22:07
Päliñ ýoldaşyñ bolsun!
PÄLIÑ ÝOLDAŞYÑ BOLSUN!

Gojalaryñ "Palin ýoldaşyñ bolsun!"
Diýýän sözlerini eşidipdim kän.
Nämedenkä ol söz maña her gezek,
Bir geñ,
bir geñ bolup eşidilýärkän.

Şol söz hakda pikir etdim kän gezek,
Pikir etdim -
Geñledim:
Şondan gowy alkyş baryn bilmedim,
Şondan ýaman gargyş baryn bilmedim.

Rejep ARAZDURDYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Rejep Arazdurdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]