22:30
Goñşy oglanjyk
GOÑŞY OGLANJYK

Kakasy-da entek çalmandy şarpyk,
Wah, ol onuñ dözmezidi, guşudy.
Ajal kakasyny äkitdi dartyp,
Süýt ysly agzyna basyp uçugy.

Agraldy asman,
Ýer düñderildi -
Oglanjygyñ gaty deglen göwnüne.
Garaldy,
Saraldy, dünýe daraldy,
Daralyp, oglanyñ sygdy öýüne.
Ol göge garaldy guýa gaçan deý,
Günüñ ýüzi boz-ýaz,
Ýaýýar saçyny.
Aglady,
Aglady.
Ahyr aýñaldy,
Aý-gün ýene öñküsi deý aýlandy.

Ilki gezek öýe getirende "bäş",
Enäniñ gözünde tegelendi ýaş.

Gyzyl galstukly gelende bir gün,
Ejesi ogluna geripdi bagryn.

Bir gün törde çalyp otyr dutary,
Ene pyşyrdady: "Şonuñ didary..."

Ýalñyz ýadygärlik ol ene üçin,
Oglanjyk doldurdy bir gün on üçün.

Ol indi gijeler bilenok ýatyp,
Kisede klasdaş gyzyna haty.

Rejepgeldi MEJIKOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Haweran | Теги: Rejepgeldi Mejikow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]