18:51
Görsene özgerip bilşim...
GÖRSENE ÖZGERIP BILŞIM...

Ýekeje  zatdy islegim:
Men özüme, öňküligme  dolansam.
Seret, bolşum...
Ruhum göwräm bilen sersepil yrap,
Syrly gijelerde, çeken hasratym,
Geçýän günlerimi gussama sarap,
Ýalňyz yşkym bilen özgerip bilşim.

Iň soňky ýapragyn baldakda saklan,
Teşnelikden guran gülüň solşy deý,
Umydym ýitirmän ýaşajak bolşum.
Gör, bir wagtky hondanbärsi keşbini
Dünýäni topukdan saýmaýan gyzyň,
Tumşugy ýokarda gedemjäň bolşun.
Indem mertsirän bolup iliň ýüzüne,
Ýalançyň ýüzünde azaşyp ýörşün.

Çolaran dünýäde yşk bilen galyp,
Ökünç bilen ötünç sorap sabada,
Ýaradana ýalbaryplar,
Ýadyrgaplar dünýeden.
Golun serip,
Sabyr diläp
Garaşýanyny, gör, näbelli zada.

Iki jahan owarrasy janyny
Saklap bilmän çalajan ruhda
Ne ýazyp bilşini gör,
Ne ýaşap bilşin...

Bilbil KAKABAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 MмС   [Mowzuga geç]
Awtora ustunlik

0
4 MмС   [Mowzuga geç]
Ruhum gowram bilen sersepil yrap- sintaksisinde nasazlyk bar /yrap sozi artykmac yada onundaki sozlerin gosulmasy nabelli tertipde goyulan. Yagny sozleme gelenok. Sun yaly nasazlyklar basgada birki yerde bar.
Gosgy erbedem dal yaly. Yone wah diydiryan setirin ya-da pikirin yoklugy gosgudan garasyan lezzetimi berip bilmedi

0
3 puo   [Mowzuga geç]
молодец.

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
"Nämälim hyýal" goşgymy ýada saldy. Zenan diline (ýa-da zenanyñ ýüz synasyna-burnuna) "tumşuk" (diýmek) gelişmeýän ýaly.

0
1 Zyýada   [Mowzuga geç]
Hormatly agzalar meniň goşgyma gymmatly pikirlerňizdir maslahatlarňzy ýazyp syn berseňiz sizden hoşal bolardym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]