01:41
Men şu mahal doglan ýaly
MEN ŞU MAHAL DOGLAN ÝALY



Ýadawdym-la ýaňylaram,
Süýek-süňňüm owlan ýaly.
Yzalydy ýaralarym,
Ýürek-bagry gowran ýaly.

Gelýän demi alýadym kyn,
Bokurdagym boglan ýaly.
Ejiz jana ejem ýakyn,
Etmändir ol oglan ýaly.

Ýeldir-ýagmyrna aldyrman,
Köz tüssesin sowran ýaly.
Bu neneňsi, niçik ahwal,
Dert-azarlar sowlan ýaly.

Galmazlyga-da kaýyldym,
Giň dünýeden kowlan ýaly.
Galdym, bardym, tiz aýňaldym,
Men şu mahal doglan ýaly.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyñ Gahrymany.

“Türkmenistan” gazeti, 11.08.2020
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Gözel Şagulyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Galmazlyga-da kaýyldym,
Giň dünýeden kowlan ýaly.
Galdym, bardym, tiz aýňaldym,
Men şu mahal doglan ýaly.

"galmaz"-y çalt okamalymy ýa süýndirip.
1) galmaz.
2) ga:lmaz.

birinji "galmak" - hassalykdan "galmak" ýaly bolýan bolmaly.
ikinji "ga:lmak" - gidip barýany saklamagyň "ga:lmaz"-y bolmaly.

"Men şu mahal doglan ýaly" - göwre garrar göwün garramaz diýilýäni bolaýdy öýdýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]