20:13
Düşünişmezlik
DÜŞÜNIŞMEZLIK

Şeýle pursat geldi -
Men ýeke galdym.
Ne ýakynym,
Ne dostum bar ýanymda.
Tutyny goýberip,
Aýnany ýapyp,
Bir aýylganç gygyranym ýadymda.

Şeýle bir gygyrdym -
Ýassygy çeýnäp!
Öz sesime gulaklarym gapyldy.
Ötegçi akyp dur eýläk-de beýläk,
Ne-hä eşden,
Ne-de gelen tapyldy.

Dost-ýaryma ýeke-ýeke jañ etdim.
Kimsi öýünde ýok,
Kim zerur işli.
Ot alan otagda galan güjük deý,
Ýürek urnup-urnup, ýerinden süýşdi.

Ýene-de gygyrdym penjirä bakyp,
Tapylmazmy, hiý, göwünlik berenler?
...Birniñ sesi geldi:
"Henizem bar-ow
Mesligine çydap bilmän ýörenler!.."

Şiraly NURMYRADOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 11.09.1987 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Haweran | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]