18:15
Alabaýym
ALABAÝYM

Ala-mula kiçijikdi,
Birenaýy güjüjekdi,
Ýeserje hem eýjejikdi,
Düşbüjedir, Alabaýym.

Kesildi gulak-guýrugy,
Haýran eder duýgurlygy,
Derhal eder ol buýrugy,
Üşüklidir, Alabaýym.

Süýt içipjik gönendi ol,
Günün sanap ulaldy ol,
Durmuşdan sapak aldy ol,
Berdaşlydyr, Alabaýym.

Inçe billi, uzyn satan,
Dik boýuny bile ýeten.
Mekany — bu eziz Watan,
Gadymydyr, Alabaýym.

Türkmeniň milli mirasy,
Her ynsanyň ýakyn dosty,
Goçak kelle, döşi ýasy,
Wepalydyr, Alabaýym.

Ol çopanyň hak syrdaşy,
Uly süriniň gardaşy,
Goraýandyr degre-daşy,
Merdanadyr, Alabaýym.

Agras ýaşar hetden aşman,
Tanaýar ol dosty-duşman,
Päli ýaman eder puşman,
Örän duýgur, Alabaýym.

Jemläninde pikir-oýun,
Diň salar dikeldip boýun,
Topulýandyr ýolbars deýin,
Şir ýürekli, Alabaýym.

Aýaklary bilek dekdir,
Ýiti gözli — örän sakdyr,
Mydam niýet-päli akdyr,
Ünslüdir, Alabaýym.

Möjekleriň ne hyýaly,
Duýar misli weli ýaly,
Geçendir ol Ýüpek ýoly,
Gadymydyr, Alabaýym.

Duýgurdyr ol ynsan deýin,
Söýýändir duz iýen öýüň,
Oýun etseň eder oýun,
Akyllydyr, Alabaýym.

Geliň, görüň, bakyň indi,
Şanyna heýkel dikildi,
Syrdaşym, dostum akylly,
Şir ýürekli Alabaýym.

Bezegidir giň howlynyň,
Söýýäni türkmen oglunyň
Hak dosty ynsan kowmunyň,
Owadandyr, Alabaýym.

Her bir zady öňden duýýar,
Çus bedenli mydam taýýar,
Arkadagym hormat goýýar,
Wepalydyr, Alabaýym.

Jumageldi ANNAÝEW.

"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Jumageldi Annaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
1
2 mango   [Mowzuga geç]
Derhal eder ol buýrugy,

buýruk edilenok, buýruk ýerine ýetirilýär,
etdirjek bolsaň onda: "Derhal eder buýranyňy" bolmaly

---

Durmuşdan sapak aldy ol,

durmuşdan sapak alýan it.
göz öňüme getirjek bolup horlanýan...

----
iki gezek "Gadymydyr, Alabaýym"
iki gezegem "Wepalydyr, Alabaýym" ulanypdyr.

---

"dostuňdygyny" hem gaýtalap-gaýtalap aýdypdyr....

1) Her ynsanyň ýakyn dosty,
2 ) Syrdaşym, dostum akylly,
3) Hak dosty ynsan kowmunyň,

umuman
üstünlikler.

0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Eger-de, Jumageldi (Jumaş) sekiz ~ on ýaş aralygynda bolsa erbet däl...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]