16:39
Ruhy halypama
RUHY HALYPAMA

"Ýaşaýyş bir düýşdür,
Oýanmagyl, melegim!"

Nobatguly Rejebow.

Ömrümiň ýarysy halal zähmetde,
Ömrümiň ýarysy düýş bilen geçdi.
Ýaşadym kä synag, käte rehnetde,
Galypdyr kalbymda, gör, kimleň yşky?!

Ýaşaýyş bir düýş ekeni, aslynda,
Şu çaka çen, gör, oýanman ýörün men.
Durmuş — synag, ýörmedim hiç asgynlap,
Her gün ördüm öz öýümiň töründen.

Düýşler içre gezsem-de del köçede,
Gulagma eşdilýän sedalar tanyş.
Yşk kimi agladar, kimi «kök edip»,
Söýgi sazyn çalýar şol zaryn gamyş.

Ýaşadym, gör, kimler girmedi düýşe,
Kimler gulagyma çawuş çakdylar.
Kä öňe ylgadym, kä yza— düwşäp,
Gör, deňimden geçip gitdi atlylar.

Köňül içre saraýym ýok, deştim ýok,
Şükür, düýşümde-de gezdim pyýada.
Öpeý diýsem, bir ygrarly yşkym ýok,
Käte harsaň daşda oturdym ýadap.

Şükür, düýnüm tukatlyk däl, galmagal,
Dünýäni örüzýär it-guş sesleri,
Haýsy bagda bitdi erik-almalar,
Ýerde — ykbal.
Asmanda ak kepderi.

Gör, erteki ýaly düýşleň asmany,
Guşlaň nagmasyndan doýup bolanok.
Hiç bilmedim munda yza tesmäni,
Bas baglary bagra! Aýyp bolanok.

Synla, bu dünýäde bar zat seniňki,
Telwasda ýaşadýan düýşlere şükür.
Söý!
Ýaşa!
Bu ömrüň agmanka eňki,
Gurbat berýän Arşy güýçlere şükür.

Dünýe — pany.
Ýöne ömür pany däl,
Bu düýşlerde ikilik ýok, galat ýok.
Hiç kim munda täleýiniň hany däl,
Mährem düýşlerimde gahar-gazap ýok.

Örýän her gün ýaşaýyşdan düýşürgäp,
Oýandyrýan ýa badyma kakýan ýok.
Ýa samrap ýöremok, manysyz gürläp,
Şükür, ruhum belent.
Gyýa bakýan ýok.

Gör, näçe wagt düýşlerime imrindim,
Gezdim düýşleň çözüp bilmän hikmetin.
Ýetmiş ýyllyk ýol geçildi ömrümden,
Özüm ynjap, il göwnüni ýykmadym.

Bir tutup bagryma basaýyn diýsem,
Ýaşaýyş bir düýş ekeni, nädeýin?!
Bu düýşden kimleri gözledim, eýsem,
Gör, nirlere ýetdim süýräp ädigim.

Sen haçan oýanyp dünýäň düýşünden,
Pyşyrdadyň: «Hal-ahwallar niçikdir?!»
Uzaklarda tanyş ýeller öwsende,
Saýrak bilbil pudagyndan urupdyr.
Diýýän ýaly: «Poeziýa niçikdir?!»
Belki dünýä saňa kalbyn açypdyr?!

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.


"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Mowzuga geç]
Eger Nobatguly aga diri bolan bolsa, şu goşgyny soňuna çenli okap bilerdimikä?! Ine sorag.

0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Ýokla

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
gowy goşgy eken, uzynam bolsa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]