16:09
Ylham jepasy
YLHAM JEPASY

Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan,
Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da.
Baglaň guran ýapraklary şygyrdap,
Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da.

Honha, tanyş ýeller tanyş köçede,
Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp.
Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip,
Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk.

Ýyllaryň içinden geçip men parran,
Müň sowal ýitirdim, jogap tapmadym.
Göwün ýaş bolsa-da, bu göwre garran,
Gepinden daş boldum gompy-akmagyň.

Geçdim bu ýollary juda aýgytly,
Menzillerde büdremedim keýtikläp.
Täleý maňa daraşsa-da haýbatly,
Janym sagat.
Ýa zehinden göýdük däl.

Ýazasym gelenin ýazdym şagladyp,
Ýalňyzlykda kän gygyrdym aýdyma.
Kalbyma nur edip yşkyň şuglasyn,
Umydygär bakdym kän Aý aýdyňa.

Ýaşlykda aýlandym ýaramezana,
Ýa gorkup gezmedim Rejep «gargadan».
Ýa ýolumdan azaşmadym her ýana,
Berk sakladym enemiň pent-sargydyn.

Gaçdym mydam ownuklykdan-uşakdan,
Sähel zat üstünde etmedim jenjel.
Otluk ýerde eşegimi duşaklap,
Ýandak çapyp gezdim.
Bir ýanym jeňňel.

Dostum bilen (hökman däl oň kimligi),
Ýükümizi ýetirerdik balykdan.
Çeňňek atyp, balyk tutmak endigi
Belki, Şamil Kudermetden galypdyr?!

Depä çykyp gygyrdym men düýnüme,
Ýaşlygymdan tapylmady «hä» beren.
Ýetjek bolup ýatlamalaň düýbüne,
Geçdim deňesinden Enekäbeleň.

Gözüm düşüp Rahmanguly Baýhana,
Birwagtkym deý tasdan ylgapdym yza.
Salam berdim eli pilli daýhana,
Bu zamanda söýgi nire, men nire?!

Gör, nirlere ýetdim düşüp tigirden,
Kalbym içre hijran-da ýok, gussa-da.
Gör, näçe wagt ara açdym şygyrdan,
Gör, näçe wagt ýazylmaýar kyssa-da.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.


"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
1
1 myhman   [Mowzuga geç]
bu-da gowy goşgy eken. biraz düşünmedik ýerlem bolsa-da.

Ýaşlykdaaýlandym ýaramezana,

çagalykda bolsa, bogun sany artýan bolsa, çagakam diýseňem bolýa.

Ýa gorkup gezmedim Rejep «gargadan».

rejep garga kimkä?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]