22:19
Bürgüdiñ ölümi
BÜRGÜDIÑ ÖLÜMI

Algyr bürgüt,
Garrap soñky deminde,
Kän aýlandy,
Ýylçyr gaýañ deñinde.

Oba göçüp,
Aw awlanýan döwürden,
Garrylyk bürgüdi
Gysdy-gowurdy.

Ol ýowuz ykbala
Boýun burmady...
Özün gaýa,
Urup ölen bürgüdi,

Hol aşakda,
Gagyldaşýan gargalar,
Şowhun bilen
Taýýar awdan garbanan,
Çaýkel, gulatylar, ýene-ýeneler
Bu beýik ölümi hatda añmady.
...Dag öz syrdaşynyñ merdem ölümne,
Dymma ata deýin sessiz aglady.

Akmyrat MUHADOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 04.12.1987 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 18 | Добавил: Haweran | Теги: Akmyrat Muhadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]