20:04
Toýly Meredow we Juma Ýazmyradow hakynda hakydada galan ýatlamalar
HAKYDADA GALAN ÝATLAMALAR

Adamzadyň ýady kitaby ýada salýar. Ýazylan ýazgylaryň kitap sahypalarynda hemişelik galyşy ýaly, durmuşda bolup geçýän iň täsirli wakalarynyda ynsan ýadyndan çykmaýar. Gürrüň açjak wakalarym telewideniýede işlän döwrümizde ýazyjylardyr sungat ussatlary bilen baglanyşykly ýadymyzda hemişelik galan pursatlar. Ol 1989 — 1994-nji ýyllarda telewideniýäniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Talapkär, işjanly, ýeri gelende töwekgel, täzeligi goldap, redaktorlaryň çeken zähmetine görä aladasyny edýän adamdy.
Ýazgy ediljek gepleşikleriň birin-birin edebi esasyny okamak, ýaýlyma berilmezden öňürti gözden geçirmek, degerli düzedişleri bermek bilen bir hatarda, özi hem-ä gysgajyk sahnalaryň edebi esasyny ýazardy hem-de sähel wagt tapdygy rus dilindäki kitaplary türkmen diline terjime ederdi. Lazer Kareliniň «Ýer yranmasy», Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly köp jiltlik kitaplar onuň terjimesinde çap edilipdi.
Onuň bir edähedi bardy, işiniň juda köpdügine garamazdan redaksiýanyň ýaýlyma taýýarlaýan gepleşiklerinde Diýarymyzyň dürli ýerlerinden gelýän adamlar täsirli çykyş etse, işden soň öýüne äkidip, oňa hökman hezzet-hormat ederdi. Şeýle günleriň birinde redaksiýamyzda taýýarlanýan gepleşikleriň birinde çykyş etmek üçin Gurban Wehimi — şahyr Gurban Çaryýew geldi. Gurban aga zehinli, dilewar, işjanly adamdy. Gepleşik ýazga geçirilmezinden öň birnäçe sagat ol redaksiýamyzda biz bilen gök çaýyň başynda söhbetdeş boldy. Ýaşulynyň gürrüňlerini diňlemek gyzykly, şol bir wagtyň özünde hem tolgundyryjydy. Gürrüňiň arasynda baş redaktorymyz Gurban agadan:
— Bu döwürler Podolskä gidip bilýärmiň? — diýip sorady. Gurban aga:
— Soňky sapar gidip gelenime bäş aý dagy boldy. Indiki hepde gitmek üçin otla petek aldym — diýip, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlar barada maglumat ýygnamak üçin Moskwanyň etegindäki Podolsk şäherindäki harby arhiwine gitmekçidigini aýtdy.
Urşuň hupbatlaryny başyndan geçiren Gurban aganyň indi ençeme ýyllar bäri bu haýyrly iş bilen meşgullanyp, öz hasabyna ol ýere gidip gelýäninden baş redaktorymyz habarly eken. Ol birden ýerinden turup, iş otagyna gidip geldi-de:
— Düýn terjime eden kitabymyň galam hakyny berdiler. Gaýrat et-de, şuny haýyr iş üçin menden al — diýip, oňa bir petde pul uzatdy.
Gurban aga näler boýun gaçyrsa-da, ýolbaşçymyz etmän, ahyry ony göwnetdi. Şonda Gurban aga:
— Be-eý, biý-ä birhili boldy. Şunça ýyl öz gazanjym bilen gidip ýördüm, bu maňa kyn-a bor — diýdi. Onda ýolbaşçymyz ýylgyryp:
— Onda bu sapar Gurban däl-de, Toýly bolup gidip geläý — diýdi.
Ol ajaýyp ynsan Toýly Meredowdy.

