01:20
Seks kassetasy
SEKS KASSETASY

Bodrumda bir oteli göz öñüne getiriñ: adyna "Palmira" goýdular, soñ "Divan Palmira", soñ "Rixos", soñ "Golden Savoy", soñ "Jumeirah Bodrum Palace", soñ "Paramount Hotel", soñ "Duja Be Premi­um" boldy. Otel häzirlikçe bu iñ soñky ady bilen işleýär. Oteliñ iñ soñky eýesi bolup görünýänem Şaban Kaýykçy!
Şaban Kaýykçynyñ adyny bir ýerlerde eşdenim ýadyma düşýär. Ahyryn tapdym, sizi on ýyl yza äkideýin: ol wagtlar AKP bilen MHP soýuzdaş däldi...
MHP-niñ halk deputaty Mehmet Ekiji bir satuw üçin ýöriteläp işledi. Ol meseläni Ýokary Halk mejlisiniñ (TBMM) baş gurultaýynda gozgamak isledi, söz sözlemäge rugsat berilmedi.
Ekerançylyk ministri Mehdi Ekere dürli soraglary ýöneltdi, "döwlet syry" bahanasyna duwlanyp jogap berilmedi.
Respublikan prokuratura aýyplaw haty bilen ýüzlendi, ses-üýn çykmady.
Premýer-ministrligiñ garamagyndaky Gözegçilik gullugy bilen Prezidentiñ garamagyndaky Döwlet Deñeşdirme gullugyna ýüz tutmagy meýilleşdirýärdi, birdenem onuñ syýasy karýerasyna nokat goýdular! Türkiýe saýlaw döwrüni alkymlap gelýärkä FETÖ-nyñ guran duzagy netijesinde (BoraJet-iñ hojaýyny FETÖ agzasy Faruk Baýyndyryñ maliýe hemaýatkärligindäki) saýtlaryñ birinde ýaýradylan seks kassetasy sebäpli 2011-nji ýylyñ 20-nji maýynda halk deputatlygyna dalaşgärlikden öz islegi bilen el çekmäge mejbur boldy.
MHP-li Mehmet Ekijiniñ gozgajak bolýan meselesi näme hakdady?

• BIR SYR BAR

GÜBRETAŞ / "Gübre Fabrikaları Türk A.Ş."
Ekerançylyk pudagyny himiki dökünler bilen üpjün etmek üçin 1952-nji ýylyñ 6-njy noýabrynda bu döwlet kärhanasynyñ düýbi tutuldy.
1993-nji ýylyñ hususylaşdyrma çärelerinden soñ Türkiýäniñ Ekerançylyk kredit kooperatiwleri "GÜBRETAŞ"-yñ esasy paydary boldy. Birnäçe ýyldan soñ başga paýdarlaram orta çykdy. Meselem:
- "TARNET Tarım Kredi bilişim Hiz. San. Tic. A.Ş" (Şereketiñ websaýtynyñ "Hakkımızda" bölümi eýýäm birnäçe ýyllap taýýarlyk tapgyrynda) bardy…
- "TARKİM Bitki Koruma San. Tic. A.Ş" bardy… (Şu ýerde ýokarda ady agzalan Faruk Baýyndyryñ (FETÖ gaçgagy-BoraJet-iñ eýesi) "TARKİM Havacılık" şereketine-de eýeçilik edýändigini belläp geçsek gowy bolar.) Dowam edeliñ:
Ýene bir şärikdeş "Gübretaş Maden Yatırımcıları A.Ş." (Munuñam ýörite websaýty taýynlanyp ýör!)
Iñ uly şärikdeş - "Razi Petrochemical Co". Websaýty bolsa pars dilinde ýöredilýär.
Bärde bir syr gizlenýär. MHP-li Mehmet Ekiji bu syr bilen baglanyşyklydy. "Razi" daşyndan göräýmäge Eýranyñ şereketi ýaly bolup görünýärdi, emma beýle däldi:
"Gübretaş" Eýranda 2008-nji ýylda hususylaşdyrylan bu "Razi" atly dökün zawodyny 656 million dollara satyn aldy. Emma: "Gübretaş" aksiýalaryñ 47%-ne eýeçilik edip durka, 23.91%-lik paý tenderiniñ öñüsyrasy gurlan bir firma we 11.95%-lik paý bolsa batan bir şerekete, özem hiç hili maýa goşandy bolmasa-da berildi! (Aksiýanyñ 16.68%-lik bölegi-de eýranly şereketiñ we "Razi"-niñ işgärleriniñ arasynda paýlaşyldy.)
Ýeri, iki türk şereketi kimiñkidi?

