22:30
Bir ýygnakda ýazylan goşgy
BIR ÝYGNAKDA ÝAZYLAN GOŞGY

Bir öwrümde emel ýeten bir melgun
Çykdy bu gün serhedinden edebiñ.
Toba! Towugyña degilmese-de
Bolmaz ahyr edip ýörseñ edeniñ.

Sözlerinden misil tutsañ Watana,
Berýän zadymyz az, alýanmyz goçak.
Biz maşgala, Watan öýüñ ojagy,
Bir öýde bolmaz-a telimläp saçak.

Watanyñdyr ondan alybam bolar,
Watana näm berjek ykbaldan gaýry.
Wezipe aldygyñ akyl aldyk däl,
Kürsi ýoly aýry. Añ ýoly aýry.

Diliñden düşenok üýtgedip gurmak.
Kädiñ darrak manysyny tirerden.
Üýtgedip gurmak - bu halkyñ permany,
Ony äkelmedik asla del ýerden.

Bir ygrarda durmak - üýtgedip gurmak,
Ýykmak boş wadalañ kesek seññirin.
Ýürekleñ galkynşy - üýtgedip gurmak,
Eretmek kä kalbyñ gat-gat doñ ýerin.

Seni paş eýlemek - üýtgedip gurmak,
Hany düş münberden. Tüket teýenäñ.
Bil biz Watanmyzdan ata başga däl,
Biz göwsünden emdik bir mährem enäñ.

Bil, Watan hem onyñ perzentleriniñ,
Ýok aýra ykbaly, ýok aýra nama.
Käte öz-özüñi öwübem bolar,
Toba! Öz-özüñi tanatmañ näme.

Аmanmуrat ВUGAÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1987.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Аmanmyrat Bugaýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]