20:29
Dünýä kartasynyñ öñündäki oýlanma
DÜNÝÄ KARTASYNYÑ ÖÑÜNDÄKI OÝLANMA

Ýüz reñke boýalan
Bu ýeriñ Şary:
Ýaponiýañky - mawy,
Hytaýyñky - sary.

Goñurda- Amerika,
Gyzylda - SSSR...
Göwnüñe bolmasa,
Bar zat ýerbe-ýer.

Kä reñk Haýyryñky,
Käsi Şeriñki...
Adamlaryñ bary
Ene ýeriñki.

Meñ elimde bolsa dünýäñ ykbaly,
Ýeriñ ajap suratyny çekerdim.
Ele kisti alyp, bu Şary doly
Ýeke reñke boýaşdyryp çykardym.

Akmyrat HOJANYÝAZOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 26.06.1987 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Akmyrat Hojanyýaz | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 Arzyman   [Mowzuga geç]
Ýöne ol biziñ elimizden gelmese gerek.

0
9 Arzyman   [Mowzuga geç]
Nesip bolsa, bolar. Başky niýetem şoldy ahyry.

0
8 Taryhçy   [Mowzuga geç]
EDEP - Dünýäniñ iñ uly we hemmeleriñ nesiplenmeýän ylmy eken.

0
7 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Şahyryñ adyny ýañsylaman goşgynyñ pikiriniñ üstünde çekişmek kyn zat bolmaly-da şeýle

1
6 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Ýer şary biziñ ählimiziñ watanymyzdyr. Ählimiz Adam atanyñ nebereleridiris. Goşgynyñ öñe sürýän pikiri "Iegowanyñ şaýatlary" dini akymynyñam esasy prinsipi bolup durýar. Diñe o däl, ähli dinleriñ öñe sürýän ideýasy şeýle.

0
5 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Akmyrat şahyryñ şu goşgudaky ýagşy arzuwyny, romantiki oý-hyýalyny haýsydyr bir syýasy ideýa bilen baglanyşdyrmak birtaraplaýynlyk bolar.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
ýeke reňkli şar.
ýeke reňkli şäher.
elinde bolşa şahyryň
hemmämize ýeke at dakardy
Akmyrat.
hemmämiz Akmyrat
hemmämiz ak.
ýok.
üç gezek ýok.
bolmawersin beýle zat.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Gitler, Makadonskiý, Teýmirleňk...

0
3 Revo   [Mowzuga geç]
Menem, şu goşgyny okanymda siz bilen aýny pikirdedim. Dünýä kartasyny bir reňke boýamak, faşistik ideologiýa.
Awtoryň habary ýokdyrda, bir reňk dälde, birnäçe reňkleriň, biziň dünýämizi, durmuşymyzy, bezeýändiginden...

0
4 mango   [Mowzuga geç]
hawa.
dünýäni gyzyl reňke boýajak bolup gaýrad-a etdiler (gan baryny döküp).
dünýäni bir reňke boýamagyň nädogrydygyna düşündik (öýdýän).
indi siz, täze nesil dünýämize reňk çaýmaly, durmuşymyzy reňkli etmeli...
size gaýrat dileýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]