20:22
Diýmedimmi saña: "Saýrama turaç!"
DIÝMEDIMMI SAÑA: "SAÝRAMA TURAÇ!"

(Azerbaýjan şahyry F.Mehtiden)

Sen näme, sen näme saýradyñ, turaç?!
Saýradyñ - soñuny saýmadyñ, turaç.
Namañy ýürekden okadyñ, turaç,
Oýatdyñ ýatany ukudan, turaç!
Namañ durlap gitdi dünýäñ howasyn,
Senem yzyn yzlap uçduñ owazyñ.
Maksadyñ ýetmekdi yzyndan sesiñ,
Ýöne ok ýetdi-dä yzyñdan seniñ.
Bilinmedi seniñ uçan-uçmanyñ,
Owazyñ özüñe bolup duşmanyñ...

* * *

Çynara bakyp bildim,
Beýikligin asmanyñ.

Ýyrtyp bulut perdesin,
Göterip durdy ony.

Kimkä çynary ýykyp,
Gögi golaý getiren?!

Seýitmämmet HYDYROW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 06.10.1989 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Seýitmämmet Hydyrow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Çynara bakyp bildim,
Beýikligin asmanyñ.

Şu iki setiri okasaňa, çynar kelte, asman beýik.

Ýyrtyp bulut perdesin,
Göterip durdy ony.

Bu iki setirem, birinji bende garşydaş many berýän ýaly...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]