• DIÝARBEKIR LOBBISI

Konsorsiuma degişli edilen şereketlerden...
Olaryñ biri 2008-nji ýylyñ 31-nji ýanwarynda 5 million türk lirasynyñ (öñki puldan) hasabyna gurlan "Asya Gaz A.Ş"…
Beýlekisi-de 88.500 türk lirasyndan (öñki puluñ hasabyna) kreditini üzüp bilmändigi üçin suda berlen "Ta­bosan Mühendislik A.Ş."
"Asya Gaz A.Ş." şereketiniñ işi 2008-nji ýylyñ 31-nji ýanwarynda söwda işlerine birikdirildi.
Onuñ işi nebit we nebit önümlerini öndürýän binalary gurmak, ýöretmek, nebit we himiýa önümleriniñ eksportyny we importyny dolandyrmakdygy aýdyldy. Gowy zat welin, bärde ýene bir zat bar...
Hiç hili iş tejribesi bolmadyk, gaznasy, balansy we ýokarda aýdylýan wagtda alyp barýan işi bolmadyk "Asya Gaz A.Ş." şereketine "Vakıfbank", "Halk­bank" ýaly banklar 2008-nji ýylyñ 7-nji aprelinde 20 million ýewro kredit berýär! Jikme-jiklikleriñ barsyny orta döküp kän wagtyñyzy almaýyn.
Sorag şu: "Gübretaş" eýran şereketi "Razi"-ni bir özi satyn almaga mümkinçiligi barka, kimdir biri heniz ýigrimi günlük "bäbek" "Asya Gaz A.Ş" we beýlekisi-de suduñ karary bilen batyrylmak islenen "Tabosan Mühendislik A.Ş." firmalary bilen nämüçin şärikdeş edildi!
Şol wagtyñ Ekerançylyk ministri Mehdi Eker bu sowallara "döwlet syry" diýen bolup jogap bermedi!
Mehdi Eker diýarbekirli ildeşi "Asya Gaz A.Ş."-yñ eýesi Şaban Kaýykçyny goradymy?
Düýnki güne çenli Diýarbekir etrabynyñ Ekerançylyk bölüminde ýönekeý işgär bolup işlän Şaban Kaýykçy nädip birdenkä gysga wagtyñ içinde bular ýaly ummasyz baýlygyñ eýesi bolup bildi?
Şaban Kaýykçynyñ arkasynda ýigrimi ýyllap Erdogana has golaý durýan haýsy diýarbekirli AKP halk deputaty bar?
Bodrumyñ otel meselesi "Razi"-niñ ýanynda wiýtjik...


Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.07.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 159 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 4
0
4 Allaberdi   [Mowzuga geç]
*diýmändirler-mi

0
3 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Ehh, "Sezaryñ hakyny Sezara ber" diýmändirlermi.
Soner Ýalçynyñ haky Soner Ýalçyn-a...
Ýazýan makalalaryndan, şu gezekkisin-dä mertebesi belent "CHP"-siniñ ady geçmändir (öýtýän, çalarak göz gezdirdim). Ösüş bar.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
ekşi sözlük diýip sahypa bar.
şondan sorap gördüm "SÖZCÜ" gazeti barada.

https://eksisozluk.com/sozcu-gazetesi--2749683

diýdi:
yobaz, ırkçı ve karanlık türkiye'nin mimarlarından birisi olan paçavra yayın organı.
Тряпичный медиа-орган, один из архитекторов фанатичной, расистской и мрачной Турции.
(gugl daýyň terjimesi)

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Biziñ ü.n gyzyksyz ýalam welin.. ýokarlarda bir ýerlerde nämeleriñ bolup geçýändigine (gozgalýan meseleleriñ haýsysyny haýsy taraplaýyn alanda-da) akyl ýetirmek ü.n gyzykly maglumat. (Horaz hemme ýerde deñ gygyrýar.)
Biziñem hakykatlara gulluk edip bilýän şular ýaly 5-3 sany žurnalistimiz bolsa bolmyýamy...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]