bir-birine düşünýär eken.

Hoş päl,
Ylalaşyk,
Ýaraşyk - başyn
Dik tutsa, toprakda
Ynjalar däne...
...Soñra öýlerine dargady goşun,
Sowan naýzalaryñ atyp gerdene...

Italmaz HUDAÝBERDIÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Italmaz Hudaýberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Uýat ýerin ýaprak bilen basyryp,
Müsür faraony daş ýonýar indi.


şu iki maglumata kän ynanyp bilemok.
birinji. faraonyň "ýaprakly kostýumynyň" bolandygyna ynanyp bilemok.
ikinji. faraonyň eline gurallaryny alyp daş ýonup oturyşyna ynanyp bilemok.



faraondan kän ozal, "ýapraklardan" çykylandyrlaý.
даже faraonyň gullaram ýaprak dakynan däldirler.
seretsene Ramses kakaň nähili geýinişine....
şu tagtda oturan ussaçylyk edip daşa ýonup hat ýazmajagam belli.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
ramsesiň çaý owurtlamasyna-da ynanmadyňyz gerek, mango.

olar gaty daşy oýup hat ýazdylarmyka ýa gips, palçyk ýaly zatlaryň ýüzüne ýazyp soň gataýança garaşdylarmyka?

hettler bilen söweşde hiç tarapam ýeňiş gazanmandyr. ramses II hettleri ýeňip bilmejegini bilip ylalaşyk baglaşypdyrlar. müsüre gelibem diwarlaryň ýüzüne özüniň beýik ýeňişi hakda "dessanlar" ýazdyrypdyrmyş. hett goşunlaryny aýagynyň aşagynda ezip duran suratlar çekdiripmiş diýip okadym, dogry bolsa.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Египетско-Хеттский мирный договор (также вечное или серебряное соглашение, редко Кадешское соглашение) — единственное сохранившееся ближневосточное соглашение, заключённое между Хеттским царством и Древним Египтом на 21-й год правления фараона Рамсеса II (10 ноября 1259 года до н. э. (21 день сезона перет)). Первый исторически документированный мирный договор. Существовал в двух версиях, на древнеегипетском и на хеттском языках.

ýyllyny her çeşme birhiliräk berýär. bu ýerde 1259, goşguda 1269, ýene bir ýerde 1278 diýilýär.



Иероглифический фрагмент договора на стене в Карнакском храме



Табличка с фрагментом договора, найденная в Богазкёйском архиве. Археологический музей Стамбула

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]