01:05
Leniniñ ölümi
LENINIÑ ÖLÜMI

Kaplanyñ atan oklary
Zäherlidi,
Ýykdy derhal.
Ýigrenç borjuny haklady,
Lenin diri galdy herhal.

Zäherden müñ esse beter,
Kesel ajal bolup ýykdy.
Ölümden etmedi heder,
Ýene diri bolup çykdy.

Ara salyp elli ýyly,
Lenine jeza berdiler.
Ony ýat tutan "wepaly",
Çyn dogmatlar öldürdiler.

Abdyreşit TAŞOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1989 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Haweran | Теги: Abdyreşit Taşow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 29
0
27 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Goşguda pikir bar, duýgy ýok. Bu bolsa ony goşgy bolmak bagtyndan mahrum edýär.

0
28 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Ленин барадакы гошга дуйгы нэмэ герек. Ленин пикир адамы, дуйгычыл адам дэл-э ))

0
29 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Men Lenin barada däl, goşgy barada aýdýan.

0
26 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Narmanny bolyň

0
23 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Oo Jen)

-1
12 myhman   [Mowzuga geç]
tüweleme, @taryhça bat alyp gelipdir. badyny gowşatman gidiberse taryha belli şahs bolup ýetişjek. ýeri, badyňy gowşatma. bizem guwanaly "bizden şeýle sahs çykdy" diýip. sen bir biz ýaly nalajedeýin bolma.

meňkä, näme, öňem bir guşuň diýşi ýaly, tarapym belli bolsun diýen ýaly. şoňüçin bolmagam ahmal leninem, gitlerem... halamok.

1
19 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Taryhy şahs bolmanymyzda öz pikirimiz, öz garaýşymyz bolmaly dälmi. Nähili adamaý siz?

0
22 hoşowaz   [Mowzuga geç]
@myhman, Teswir ýazmak, orta pikir oklamak mümkinçiligi diňe sizde bardymy?

0
24 myhman   [Mowzuga geç]
@hoşowaz we @taryhçy, pikiriňi arkaýyn ýazybermeli. her kimiň pikiri meňzeş bolmaly diýen zat ýok, elbetde.

käbir pikire geň galmak, olary bir zatda aýyplamak dämikä diýýän.

ýöne ýazan zadyň aşagyna şular ýaly jümleler ýazylsa, bir zatda aýyplanýan ýaly bolýa:

- Hiç kim goşgyda aýdyljak bolnan esasy pikire düşünmändir.
- ýatlasañyzam ýa-da ýatlamasañyzam ony XX asyryñ türkmen taryhyndan, medeniýetinden, edebiýatyndan syryp-süpürip aýryp bilmersiñiz.
- bilip bilmersiñiz...

aýratynam

- Diñe idealsyz mahluklar, beýnisi boş mankurtlar, mal sürüsi ýaly çopansyz jemgyýetiñ akyllysyraýan agzalary başgalardan, duşmanyndan, garşydaşyndan zat öwrenmez, ony inkär eder, ony tanamaz.
- Akmak dostdan akylly duşman ýagşydyr.

- Teswir ýazmak, orta pikir oklamak mümkinçiligi diňe sizde bardymy?

onsoň olara jogap berseň birhili, bermeseň başga hili biynjalyk bolýaň.

-1
11 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Gürjüstanyñ eks-prezidenti Mihail Sakaşwili 2024-nji ýyla çenli öñki SSSR-iñ territoriýasyna girýän, Kawkaz (Azerbaijan däl) we Ýewropa platosyndaky döwletleriñ gaýtadan birikip SSSR-i dikeltme ähtimallygynyñ bardygyny aýdýar. Sakaşwiliniñ sözi dogry çykarmy ýa ýalñyşjakmy aýdyp biljek däl, ýöne diñe şunuñ özem Leniniñ we onuñ taglymatynyñ henizem ölmändigini we onuñ öwrenmäge, seljermäge mynasypdygyny görkezýär

1
10 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Akmak dostdan akylly duşman ýagşydyr.

2
9 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Diñe idealsyz mahluklar, beýnisi boş mankurtlar, mal sürüsi ýaly çopansyz jemgyýetiñ akyllysyraýan agzalary başgalardan, duşmanyndan, garşydaşyndan zat öwrenmez, ony inkär eder, ony tanamaz.

1
8 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Şular ýaly bir halky, bir jemgyýeti (hatda zalymlyk bilenem bolsa, kä ýerde gan dökübem bolsa) yzyna düşürip bilen, dünýäniñ ykbalyny özgerdip bilen şahsyýetlerden kimdigine, milletine, dinine, garaýşyna, ideýasyna garamazdan öwrenmäge zat kän

0
13 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
"Öwrenmäge zat kän"
Sapak edinmek üçin owrenmäge zat bolsa howa öwrenmäge zat kän.

1
7 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Bular ideallary bolan beýik şahsyýetler!

0
14 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
"Beýik"

Zalymlykda beýik.

1
18 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Men keramatlylykda beýik diýmedim dostum ))

0
25 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Onda beýik sözi goşa dyrnak içinde ýazaýmaly ekeniň.

1
6 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Meñ özüm-ä Lenini häzirem gowy görýän. Diñe Lenini däl, illeriñ näletläp biläýjek ähli beýik şahsyýetlerini - Lenini, Stalini, Gitleri, Mussolinini, Çerçili, Napoleony, Iran Groznyny, Pýotr I-y, Çingiz hany, Teýmirleñi, Nedir şany, Aleksandr Makedonskini, Skobelewi, Mao Szeduny...

