22:25
Tüpeñ
TÜPEÑ

Bilemok haýsy ýyl,
Haçandygyny,
Kakam bir tüpeñi alypdyr satyn.
Öýmüziñ töründe asylgy dur ol,
Ýeñil-ýelpaýam däl,
Misli bir metin!

Atylman dursa-da eýmendirýär ol,
Gahara ýa ýalñyşlyga garaşýar.
Ol diñw bir diwar bilen oñanok,
Ol - tüpeñ ol,
Ömür bilen dalaşýar.

Kakamy gojaltdy,
Diñe olam däl,
Onuñ bu jahandan ötennem gördi.
Menem indi ýaş-ýeleñ däl bu öýde,
Oglumyñam kyrka ýetenni gördi.

Agtyklar bir dynsyn şu goşa nilden,
Diýip zyñaýmaga elim degenok.
Şeýdibem,
Garradyp barýar ol bizi,
Biz dünýäden gidýäs,
Tüpeñ gidenok...

Nury BAÝRAMOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Nury Baýramow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
"Biz dünýäden gidýäs, tüpeň gidenok" Ajy hakykata ýugurlan juda ýowuz aňlatma.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]