20:53
Sübsegär
SÜBSEGÄR

Kesekiñ toýunyñ gaýnatdy çaýyn,
Kesekiñ ýasyny özi deñ sowdy.
Hapa adam üçin misli kir sabyn
Bolup ýüreginiñ kirini ýuwdy.

Ony edil kir sabyn deý ulanyp,
Soñam ýatdan çykardylar hemmeler.
Ol ýagşylyk etdi soñuny saýman
Hem diýmedi: "Ýagşylygym kim biler?!"

Durmuşdaky kärem sübsegärlikdi
Süpürerdi şäher troturarlaryn.
Deñ-duşlary kemsitse-de kä ony,
Bilýärdi käriniñ ygtybarlygyn.

Sebäp kelemenläp gaýtmajagyny
Bilýärdi "dereje merdiwanyndan".
Sübsesini bolsa alan günleri
Tapjakdy islendik meridianlardan.

Şol sübsesi bilen geçirdi ömrün,
Ýazyny, gyşyny, gyzgyn tomsuny.
Ägirt adamçylyk duýgusy bilen
Syrdy köçeleriñ hapa-tozuny.

Betküýliniñ bet küýünem köçe deý
Syryp-süpürmekdi onuñ hyýaly.
Hemmelerden giç ýatsa-da her agşam,
Hemmelerden ir görýärdi kuýaşy.

Bir günem ol goja turup bilmedi,
Terk etdi ol bu dünýäni şeýdibem.
Az salymdan ördi şäher milleti,
Hiç kim ýokdy gapdalynda meýdiniñ.

Hemmeler iş diýip eñil barýardy,
Kimseler maşynly, kimse pyýada.
Kimseleriñ kellesinde telpegi,
Kimseleñki bolsa açyk howada.

Ýadyna-da düşenokdy adamlañ
Ne sübsegär, ne-de onuñ sübsesi.
Ölüp ýatan bendäni oýardy,
Özi ýaly sübsegäriñ "TUR..." sesi.

Durdymuhammet GURBANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 21.04.1989 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Haweran | Теги: Durdymuhammet Gurban | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy eken

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]