0
15 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Orslaryň aýdyşy ýaly: "ни чего личного"

Eger- de seň birinji derejeli ýakyn garyndaşyňy açlykdan, sowukdan öldüren bolsady Stali ýa-da Lenin, şeýle hä diýmezdiň.
Orslar halanogow şol şahsyýetleri. Orsyýetde Bir firma mekdep depderlerinde Leniniň, Staliniň suduruny goýany üçin boýkot etdiler zalymlaryň suduryny depderden aýyryn diýip. Bilýäňmi näme üçin. Sebäbi eden zalymlygynyň parhynda bu adamlar. Gitler 20. Stalin 45 million adamyň olümine sebäp boldow agajam.
Halaýan bolup bilersiň. Ýone sen öz milletiňi, watanyňy halaýan adam däldirsiň diýip pikir edýän.
Gaty ģörme agam. Ýöne jogapsyz goýup bilemok. Bu ýazanlaryňy her kim okaýar sebäbi.

0
17 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Skobelewi halaýan diýmegiň nämaý.
Onuň eden bize zalymlyklaryndan soňam halaýan bolsan "agamjan", sen oz nikneýmiňi "taryhçy" sözüni çalyş. Ýa-da "ýewropawed taryhçy" nikneýime çalyş.
Gökdepede bize eden zalymlygyndan soň nädip aýdyp bilýän halaýan diýip. Onuň özem (Atajan Taganyň aýdyşy ýaly Kobelew) it diýsänem Skobelew şol zalymlyklardan soň tarpa taýyn bir ýyl geçmänkä öldow ýüregi çydamany oz eden zatlary üçin.

1
20 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Sözümi ýoýmañ-da agam. Men "halaýan" diýmedim. Halamak başga zat, gowy görmek başga zat. Aslynda men "gowy görýän" diýip ýöne aýdaýdym. Gowy görýän diýsem meñ olara söýgi besleýän ýerim ýok, emma ýigrenjem beslämok. Ýagny meñ gowy görşüm Jelaleddin bilen Çingiz hanyñ biri birine nähili ganym duşmanam bolsalar, biri birini çäksiz hormatlaýşy ýaly...

0
21 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Bagyşlarsyn dogrydanam "gowy görýän" diýipdirsiň.

1
5 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Onuñ yzyndan gelenler bilenem şeýle.
Ne Lenini öwýänler, ne ony ýamanlaýarlar, Leniniñ kimdigini, näme edip näme etmändigini doly bilip bilmersiñiz...

1
4 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Ýagdaý şeýle bolansoñ taryhyñ dili 1921-i görkezende näme, 2021-i görkezende näme. Taryhdan sapak alynmansoñ taryh mydam gaýtalanyp dur. Leniniñ adyny bolsa häzir 2021-ä däl, ýene 3021-de ýatlasañyzam ýa-da ýatlamasañyzam ony XX asyryñ türkmen taryhyndan, medeniýetinden, edebiýatyndan syryp-süpürip aýryp bilmersiñiz. Ajysy bilen süýjüsi bilen tutuş 74 ýyllyk taryhymyz Lenin bilen baglanşykly.

0
16 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Taryhymyzyň 74 ýyly şol şahsyýet bilen baglansykly dogry. Ýöne halamak hökmän dälä.

1
3 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Hiç kim goşgyda aýdyljak bolnan esasy pikire düşünmändir. Men düşündim. Dünýäniñ ähdiýalanlygy, adamlaryñ wepasyzlygy, ikiýüzlüligi. Goşgyda:
"Ara salyp elli ýyly,
Lenine jeza berdiler."
-diýlişi ýaly, bugün hudaýa çokunýan ýaly çokunan adamlaryny ertir gara ýere sokjak "wepalylar" kän.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
ýyl: 1989
dowür: perestroýka
gazet: "edebiýat", "sungat"
şonda-da "lenin" diýýä Abdyreşit. gaty gowy görýän bolmaly-da.

1
2 mango   [Mowzuga geç]
geň görmeli däl.
sebäbi Abdyreşit daýylaryň "boş çüýşesiniň" merkezinde ilki bilen ullakan kelleli kiçijek boýly Lenin baba otyrdyldy. galan zatlary, daşy, çägesi, suwy... onuň üstüne guýuldy.
indem, ýyl 1989-am bolsa ol ortada galan Lenini çykarmak kyn, ýa-da mümkin däl....
----
kakam eteist däl.
leninçem däl.
hassa ýatan döwürleri, dokument saklaýanja çemodanjygyny tertipletdi maňa.
içinden ýa kitap, ýa-da gazet.... garaz meşhur XXXX agaň ateistik makalasy çykdy.
şonda kakama diýdim:
-şu zatlara ynandyňyzmy?
-wah, ynanmasagam, kellämizde hapasyny galdyrýan eken...
----
goşguda "wepalylaryň" Lenini satyşlaryny agzaýar.
belki olar başda-da zorlanyp "wepaly: edilendir.
-----
ýene ýatlama.
kiçiräkkäm atamyň part biledini görüp sorapdym:
-ata, sen kommunistmi?
jogap:
-ýok oglum, partiýa girmeseň wezipe ýok...

umuman, 2021-nji ýylyň içinde Lenini ýatlatdylar, sag bolsunlar...
ýöne "ýatan ýeri ýagty bolsun" diýip biljek däl.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]