20:22
Hüşgärlik / gysga ýumor
HÜŞGÄRLIK

Garawul kärhananyñ derwezesinden çykyp barýan maşyny saklady.
- Yzky oturgyjyñdaky näme?
- Ot.
- Köpmi?
- Aý... Bir halta.
- Nireden aldyñ?
- Hol çöp-çalam basyp ýatan ýerden.
- Düşür.
- Näme üçin,
- Sebäbi, ol ýer zawodyñ territoriýasy.
- Ýarymja halta alsam bolmazmy?
- Bolmaz. Düşür.
- Bolýar, düşüreýin - diýip, sürüji hüñürdedi.
- Bar, indi gidiber. - Garawul biraz ýumşaşdy.
Maşyn tigirlenip, derwezeden çykdy. Sürüji ýoldaşyna ýüzlendi.
- Gördüñmi, nädip onuñ gözüne çöp atdym?
- Kimiñ?
- Ýañky akmak garawulyñ.
- Ol seniñ eliñden otuñy alyp gald-a.
- Oña Derek münüp barýan maşynymyz ogurlyk.

Paul NEGOLESKU,
Rumyniýa.

Rusçadan terjime eden: Dädebaý ÝAGŞYMYRADOW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 61 | Добавил: Haweran | Теги: Paul Negolesku | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 1
0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Ýylgyrtdy...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]