18:31
Penjirämden görünýär...
PENJIRÄMDEN GÖRÜNÝÄR...

Penjirämden görünýär:
Baglar, jaýlar, alakalar,
goňşular, goňşy däller,
goňşusyraýanlar...
Görünenok ýalňyz çatma,
Oňa derek gol salgaýar
Ýaglyk bürenen garantga.
Dury suw damýar krantdan.
Goňşa barýan ýol batga.
Goňurja ýatyr hyňranyp
Dilleri pakga-pakga.
Özüme diýýän: "Eý, pekge!
Kimler penjireden baksa,
Kimler penjirä aňkarar."
Hiç zat diýemok özüme.
Penjirämden görünip dur:
Baglar, jaýlar, alakalar...

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
...

0
1 mango   [Mowzuga geç]
ne gözel goşgyň deňinden geçip, eýýäm näçe gün bäri ganhorlaň jedeline girýärler.
Suraý hanym, berekella.
çep eliň bilen ýazylan ýalyjak goşgy.
hany ýene bir goşgyňy okaly... täzesinden.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]