10:01
Söýginiñ kenarynda
SÖÝGINIÑ KENARYNDA

Islämokdym çagalykdan çykmagy,
Ömür boýy şol dünýäde galjakdym,
Emma ýigitleriñ ýiti bakyşy,
Elendirdi, parh goýmajak ýaljakdym.
Duýgularym jylawymdan çekeläp,
Alyp gidip barýar söýgi ummanna.
Aklym bedenime erk etjek bolýar,
Ýürejigim bolsa tapmaýar karar.
Men henizem haýran bolup otyryn,
Olañ bir bitewi süññe sygmanna.
Käte ýürek akly boýun egdirýär,
Käte-de tersine akyl ýüregi.
Käbäm eger kösenäýsem bir ýerde,
Dolandyrýan sizdiñiz-ä küregi.
Şu gezegem ýetişiñ meñ dadyma,
Saklabam bolonok tiz geçýän saly.
Hopugýan, hamala, şol körpäñizi,
Edil şu wagt alyp gitjekler ýaly.
Ýöne biliñ beren terbiýäñizi,
Size uly hormatynda ödärin.
Bu durmuş ýolumda sizden birugsat,
Hatda ýeke ädimi hem ätmerin.

Gülşat JORAÝEWA.

"Garagum" žurnaly, 6 - 2021
Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Gülşat Joraýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 7
2
5 Revo   [Mowzuga geç]
Näme üçin, uly adamlar, ulalmakdan gorkýarlar ýada çagalygyna dolanaslary gelýärler?!
Sebäbi, uly adamlara, kiçikä, durmuşy aňlatmaýarlar, ulalmaklygyň nämedigini, nähili jogapkärçilikleriň boýunlaryna düşjekdigini öwretmeýärler. Asla, şagyzy we şaýigitli, soňy ajaýyp tamamlanýan ertekilerden başga, hiç zady kellelerine guýmaýarlar. Onsoň, çagaka, dünýäni üýtgetmek islän çaganyň, ulalyp, bu ýeriniň erteki däldigine, hakykatdygyna, çagalygyň bolsa hakykat bilen göreşmek üçin, taýynlanmaga, ýaraglanmaga berilen puryjadygyna göz ýetirýär. Arzuwdyr, hyýallary bilen aljak galasynyň ýokdygyny, içki meni bilenden soňra, durmuş atly duşmanyna berk gaýtawul bermek üçin ähli zady täzeden başlamak isleýär.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
haý, berekella!

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ýöne biliñ beren terbiýäñizi,
Size uly hormatynda ödärin.


şu sözlem dogry düzülenmi?
manysy düşnükli, ýöne gurluşy....?

---

Bu durmuş ýolumda sizden birugsat,
Hatda ýeke ädimi hem ätmerin.


ine bu jemlemede, seniň hakykatdanam çagalykdan çykmak islemeýäniň bildirdi.
ýöne, indi sen ullakan gyzsyň-a Gülşat hanym.
özbaşdak karar bermegi öwren, hemme ädimiiňe ene-ataňdan rugsat alyp durma.
soň kyn bolar, ene-ata elmydam seni idekläp ýörmez.
так что, gaýrat et. ulalyber.

üstünlikler.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Saklabam bolonok tiz geçýän saly.

saklap bolmaýan sal näme?
şumy? "Suwda ýüzmek ýa-da suwdan geçmek we ş. m. üçin biri-birine baglanan birnäçe agaç".

many bulaşýamy?

0
7 myhman   [Mowzuga geç]
biri maňa "sen goşgyny okaňda umumy manysyna üns bermän, içindäki ownujak detallara üns berýäň" diýdi.

onsoň men gözüme ilen ýalňyşlary (ýalňyşdyr öýden zatlarymy) aýtsammykam, aýtmasammykam diýip ýörün.

aslynda men goşguda näme diýiljek bolýanyna üns berýän. ýalňyş sözlemler bilen aýdylan pikir bolsa-da, şahyryň näme diýjek bolýanyna düşünýänmikäm diýýän. ýöne, meň göwnüme, şahyr aýtjak bolýan pikirini dogry sözleri, dogry sözlemleri, hatda, dogry mantyk ýöredip aýtmaly ýaly.

umuman edebiýaty bilýän biri aýtsa: eser ýazylanda, ýalňyşam bolsa, esasy aýtjak bolýan zady düşnükli bolsa bolýamy ýa dogry zatlardan düzülen bolmalymy?

detallara üns bermek hökman dälmi diýjek bolýan.

ýokarky goşguda (@mangoň aýdan zatlaryndan başga-da)

Dolandyrýan sizdiñiz-ä küregi.

setirinde dolandyrylýan zadyň gaýyk däl-de kürek bolmagynyň ähmiýeti ýokmy?

garaz men-ä bilemok.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Duýgularym jylawymdan çekeläp,
Alyp gidip barýar söýgi ummanna.


jylawy çekmek, jylawy çekelemek.... - bulaşyklyk bar ýaly.

jylaw - bilşime görä atyň roly.
jylawy çekseň - tormoz bolýa.
jylawy göýberseň - tizligini köpeldýär.
"söýgi ummanyna alyp gitjek" bolsa jylawy gowşatmaly dälmi?
kontrol etmek isleseňem jylawy çekmeli...
(ýene düşnüksiz boldy öýdýän).

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Islämokdym çagalykdan çykmagy,
Ömür boýy şol dünýäde galjakdym,


"islämokdym çagalykdan çykmagy" - haýsy ýaşda aýdylan söz?
çagalyk döwri bolsa - mümkin däl, entek çagalykdan çykmagyň nämedigini bileňok (ilki çykmaly, soň diýmeli).
çagalyk döwründen soň bolsa - onda, "islämokdym" ters ýaly. "çagalykdan çykylmaýan bolsady" ýaly... başgaräk soz bolmaly..
(düşündirip bilmedim öýdýän).

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]