20:55
Akjasüñk
AKJASÜÑK

Akjasüñk - gijelerine çagalar tarapyndan oýnalýan türkmen milli oýny

Her gezek obama ýola şaýlansam,
Ýaz ýaly gysgalýar alys aralyk.
Her gezek obama ýola şaýlansam,
Alys ýola ýoldaş bolýar çagalyk.

Her gezek obama ýola şaýlansam,
Ak ýollarda ýoldaş bolýar akjasüñk.
Akjasüñküm señ yşkyñdan aýlansam! -
Ýeñledýäñ sen çagalygmyñ ökjesin.

Ýada düşseñ kuwwat tapýar dyzlarym,
Meniñ akjasüñküm, çagalyk höwrüm.
Çagalykda kän ýüwrüpdim yzyñdan
Bu gün señ yzyñdan ýüwürýär göwnüm.

Akjasüñküm - bir çemlije akja süñk!
Aýlap-aýap zybyrdadyp zyñardyk.
Soñ eñerdik "tapyrdyk-da-tapyrdyk"
Tapardyk-da, tarpymyza eñerdik.

Bu gün ýene men obamyñ myhmany,
Ýola çykyp garşy aldy çagalyk.
Ýollaryma mahmal bolup düşeldi
Akjasüñk oýnalan akja çägelik.

Men seni tapmadym, eý akjasüñküm,
Tapmadygma müýnli ýaly dymdym kän.
Ýa kütelşip ýörenmikä gözlerim,
Sen nirede, haýsy ýana zyñdymkam?

Akja çägelerden sorasam seni,
Jogap bermäñ ýerne olaram dymýa.
Akjasüñküm sen nirede, nirede? -
Seni has alysy zyñaýdymmy ýa?

Kasym NURBADOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 10.04.1987 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Kasym Nurbadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Bizem aksüňk oýnaýardyk...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]