22:07
"Bürgüt höwürtgesi gaýañ başynda..."
"BÜRGÜT HÖWÜRTGESI GAÝAÑ BAŞYNDA..."

Bürgüt höwürtgesuli gaýañ başynda,
Tilki depelikde hinin oýupdyr.
Bürgüt höwürtgesi bir çykalgaly,
Tilki bolsa baş çykalga goýupdyr.
Bürgüt üçin ýekejesi ýeterlik,
Hem taýýar oñ üçin ganyn saçmaga.
Tilkä welin bäş deşik hem az ýaly,
Howp abansa gerek ahyr gaçmaga.

* * *

Biz bir belent daga çykmakçy bolduk,
Dyrmaşyp başladym bar güýjüm bilen,
Ýöne orta bile zordan ýetdim men,
Özgeler ýokarda bolsa-da kileñ,
Ýogsa men beýle bir ejizem-ä däl,
Ýa-da bu dag belent hem däl çakyñdan.
Ýöne oña çykmak kyn boljak eken,
Oýlanýan mahalyñ düşmek hakynda.

* * *

Çeşmäm, sen asyrlañ döredip giden,
Bir gudratly işimiñ?
Ýa-da gaýalardan syrygyp gaýdan,
Daglaryñ gözýaşymyñ?..

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1987.
Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Haweran | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]