22:30
Elegiýa
ELEGIÝA

Jaýladylar bir ýekäniñ atasyn
Gölegçi dolandy matamly öýe.
Zelil göwün ýeke. Kem göwün ýeke,
Baý-baý, kän aglady bagra gan öýe.

Gojalar dillendi: "Goýaý, sen iner!"
"Goý" diýen zenanlar aglaşdy bile.
Biri diýdi: "Ene, diñdir ogluñy,
Işli-dertlisi bar, rugsat ber ile!"

Bardy balasyny bagryna basdy:
- Gugaryp galanym, ýalñyzym, boý-boý-boý...
Iliñ däl, señ atañ öldi jigerim,
Aglasyn, "goý" diýmäñ siz ilim, boý-boý-boý!..

• ENE HEM OGUL

Enäniñ ýazgydy, täleýi şeýle:
Dokuz aý göwrede. Ençe ýyl golda,
Boýunda. Arkada perzent göterýär,
Bu oñ bagt, güzaby külpetli ýolda.

Perzent perzent şekil perzent bolanda,
Iñ ýowuz azaby dünýä gel-gitde:
Enäni göterýär täk-ýalñyz sapar,
Ol hem nesip etse, eý-waý... Tabytda.

Аmanmуrat ВUGAÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1987.
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Haweran | Теги: Аmanmyrat Bugaýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Bular meni bilenok Eje

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
*gezet däl gazet

0
2 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Fox tv de bir kino bardy."Karagül".Gutaranyna 4-5 ýyl bolandyr.Şonda "konağın hanım ağası" roluny janlandyrýan aýalyñ şeýleräk sözleri bardyr:
"Iñ agyr ýûki ene göterýär:Dokuz aý garnynda,birnäçe ýyl gujagynda,soñ syrtynda,ömürboýy ýüreginde (ýadymda galyşy boýunça aýdýan).Gapdalyndan duýguçyl sazam goýberýädiler welin başga da kän zat aýdyp tomaşaçny agladýady.
@Haweran,soñky döwür gezet žurnallaryñ arhiwlerinden dürli awtorlara degişli goşgular,eserler paýlaşýañyz.Eliñiz gözüñiz dert görmesin.Heziller edinip okaýan.Dowam ediñ.

1
1 mango   [Mowzuga geç]
“Ene hem ogul” gowy eken.
Ene perzendini köp göterýär,
Perzent enesini - ýeke sapar,
o-da tabytda.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]