22:19
Moda hakynda
MODA HAKYNDA

Başymda bagana gulakçynym bar,
Egnimde paltom bar biçimi sada.
Geñirgenip, öwran-öwran äñedip,
Gapdalymdan geçdi iki pyýada.

Gatnawly köçeden bir gözel barýar,
Ketenisi syratyna gelşip dur.
Hol beýlede duran iki gyz weli,
Göz ümleşip oña bakyp gülşüp dur.

Ilki bada añka-tañka bolsamam,
Bahym düşündim men bu bolýan zada:
Diýdiler: bagana gulakçyn bilen
Keteni bireýýäm könelen moda.

Işe welsepitli gatnamak ýeñmiş,
Ýa-ha maşynly git, ýa-da pyýada.
Belli işiñ başyn çatsak-çatmasak,
Işeññir görünjek bolmagam - moda.

Bir tanşym ýüzüniñ çyrşagyn görmän
Özgş at dakmagy edindi kada.
Bir seretsem, asyl ýañkyñ öýünde
Onuñ bu häsýeti bolupdyr moda.

Agzyna gelenni sarnap, sygyryp,
Bögürip dur bir aýdymçy pyýada.
Bögürse bögürsin
indi toýlara
Hut şony çagyrmak modamyş,
moda.

Salam berenimde şol salamymy
Alman geçýäni-de görüp nega-da:
Içimden diýýärin: "Nätseñ,
et weli,
Adamlykdan berin aýyrma, moda!

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
:)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]