17:47
Garaşýar
GARAŞÝAR

Gözel gyzyň kalby söýgüden doly,
Arzuw umydyna garaşýan ýaly.
Baharyň mylaýym tämiz howasy,
Şol gyzyň bagtyna howlugýan ýaly.

Näzeniniň bagty ädimläp assa,
Ýakynlaşýar ýeriň gaýmagyn bozman.
Gözel gyz bukjaňy düwüber assa,
Goç ýigit gapyňdan sereder hökman.

Gysylma, darykma, howlukma, joram,
Bägüller hem öz wagtynda gülleýär.
Sabryňy, arzuwňy eliňe alyp,
Şol bagtyň tiz gelerine garaşýar.

Güljahan DÜRNAZAROWA.

"Garagum" žurnaly. 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Güljahan Dürnazarowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Mowzuga geç]
Bu goşgylar nä "Garagum" žurnalynyň antireklamasymy?! Şo bir žurnaldan yzly - yzyna üç manysyz goşgy okadym.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
soňy nähili bold-aý.
"gysylma, darykma, howlukma joram" diýýä.... soňam sözlemi ".....garaşýar" bilen jemleýär. "joramdan" soň "garaşýar" bolmaz-a.
düşündirip bildimmi?

Sabryňy, arzuwňy eliňe alyp,
Şol bagtyň tiz gelerine garaşýar.

ýerine iň bolmanda şeýleräk bolmaly ýaly

SabryNy, arzuwNy eliNe alyp,
Öz bagtyNYŇ tiz gelerine garaşýar.

----

"Bägüller hem öz wagtynda gülleýär".
bulam "oglan howlugar, tudana wagtynda bişeri"-ň başgarak görnüşi...

üstünlikler Güljahan hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]