22:34
Böwenjik
BÖWENJIK

Gadym ertekiler gür berýär bize,
Ilde peýda bolan göýdük böwenjik,
Dowar sürülerni çykarman düze,
Diýipdir ol:
- Seni iýmän nämejik.

- Lak-luk - atyp ýörkä basym-basymdan,
Iýenni siñdirip bilmändir añsat.
Ýarylan çak,
Bir owlagyñ şahyndan,
Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat.

Pök-pök edip,
Onda-munda köw berip,
Şol böwenjik häzirlerem tapylýar.
Ýöne indi
Bedewler dek köwlenip,
Kişñäp duran goşgulara topulýar.

Kakabaý YLÝASOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Haweran | Теги: Kakabaý Ylýasow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Şahyr aga, arkaýyn bol, Böwenler
Näme etsin goşgylaryň balyny.
Garynlary öňe sary sozulup,
Iýýär olar amerikan puluny.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]