21:14
Awtobus
AWTOBUS

Awtobus. Ýol. Baglar. Adamlar. Daglar.
Pikirler. Çukurlar. Nämälim ýüzler.
Gör, näçe maksatsyz gözler bar eken,
Oña bolsa şaýat şu asman, düzler.

Gussalar. Şatlyklar. Aýly gijeler.
Aşyklar. Gözlerde bagtyñ şatlygy.
Erkinlik. Öz-özüñ bilen galmaklyk.
Eje-kaka. Ene-ata. Agtygy.

Aýlanýan döwürler. Öwrülýän ýollar.
Gallery süllermegi, pyntyklamagy.
Halys ejizlige duşan pursatlañ
Ýakynlaryñ doldurmagy damagy.

Paýhas. Umyt. Pursat. Geçmeli ömür.
A ol geçip barýar, şol geçip barýar.
Kim şumahal mündi awtobusyna,
Kimler üçin bolsa awtobus durýar...

Suraý BABANYÝAZOWA,
Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabyndaky 6-njy hünär okuw mekdebiniñ mugallymy.

"Biznes reklama" gazeti, 17.02.2020 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Haweran | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
0
4 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Hawa,Mergenawcy

0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Hawa,DURMUŞ hasiyeti bilen hemme taraplayyn ,,bezelen" goşgy.Ajap şygyr.Ykjam filosofiya teswiri.Yaşayyş taglymaty we ynsanyyet hasiyeti.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
@Garaýolly aga, siz öňki @Mergenawçymy?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
haladym.
ýol. duralga. awtobus.
biri müner. biri düşer.
goşgyň gurluşam gyzykly.
sahna gurýan ýaly, diňe gerek sözleri serpişdirip barýar, aktýorlary ýerbe-ýer edip.
oklanan her sözüň arkasynda-da bir simwol ýatan ýaly.
ýol. bag. dag. pikir. çukur. nämälim ýüz. maksatsyz göz.
asman. düz. gussa. şatlyk. gije. aşyk. erkinlik. ýeke galmak.
eje. kaka. ene. ata. agtyk. süllermek. pyntyklamak.
ejizlik. damak dolmak. paýhas. umyt. pursat. ömür..
hemmesi awtobusdan münip-düşýänçäň…
—-
Suraý hanym tapawutlanyp bildi.
üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]