18:03
Gonamçylykda
GONAMÇYLYKDA

Men bu ýere geldim ilkinji gezek,
Bu ýerlere ilki aýak basdym men.
Belki, ilki gezek çyndan oýlanyp,
Ömür diýlen zada baha kesdim men.

Sansyz tümmeklere nazarym dikip,
Ömrüñ juda gysgadygna uýdum men.
Müñlerçe pikiriñ ýumagyn söküp,
Özümi kän zada borçly duýdum men.

Ýüregim çalaja gyýylyp gidýär,
Tolgunmadan ýaryrarly kükürek.
Ýene bir dünýäni goýup gitmeli,
Göz aýlaýan ýañja gazlan çukura.

Gör, nähili elhenç pikir etmeklik,
Endamym jümşüldäp, aşak bakýaryn.
Bir haýýukdan duýýan kimdir biriniñ,
Çalajan öz arkama kakýanyn.

" - Ýör, ogul, gyýylma, bu bir durmuşdyr",
Ysgynsyzja öñe gadam urýan men.
Oglan bolup gelip gonamçylyga,
Uly adam bolup çykyp barýan men.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ömrüñ juda gysgadygna uýdum men.

manysy düşnüklem bolsa, "uýmak" bu ýerde dogry däl.

Oglan bolup gelip gonamçylyga,
Uly adam bolup çykyp barýan men.


jemleme - gowy.

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]