* * *

Onuň bilen bir redaksiýada, bir iş otagynda işleýärdik. Giň göwünli, belent adamkärçilikli bolansoň onuň bilen islendik adamyň sözi alşar giderdi. Tebigaty agras, her diýjek sözüni saldarlap diýýän adamlardandy. Dogruçyllygy, adalatlylygy, zehini goldap bilýänligi, zerur ýerinde degerli maslahat bermegi başarýandygy onuň asyl häsiýetine mahsusdy. Gülküli bir zady gürrüň berende dagy dünýäň ýaza dönüp gidýärdi. Ol Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okamagyň ussadydy. «Görogly» radiooýnunda oýnanda dagy edil Görogly begiň keşbi alnyňda janlanybererdi. Ynsanperwerlik, mertlik, batyrlyk hakynda söz açylanda Magtymguludan, Görogludan mysal getirmek endigidi. Bir sapar ol şeýle gürrüň berdi:
— 1949-njy ýyldy. Şol mahal on bir ýaşly oglan bolsamam, gündiz agyr zähmetden soň gijäniň birwagtyna çenli çeper eserleri okardym. Şol günleriň birinde obamyz Herrikgalanyň dükanyna «Görogly» şadessany geldi. Ylgap baryp sorasam, bahasy az-küjüm däl. Hyrra yzyma öwrüldim-de, ejeme ýagdaýy aýtdym. Ol:
— Wah, oglum, welosiped-welosiped diýip ýöreňsoň, beýläme az-kem pul-a atypdym welin... — diýenden, oňa:
— Welosipede derek «Göroglyny» alyp beräý — diýdim.
Ejem geň galyp:
— Ony alsaň welosipedsiz galarsyň — diýdi.
— Ony soň alar ýörerin — diýdim.
Ejem özelenip durşuma dözmedi. Dükandan «Görogly» kitabyny alyp berdi. Şol günden başlap, daşyna mata tikdiren kitabymy hezil edip okap ugradym. Soň mende ol kitabyň bardygyny bilip, ýaşuly goňşularymyz kakamdan rugsat sorap, agşamlaryna kitap okap bermegimi sorapdyrlar. Şeýdip men her gün agşam goňşymyz Annak aganyň şatudunyň aşagynda adamlara kitap okap berip ugradym. Görogly begiň diýýän sözlerine gelenimde hut onuň özi ýaly bolup, pert-pert okaýan pursatlarymda ýaşulular berekellamy ýetirerdiler.
Şol günleriň birinde — bilmedim, nireden gelenini — harby geýimdäki bir çal saç adam ýaşululara goşulyp, kitap diňläp ugrady. Ol adama ýaşulular her sapar: «Gel, myhman» diýip hormat ederdiler. Ýadymda ýok, megerem, ol bir ýerlerden gelip, harby ugurdan işleýän adam bolsa gerek. Ýöne edebiýatymyz bilen gyzyklanýany äşgär görünýärdi. Kitaby okap otyrkam käbir sözüň manysyny ýaşululardan sorap, ýandepderçesine belläp alardy. Boldy edenimizde bolsa her sapar meniň başymy sypap, berekellamy ýetirerdi.
Aradan esli gün geçdi. «Göroglyny» okap gutaryp barýardym. Bu meni gynandyrýardy. Ýaşulularyň: «Kitap tamam bolansoň täzeden okadarys» diýýän sözleri olaryňam gyzykly eserden daşlaşasynyň gelmeýändigini görkezýärdi. Ine, bir günem kitap tamam boldy. Şonda maňa berekella sözi kän aýdyldy. Şol harby geýimdäki adam bolsa:
— Ogul, bu kitabyňy nireden aldyň? — diýip sorady.
— Dükanymyzdan.
— Dükanyňyzd-a ýok ekeni, meger gutarandyr.
Ol az-kem pikire gitdi-de, şeý diýdi:
— Satmak niýetiň ýokmy?
— Ýok! — Men bada-bat jogap berdim — Muny welosipede derek aldym.
— Welosiped almagam arzuw edýämidiň?
Men hawa diýsem, birden ol: «Ýör, alyp bereýin» diýer-de, kitabymy elimden alar diýen gorky bilen:
— Öň welosipedli bolasym gelýärdi, aý, soň alaryn — diýdim.
Ol adam:
— Bolýa, görşeris — diýdi-de, hoşlaşyp gitdi.
Şol günden birki gün geçdi. Ol adam «Şkolnik» diýen welosipedi egninde göterip öýümize geldi. Meniň göwnüme ol kitap bilen çalyşmaga gelendir diýen wehim düşdi. Ýöne welosipedem juda owadandy, gözüňi aýrar ýaly däldi. Nikel kirellerine sary ýagly kagyz aýlanan, desti lowurdap duran welosipedi görmäge göz gerekdi. Hut ýylanyň damagyndan çykan ýaly diýilýänlerdendi.
Gelen adam egninden welosipedi düşürdi-de, öýe girip, kakam bilen salamlaşyp çykdy. Soňam meniň başymy sypap:
— Bu menden saňa sowgat. Her sapar süreňde ýatlarsyň. Kitabyňy saklaýşyň ýaly aýawly sakla! — diýip, öz ýoluna gitdi.
Şol günki şatlygym şu günem egsilenok. Ýöne haýp, ol adamyň keşbi ýadymda galsa-da, kimdigi hakydamdan çykypdyr. Birnäçe ýyl bir ýerde bile işlemek miýesser eden halypa aktýorymyzyň durmuş ýollaryndan berýän her bir gürrüňi manylydan özüne çekijidi. Bize halypadan köp zatlary öwrenmek miýesser etdi. Ol tanymal aktýor, Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowdy.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist


"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 53 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Atamyrat Şagulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
1
1 Revo   [Mowzuga geç]
"Şol günleriň birinde obamyz Herrikgalanyň dükanyna «Görogly» şadessany geldi."

Görogly eposmy ýada dessan?! Dessan bilen eposy tapawutlandyryp bilmesemem, "Görogly" eposy diýip, bir kitaby okanym ýadyma düşýär. Eger dessan bolaýanda-da, "Görogly" şadessany diýmeklik, dessanlaryň naýbaşysy ýada ýokary hillisi diýmekligi aňlatýarmy?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]