06:54
Tabyt / hekaýa
TABYT

Indi bir hepde bäri Makar babanyň haly agyrdy. Gurap galan göwresini tördäki beýik krowadyň üstünde ýorgan-düşege baglap ýatan garry agşamlyk agtygy Wasilini ýanyna çagyrdy.
Wasiliý atasynyň epilip ýazylýan süýem barmagyna gözi düşenden derrew otagy kesip geçdi-de, garrynyň gapdalyndaky oturgyja çöküp, çal sepen kellesini aşak egdi.
- Wa-si-i-liý,  - garrynyň gansyz dodaklary zordan gymyldady, - meniň günüm sanalgy, Wa-si-liý, sen ertir tabydyň ugruna çyk...
Garry "gürrüň gutardy" diýýän ýaly gabaklaryny göýberip ýüzüni gapdala sowdy.
Ertesi irden Wasiliý aýalyna garra göz-gulak bolmagy tabşyryp şähere, tabyt ussanynyňka tarap ýola düşdi. Şähere çenli esli ýol bardy. Ol günorta golaý zordan şähere aşdy. Gowy ýeri ussanynyňkyda köp eglenmeli bolmady. Wasiliý taýýar duran ýeňiljek tabytlaryň birini arkasyna alyp, ussanyň öýüniň gapdalynda şaglap ýatan şa ýola çykanda gün ýaňy öýlä tarap agypdy.
Işiň başdan şowuna bolsa soňy hem ugruna bolar gider ekeni. Gapdalynda ýük maşyny togtanda Wasiliý tabydy egninden düşürip, otlan çilimini ýaňy ýarpylapdy. Ony obasynyň deňine çenli äkitmäge razy bolan şofýor maşyndan düşip tabydy hem ýükleşdi.
Wasiliý wazlap barýan ýük maşynyň gapyrjagynda tabyda ýaplanyp oturşyna hezil edip gerindi. Uzak gije garrynyň başujuny saklap oturan Wasiliniň gabaklaryndan gurşan asylan ýalydy.
Bolar-a şonuň ýaly şowly gün, il bir gün tabyt buýrup başga bir gün alyp gitse, Wasiliý taýýarynyň üstünden geläýdi. Ol Günüň öňüni gaplap buluda, üstüni kölege bürän gülli baýyrlara gözlerini dikdi-de, hoştap howadan hezil edip dem aldy. Şeýle oňat pasylda hiç kimiň ölesi gelýän däldir-dä, ýogsa tabytçynyň öýünde tabyt üýşüp ýatan wagtyna ol kyrk ýaşap heniz duşmandy.
Ullakan damjalar şabyrdap indiler. Wasiliý penjeginiň ýakasyny galdyryp, gaýyş şlýapasyny aşak sümürdi. Ýöne, şapyrdap inen ýagyş sähel salymdan Wasilini süllümbaý ezjekdi. Ol gözlerini töwerege aýlady. Üstüne ýapynar ýaly zada gözi düşmedi. Ol aralykdaky aýnadan naýynjar nazaryny kabina dykdy. Tüýlek ellerini gapdalynda oturan gyzyň araksyndan aýlan şofýoryň dünýäni sil alsada dyzyna çykjak däldi.
Ýakasyndan suw guýlup başlan Wasiliý hyrçyny dişläp ýeňsesine öwrüldi-de, tabydy gahar bilen depip göýberdi. Tabydyň gapagy gapdala agdy. Wasiliniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol çalasynlyk bilen tabydyň içinde süýndi-de, gapagy üstüne çekdi.
Indi näçe guýsaň guýuber, ýagyş!
Täze gyrlan ýonuşgalaryň ýakymly ysy onuň burnuna urdy. Näçe günüň ukusyzlygy üstüni basmarlan Wasiliý penjegini kellesiniň aşagyna taşlady-da, gataňsy aýasyna ösgün sakgally çekgesine diräp uka gitdi.
Däli-porhan bolup ýagan ýagyş köp wagt geçmänkä diňdi. Ýuwlan tekiz asfalyt Gün şöhlesine ýalpyldap süýnüp ýatyrdy. Ýoluň gyrasynda ellerini gotanyň ganaty ýaly galgadyp duran iki kempire gözi düşen şofýor ýene maşyny saklady.
Ilki gözlerini mölerdip ýatan güýlüngi towuklar salnan ullakan sebet gütläp tabydyň aýagujuna düşdi. Soňra sekiz sany diňe süňk bilen deri bolup galan barmaklar gapyrjagyň erňeginden çaýkeliň çaňňalygy ýaly bolup ilişdirdi-de, horja kempiri maşynyň üstüne alyp çykdylar. Kempir elini aşak sallap, özi ýaly ýene bir kempiri ýokary çykardy.
Maşyn ugransoň sebedini özüne tarap çeken kempiriň tabyda gözi düşdi. Onuň eliň aýasy ýaly ýüzi birbada ak tam ýaly boldy. Ol beýleki kempiriň egninden çekdi:
- A-Annuş-ka...
Dodaklaryny müňküldedip doga okaýan iki kempir maşynyň yzky burçuna dykyldylar. Edil şol wagt burnuna ýonuşga düşen Wasiliý asgyryp göýberdi:
- Hya-ä-pi-şş-i-i...
Ellerini maşynyň erňegine ýetiren kempirler dim-dik boldular. Kellesi tabydyň gapagyna degip gözi garaňkyrap giden Wasiliý gapagy bat bilen gapdala süýşürdi.
Ak biz köýnegi dyzyna düşip ýatan, ösgün sakgally pyýada tabydyň içinde garysyna galanda sebetden ellibizar kempirler wägirip özlerini maşyndan okladylar. Esli wagtdan soň nämäň-nämedigine düşünen Wasiliý içi towukly sebedi maşynyň erňeginden pyzyp göýberdi.
Wasiliý tabydy göterip öýe gelende Makar baba tama arkasyny ýaplap güneşläp otyrdy. Ýagyşdan soň asmany deň ikä bölüp, eziz gelniň boýnuna ýapylan owadan ýaglyga meňzäp duran älemgoşara gözüni aýlan Wasiliý tabydy howlunyň burçuna pyzyp göýberdi.
Heý, şeýle owadan dünýäni taşlap gidip bolarmy?!
Az-kem dynjyňy al, tabytçy!

Atageldi GARAÝEW
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 68 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Atageldi Garaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Erbet däl

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]