21:44
Bürgüt
BÜRGÜT

Diýýärler: "Bürgütler garran çagynda,
Gaýañ aşagynda pessaýlap ýörmän,
Özün gaýa urup bolýarmyş gurban".

Dogrumy şu ahwal, dogrumy şu hal,
Eý, gara daglaryñ algyry bürgüt?!
Garran çagym gel-de menem alyp git!

• ZÖHRE JAN

Bu gün Babahandan ýetişdi perman,
Tahyr begli sandyk oklandy derýa.
Ýeñläp gitdi Hasan şugluñ ökjesi,
Ah, Tahyr beg akyp barýar derýada.

Dek düýn gül tirilen çemenzarlygyñ,
Hallary perişan, gamy zyýada.
Äleme sygmadyk nowjuwan söýgi,
Bir sandyga sygyp barýar derýada.

Söýgüden basylan ejiz Babahan,
Pälin galladyp dur ençe jellada.
Bu gün güni geldi Garaçomagyñ,
Ýeñen Tahyr akyp barýar derýada.

• BULUT

Bir zerre günä ýok kakabaş ýelde,
Ýekesiräp seni eýlemiş hemdem.
Saña ýeñil däldir dag bile çölde,
Bir perişan halda tüýdülmesi her dem.

Sen üçin sürgün ol,
Ýel sapar sapar,
Aýlanyp görmeklik yrak, golaýyn.
...Alyslarda aryp gelen buludym,
Gel, dideleñ gözýaşyny sylaýyn.

Dañdanlar synladym gyzyl şapagy,
Gaçýar garañky.
Ikindin synladym gyzyl şapagy.
Çüwýär tümüñki.
Belki, şapakdyryn?!
Sähermi ýa şam?!
Şu maña garañky, juda garañky...

• SÖÝ

Söý!
Senden öñ yşk ýokmuş dünýäde,
Söýgüñ nusga bolsun aşyk boljaga.
Söýeniñe degýän gyz bar jahanda,
Aýagnyñ tozy bol, başa bol jyga.

Dänjiräp söýmegin,
Däljiräp söýgün,
Hasaba ýer bolsa, däldir söýdügiñ.
Söýlüşiñe görä söýjek bolmagyn,
Söýşüñ ýaly söýse bolar söwdügiñ.

Söý!
Barybir, iki ýoluñ bar seniñ,
Ýar ýolunda sarp eýlegin wagtyñy:
Ýa bagt humar eder ýalñyşarsyñ sen,
Ýa ýalñyşyp, som taparsyñ bagtyñy.

Аmanmуrat ВUGАÝЕW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Haweran | Теги: Аmanmyrat Bugaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]