16:22
Hyýal
HYÝAL

Bu hakykat,
aňyýetiň a:ly däl,
Sen Taňrynyň ýalňyz sahawatymy?!
Taraşlap, taryplap goýar ýaly däl,
Şygyr şalygynda mahabatyňy.

Arşyň başyn aýlan, Zemini zerlän,
Yşkyň ataşy sen, köňül perwazy.
Ömrüň ýalňyz kirşin külterläp gelýän,
Men yşkyň silterläp gelýän darbazy.

Danyşment dünýäniň mähir mukamy,
Meger, söýgi atly sazyň keşbi sen.
Munda elewredip pany jahany,
Meger, ah çekdiren näziň keşbi sen.

Perwana deý pyrlandyryp pelegi,
Hallan atýan hyýallaryň algysy.
Köňlüň seždegähi — şygryň melegi,
Sen elýetmez ýalňyz bagtyň salgysy.

Agamyrat SOLTANOW,
Türkmenistanyň at gazanan
medeniýet işgäri
.

"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Agamyrat Soltanow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]