22:25
Keýmir kör
KEÝMIR KÖR

Beýikler ölmeýär, ýaşaýar baky,
Gezip ýör il-günüñ agysyn aglap.
...Bu gün Keýmir körüñ gursagyndaky
Güllä bakýar ilat jigerin daglap.

Sogrulmaly nejis gülle gursakdan,
Soñra nenem bolar Keýmiriñ taby.
Hemmäñ eli sandyrap dur bir okdan,
A Keýmire jeza berýär ynsaby.

- Köýýän iliñ indi görjek jeering
Bolmady, duşmana gurjakdym oýun,
Ölsem razy, bellik goýman gubruma,
Mazarmyñ üstünden sürseler goýun.

Gazap bilen çozar çarwa iline,
Meniñ ölenligmi bilse haýynlar.
Duçar edip bet niýetli päline
Garyp halka sansyz ajal taýynlar.

Garagumuñ bir golunda ýatsamam,
Guburym hiç kime bolmasyn belli.
Ýow gününde gerçekleri gyssaman,
Il-günüñ ýüregi tapar teselli.

Çarwalarda dörän bir beýik ynam,
- Keýmir serdar şu gün çykdy şikara.
Serdar ilsiz ýaşap bilmez bir günem,
Garaşdyrmaz, ynha birden çykar-a.

Şeýle bir şatlykly görünýär Keýmir,
Ýarasy-da bitdi gursagyndaky.
Oña duşman täsir edermi heý bir...
...Beýikler ölmeýär, ýaşaýar baky.

Giçgeldi AŞYROW.

"Edebiýat we sungat", 1987.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Giçgeldi Aşyrow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]