23:23
Ýigrim alty ýürek ýatyr bu ýerde
ÝIGRIM ALTY ÝÜREK ÝATYR BU ÝERDE


Olar ýigrim altydy,
Döwrüñ ýigrim alty kasam-antydy.
Gudratdylar,
Ýöne-möne däldiler,
Ýigrim alty Baku komissarlary,
Döwrüñ baky belentligne galdylar,
Rewolýusiýañ baky komissarlary.

Indi nirde ýigrim alty diýilse,
Ýigrim alty Baku komissarlary
Bir göwrä öwrülip göz öñne gelýär,
Haýsy ilde ýigrim alty diýilse,
Ýigrim alty Baku komissarlary
Ýigrim alty ýerden ör-boýna galýar.

Olar ýigrim altydy,
Olañ ýoly röwşendi, ýagtydy,
Hersi uly ýurduñ bir künjeginde,
Önüp-ösüp mydamalyk birleşdi,
Soñam gele-gele meñ görejimde,
Señ kalbyñda,
Oñ süññünde ýerleşdi.

...Olar ýigrimi altydy,
Arman ömürleri birden togtady.

Näm üçin olary gorap bolmady,
Soradym,
Dymdylar,
Jogap bolmady.

Sen jogap ber,
Giñdiñ ahyr Garagum?!
Penakärdiñ ahyr eý, Akjaguýmam!
Eşit sesin bu gün Şahyr ýüregiñ!..
Ajalyñ basanny galdyñmy duýman?!

Bilmediñmi gerçeklerñi penalap,
Ýa-da duşman juda ýowuz boldumy?
Şol günden bäri-de özüñi gynap,
Üstlerine seçýäñ gözýaş bulduñy.

Olar ýigrim altydy,
Barynyñam azy ýaran wagtydy.

Ýigrimi alty ýürek ýatyr bir ýerde
Ýigrimi alty ýürek gezýär dünýäni,
Olary ýoklanlar galyp görgüde,
Ýitdi atsyz-sorsuz dogmadyk ýaly.

Sen bolsa adyna,
Şan-şöhradyna,
Ýigrimi altylañ
Guwan Garagum!
Eý, Akjaguýmam!
Olar hak iş üçin nähak atylan,
Ýeri, kimi söýjek olary söýmän!

Olar ähli ýerde mydam eý görler,
Sebäp olar şindem özleri bilen,
Göreçleri bilen, ýazlary bilen,
Senem,
Menem,
Onam ulaldyp ýörler,
...Olar ýigrim altylar,
Geçmişe,
Geljege, garyp-gatylan.

Gowşut ŞAMYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Haweran | Теги: Gowşut Şamyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Darakdiş   [Mowzuga geç]
Surat nädip goýulýaka? Hiç oňarmadym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]